7-nji martda, Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň öňüsyrasynda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň "Merkezi" bazarynda azyk harytlarynyň bahasy duýdansyz 40%-e çenli gymmatlady. Muňa bazarda alyjylaryň sanynyň, adatdaky günlere garanda, bäş esse çemesi köp bolmagy sebäp boldy.
Bu waka, prezidentiň ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň nyrhlarynyň esassyz ýokarlandyrylmagyna ýol berilmezliginiň zerurdygyny nygtamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Degişli maglumat Baýramalyda azyk harytlary gymmatlaýar"Baýramçylyk mynasybetli býujet işgärleri gysgaldylan iş tertibinde işlediler we öýlän sagat 1-de işden çykdylar. Olaryň köpüsi baýramçylyk saçagyna azyk önümlerini satyn almak üçin bazara bardylar. Bazarda adam juda köpdi" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 7-nji martda aýtdy.
Bazardaky söwdagärler alyjylaryň köp bolmagyndan peýdalanyp, azyk harytlarynyň bahalaryny duýdansyz ýokarlandyrdylar. Bir gün ozal bir kilogramy 80 manat bahalanan süýji we köke önümleri 120 manada, 15 manat bolan tüwi 25 manada çenli gymmatlady.
"Gymmatlan harytlaryň arasynda azyk harytlarynyň dürli görnüşleri, şol sanda et we balyk önümleri, süýji we kökeler bar. Öň bir kilogramy 10-12 manat bahalanan hyýar 15 manada, 13-14 manat bahalanan pomidor 17 manada, 100 manat bahalanan şor şänik we pisse 120 manada, bir litr günebakar ýagy 30 manatdan 35 manada gymmatlady. Balyk etiniň bir kilogramy 80 manada çenli çykdy. Satyjylar baýramçylyk günlerinde söwdanyň boljagyny bilip, nyrhlary özbaşdak galdyrdylar" diýip, habarçy belledi.
Onuň sözlerine görä, bazar administrasiýasy ýa salgyt gullugy bahalara gözegçilik etmeýär. Olar alyjylaryň bu barada edýän şikaýatlaryna hem gulak asmaýarlar.
Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada bazar administrasiýasyndan we sebitiň salgyt gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Degişli maglumat Balkanda baýramçylygyň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk arzançylygy uzaga çekmediÝöne bu waka, prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda gök önümleriň, beýleki azyk harytlarynyň nyrhlarynyň esassyz ýokarlandyrylmagyna ýol berilmezliginiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Döwlet baştutany Ministrler Kabinetiniň 3-nji martda geçirilen mejlisinde azyk önümleri hem-de halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjünçiligi durnukly ýagdaýda saklamagyň zerurdygyny hem belledi.
Türkmenistanda prezident adatça baýramçylyklaryň öňüsyrasynda çykyş edip, azyk harytlarynyň gymmatlamagyna ýol bermezlige çagyrýar. Munuň netijesinde, käte baýramçylyk günlerinde azyk "bolçulygy we arzançylygy" üpjün edilmäge çalşylýar, käte-de munuň tersine, harytlaryň bahasy öňküsinde-de has köp gymmatlaýar.
Ýanwaryň başynda Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz Täze ýylyň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk bolçulygynyň, köpdürliliginiň we arzançylygynyň täze ýylyň birinji hepdesiniň ahyryna çenli hem saklanmandygyny aýtdylar.
Degişli maglumat Baýramçylyk günlerinde maryly telekeçileriň müňlerçe kilogram azygy zaýa boldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.