Russiýanyň Bahmut hüjümi bat alýar, Zaporižýada asuda adamlar öldürildi

Bahmut, 25-nji fewral, 2023.

Bahmut, 25-nji fewral, 2023.

Russiýa Bahmut şäherine garşy edýän hüjümlerini güýçlendirmegini soňky 24 sagatda hem dowam etdirdi diýip, Kiýew 2-nji martda aýtdy.

Gündogar Donetsk sebitindäki şäheriň ukrain goragçylaryna edilýän ägirt uly basyşlaryň arasynda, öten agşam atylan toplar günortadaky Zaporižýe şäherinde azyndan üç sany parahat adamy öldürdi diýip, sebit resmileri aýtdy.

Ukrain goragçylarynyň yza serpikdiren rus hüjümleriniň sany öňki 24 sagat bilen deňeşdirilende iki esse köpeldi diýip, baş ştab ruslaryň gündogarda we demirgazyk-gündogarda 170-den gowrak hüjüm edendigini aýtdy.

"Duşman Bahmut şäherine zabt etmäge synanyşyp, Bahmut ugrundaky ilerlemesini dowam etdirýär” diýip, harbylar aýtdy.

Zaporižýa şäherine atylan rus toplary bir ýaşaýyş jaýyna degip, üç adamyň ölmegine sebäp boldy, 11 adam bolsa harabalykdan halas edildi.

Rus goşunlarynyň noýabr aýynda yza çekilen şäheri, Dnieperiň günbatar kenarynda ýerleşýän Herson hem artilleriýa okuna tutuldy diýip, harbylar aýtdylar.