Mary – Türkmenabat ýolunda heläk bolanlaryň arasynda är-aýal hem bar

Illýustrasiýa suraty

Geçen hepde Mary-Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda dörän ýol hadysasynda ölenleriň arasynda bir maşgaladan bolan jübüt hem bar. Azatlygyň habarçysy 28-nji fewralda ýüze çykan ýol heläkçiliginiň käbir goşmaça jikme-jiklerini anyklamagy başardy.

Mundan bir hepde ozal, Azatlyk Türkmenabatdan Mara gaýdýan takmynan 200 kilometrlik awtomagistralyň 90-njy kilometrinde, iki ýeňil awtoulagyň pete-pet gelip çakyşandygy barada habar berdi. Hadysada ýedi adam heläk boldy.

Soňky maglumata görä, Mary welaýatyna degişli Lexus kysymly ulagyň içinde iki adam, lebap belgili Toyota Avalon ulagynda hem bäş adam bolupdyr. Heläkçiligiň ýüze çykan pursady ulaglaryň ikisi-de ot alyp, olaryň içindäki ähli adam heläk boldy.

“Lebap belgili ulag Köýtendagdan Aşgabada tarap ugur alýar. Ýolagçylaryň arasynda ýakynda Aşgabatda jaý alan är-aýal hem bar eken. Olar hadysadan üç gün öň Lebapdaky tanyşlarynyň toýuna geldiler we dabara gutaran pursady şäher-ara taksi bilen paýtagta ugradylar. Olar ýany bilen uly mukdarda pul hem alyp gidipdiler. Ol hem ulag ot alanda ýanyp kül bolupdyr. Ýolagçylaryň ýene biri ýerli Gaz üpjünçilik edarasynda işleýärdi. Dördünji ýolagçy hem Köýtendagdan bolup, ol hem şahsy işleri bilen paýtagta ugrapdy” diýip, merhumlar bilen şahsy tanyşlygynyň bolandygyny aýdýan köýtendagly söhbetdeşimiz belledi. Ol merhumlaryň ählisiniň Lebapdaky dogduk sebitlerinde jaýlanandyklaryny hem sözüne goşdy.

Azatlykda ýol hadysasynda heläk bolanlaryň şahsyýeti bilen bagly maglumatlar bolsa-da, merhumlaryň tanyşlarynyň howpsuzlyk howatyrlanmalary sebäpli, olary äşgär etmeýäris.

Degişli maglumat Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda bolan ýol heläkçiliginde ýedi adam öldi

Bellemeli ýeri, Azatlyk bu ýol-heläkçiligi barada ilki maglumat berende, habarçymyzyň hadysanyň bolan ýerindäki şol wagtky söhbetdeşi lebaply ulagda bir maşgalanyň üç agzasynyň, ýagny kaka, eje we olaryň çagasynyň bolandygy barada doly takyk bolmadyk maglumat beripdi.

Şol pursat, bu maglumaty dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda bada-bat tassykladyp bolmandy. Galyberse-de, adatça bolşy ýaly, ýerli häkimiýetler we media serişdeleri hem bu pajygaly hadysa barada häzirki güne çenli dymyşlygy saklaýarlar.

Şol bir wagtda, ýol heläkçiligine ýoluň ugrundaky çäge üýşmeleňleriniň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigi, ulaglaryň biriniň olardan sowa geçjek bolan mahaly, garşy tarapdan gelýän beýleki ulag bilen çaknyşandygy bellenilýär.

Şaýatlaryň gürrüň bermegine görä, gara ýoluň ulag hadysasy bolan böleginde hem çäge üýşmegi bar ekeni.

Degişli maglumat Baýramalyda ýol heläkçiliginde dört adam ýogaldy

“Pajygaly wakanyň bolan ýerinde, ýollarda çägeler arassalanmaýar. Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň hili soňky ýyllarda has-da ýaramazlaşdy. Gara ýoluň tas her bir kilometrinde diýen ýaly çukurlar emele geldi. Ulag tekerleri asfalt ýoluň ugrunda emele gelen çukurlara gaçyp, käte tekerler ýarylýar. Awtoulag tekeleriniň disklary zaýalanýar” diýip, ýerli sürüjileriň biri gürrüň beripdi.

Häzirki wagtda Mary – Türkmenabat aralygynda täze awtobanyň gurluşygy dowam edýär. Ýerli sürüjiler ähli ünsüň täze awtobanyň gurluşygyna gönükdirilýändigini, gelim-gidimli köne awtomagistraly abatlamak işleriniň bolsa ünsden düşürilýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýol-ulag hadysalary boýunça hasabat çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.