10 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen gazynyň iň gowy alyjysy Hytaý hasaplanýar. Ýöne ekspertleriň bellemegine görä, Orsýet Aşgabada täsir etmegiň käbir gurallaryny özüne aldy, indem ony peýdalanjaga meňzeýär.
Häzir şeýle pursat gelip ýetdi, gaza baý Türkmenistan eksport ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy aňsatlyk bilen üpjün edip biljek. Ýöne munuň ýerine Türkmenistan özüni Moskwanyň energiýa çekiş güýjüne gaýtarmaga mümkinçilik berýär diýip, bilermenler aýdýarlar.
Girdejisiniň dörtden üç bölegi ýangyç satuwyna bagly hasap edilýän ýurtda, Russiýa Türkmenistandan tebigy gazyň esasy alyjysy däl.
10 ýyl mundan ozal Russiýany gysyp çykaran, esasy alyjy Hytaý bolup durýar, ol häzir Türkmenistandan Russiýa garanyňda dört esse köp gaz import edýär.
Eger Pekin Aşgabat bilen energetika gatnaşyklarynda däp boýunça diňe iş maksatlaryny amala aşyrsa, Moskwa bilen gatnaşyklaryň giň möçberde syýasy hasaplamalary-da öz içine almagy mümkin.
"Eger ýagdaýa geljegiň giň nazaryýetinden seretseň, Türkmenistan, belki-de, türkmen tebigy gazynyň rus däl ýeke-täk çeşmesi bolup, Ýewropa Birleşigine energiýa geçirijisi gurlanda, has netijeli hem az çykdajyly bolup biljek" diýip, Çatam Housdaky halkara gatnaşyklary boýunça Korollyk Institutynyň (Royal Institute of International Affairs) eksperti Annetta Bor aýdýar.
"Ýöne Aşgabat görnetin Orsýete tarap ýan basýar hem öz gazyny günbatara tarap akdyrmak mümkinçiligini ret edýär. Ol özüniň awtoritar ‘ýaragdaş’ doganlary Russiýa hem Eýrana tarap ilerlemegi saýlapdyr, sebäbi şeýle syýasat ýapyk şertlerde onuň isleglerini goramaga hyzmat edýär" diýip, Annetta Bor sözüne goşýar.
MILLERIŇ SAPARY
15-nji fewralda “Gazpromyň” başlygy Alekseý Milleriň Aşgabat şäherine saparynda, prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de ýakynda özüne "milletiň lideri" diýen täç geýdirilen Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdi. Bu onuň soňky alty aýyň içinde ikinji saparydyr.
Russiýa Türkmenistandan tebigy gaz importyny 2016-njy ýylda nol bolanlygyndan, 2021-nji ýylda, her ýyla 10 milliard kubmetre golaý artdyrdy. Hatda şeýle sanlar hem 2000-nji ýyllaryň ortalarynda 40 milliard kub metrden gowrak gaz akdyrylan iň ýokary derejäniň diňe bir bölegi bolup durýar. Şonda Moskwa türkmen gazyny Ýewropa girdejili eksportdan daşlaşdyrmak üçin ulandy.
Emma bu duşuşyk barada resmi habarda gazyň mundan beýläk artdyrylmagynyň gün tertibinde durýandygy hakda, hiç zat aýdylmady, Russiýanyň energetika ägirdi gepleşiklerde diňe "gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ýoly we geljegi barada" gürrüň bolandygyny nämälim ýagdaýda beýan etdi.
Emma Milleriň bu sapary Orsýetiň halkara gaz bazarlarynda "Gazpromyň" öz täsirini täzeden dikeltmäge çalyşýandygy sebäpli, Türkmenistany bökdemek däl, eýsem öňe sürmek isleýändigi baradaky myş-myşlary güýçlendirdi. Miller 2022-nji ýylyň "agyr ýyl" bolandygyny boýun alypdy.
Kremle ýakyn bolan Orsýetiň Telegram kanallaryndan birine Azatlygyň Türkmen gullugynyň salgylanmagyna görä, Milleriň Türkmenistana iň esasy habarynyň Türkmenistan bilen Azerbaýjany birleşdirýän Transhazar geçirijisini (THG) gurmak boýunça islendik synanyşyga Russiýanyň bökdençlik girizjekdigi bolupdy. Bu taslama Azerbaýjana öz gazyny Ýewropa eksport etmäge mümkinçilik döredip bilerdi.
"Ýöne muňa derek, [Türkmenistan] Eýranyň üsti bilen Türkiýä göni gaz üpjünçiligine gatnaşmak teklip edilýär" diýlip, “Gündogara nazar” atly kanalda aýdylýar. Şol ulgama laýyklykda, "Türkmenistan Russiýa we Eýran tarapyndan döredilýän OPEK-niň gaz analogynyň doly agzalygyna öwrüler we oňa Katar hem goşulmagy göz öňünde tutýar".
"Gazprom" Azatlygyň şu meselede kommentariýa baradaky haýyşyna heniz jogap bermedi.
Hazarüsti gaz geçirijisi bilen uly möçberli gazy akdyrjak turbany gurmak, soňky azyndan 25 ýyldan bäri, Türkmenistan tarapyndan öňde goýulýan maksatlarynyň biridir. Ýöne bu proýekt hatda maýa goýujylaryň aýdyň gyzyklanmasy bolan wagtynda-da, hemişe kynçylyklara duçar bolup geldi.
Bäş kenarýaka döwletiň ählisiniň gatnaşmagynda Hazar deňziniň ýagdaýy hakynda syýasy ylalaşyk, şol sanda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzinde dawaly meseleleri çözmek boýunça ikitaraplaýyn şertnama diňe soňky birnäçe ýylyň içinde baglaşyldy.
Hatda şonda-da, Eýran we Russiýa bu başlangyjy şatlykly garşy alyp barmadylar we daşky gurşawy goramak sebäpli bu taslamany togtatmak hukugyny öňe sürdüler.
Galyberse-de, THG işleýän bolsa, bu gyşda Ýewropa üçin peýdaly bolup bilerdi, ýöne Ýewropanyň energiýa bazaryndaky meýiller ony goldap bilmeýär diýip, Finance & Capital Markets S&P Global Commority Insights toparynyň ýerine ýetiriji direktory Loren Ruseckas aýtdy.
Bu meýiller suwuklandyrylan tebigy gaz bilen baglanyşykly Ýewropanyň infrastrukturasynyň giňeldilmegine degişli, ÝB rus gazyndan ýüz öwrenden soň, suwuklandyrylan gazy has köp import edýän wagtynda, täzelenýän uzak möhletli energiýa çeşmelerine geçmäge ygrarly boljakdygyny Ruseckas tassyklaýar.
"Uly möçberdäki gaz geçirijileriniň taslamalaryna gatnaşmaga ýa-da maliýeleşdirmäge açyk höwessizlik bar. Orta möhletde Ýewropada gaza mätäçlik bolmaz, şoňa görä-de noldan başlap, 2050-nji ýyla çenli kimiň şeýle gaz geçirijini gurup, onuň bazardaky hyzmatyny tölemek islejekdigi baradaky sorag ýüze çykýar” diýip, ol sözüne goşýar.
GÜNDOGARA RUSSIÝANYŇ ÝARDAMY BILENMI?
Dekabr aýynda Serdar Berdimuhamedow günbatar Türkmenistandaky Awaza şäherçesinde, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew hem Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşdy. Şonda Erdogan iki ýurdy birleşdirjek gaz geçirijiniň gurluşygyna Ankaranyň goldawyny hödürledi.
Emma Annetta Boryň sözlerine görä, Türkmenistan günbatar diplomatlaryna bu gaz geçirijiniň kiçi görnüşdäki alternatiwalary bilen gyzyklanmaýandygyny aýdypdyr. Olary gurnamak aňsat hem arzan düşjek, ýöne ondan has az gaz akdyryp bolýar.
"[Türkmenistan] Ýewropanyň pul bilen gelmegini hem-de uzak möhletli 30 milliard kub metrlik şertnama bolmagyny isleýär. Ýöne beýle bolmaz” diýip, Bor aýdýar we Aşgabadyň bu meseledäki tutýan pozisiýasyndan, Ankaranyň "ýadap başlandygyny" belleýär.
Netijede, Günbatara eksporty artdyrmaga mümkinçiligi bolmadyk Türkmenistanyň demirgazyga – Russiýa we gündogara – Hytaýa satýan gazyny deňeçer alyp barmaga, Owganystanyň, Pakistanyň üsti bilen Hindistana – TOPH konsorsiumyna ýolbaşçylyk etmäge ýagdaýy çatmaýar.
Russiýa berk borçnamalary öz üstüne almasa-da, bu taslama gyzyklanma bildirdi.
Russiýa Federasiýasynyň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow "Talybanyň" Owganystana doly territorial gözegçilik etmek baradaky ideýasyna salgylanyp, şol taslamanyň howpsuzlygy baradaky ynjalykdan aýyrýan aladalaryň "şu wagt gaýragoýulmasyzlygyny ýitileşdirendigini" ýanwar aýynda aýtdy.
Moskwa tarapyndan ol proýekte islendik gatnaşyk "söwda şertlerine" bagly bolar diýip, Kabulow belledi.
Taslamany amala aşyrmak mümkinçiligi baradaky çaklamasynyň "noldan başlap, örän az sana ýetjekdigini", ýöne Kabulowyň agzan sebäplerine görä däldigini S&P Global Commodity Insights toparyndan, Ruseskas Azatlyk Radiosyna mälim etdi.
"Meniň pikirimçe, geçen ýyl Hindistan we Pakistan üçin suwuklandyrylan tebigy gazyň spot bahalarynyň nähili gymmatlandygy babatda, haýran galdyryjy waka boldy. Olar suwuklandyrylan gazyň bahasynyň artýan wagtynda, TOPH taslamasy başa barsa begenerler” diýip, ol aýdýar.
Emma taslamanyň esasy kynçylyklary, şol sanda Owganystanyň üsti bilen tranziti we "Türkmengaz" döwlet gaz edarasynyň tehniki mümkinçiliklerine degişli resminamalaryň üýtgemän durmagy sebäp bolýar” diýip, Ruseskas hasap edýär.
Moskwanyň maýa goýjakdygy meselesinde bolsa, "Orsýet şu wagt şeýle gazgeçirijä gös-göni milliardlarça dollar harçlajak ýurt däl" diýip, ol belleýär.
Ýöne mälim edilýän ýeke-täk aldawly umyt – ol Russiýa Türkmenistana gazy Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara eksport etmegi teklip etdi, bu bolsa bar bolan Aşgabadyň sebitleýin energetika infrastrukturasynyň profilini düýpli üýtgetmez.
Şonda Türkmenistan Türkiýä ýylda 5 milliard kub metr gaz iberip biler, bu ýokary çäk bolar diýip, Britaniýanyň "Methinks" energiýa howpsuzlygy barlag guramasynyň bilermeni Jon Roberts Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna aýdýar.
Şu ýagdaýda hem Türkiýäniň bu ideýany makullajakdygy belli däl, sebäbi tranzit taslamanyň Eýranyň energetika resmileri tarapyndan açyk goldanýandygy üçin, Ankara Ýewropa Bileleşiginiň bu proýekte garşy çykan ýagdaýynda, deňagramlyk saklamak isläp biler diýip, Roberts düşündirýär.
Şonuň bilen bir wagtda, Orsýetiň Aşgabada täsir etmäge serişdesi bar, ol soňky gezek bu ýurtdan gaz importyny azaldanda (şol wagt dünýäde pandemiýa sebäpli energiýanyň bahasynyň pese düşen döwri bolsa-da), Türkmenistana agyr ykdysady zyýan ýetirdi.
Gazyň satylmagyndan gelýän girdejileriň kemelmegi sebäpli Türkmenistanyň milli walýutasynyň birden pese gaçmagyndan soň, "Türkmengaz" tarapyndan 2015-nji ýylyň fewral aýynda berlen seýrek beýannamada, Russiýa "ygtybarsyz hyzmatdaş” diýildi.
Bu geň habaryň teksti indi web-sahypada ýok.
Her halda, Annetta Boryň Azatlyga aýtmagyna görä, eger Türkmenistan Russiýa tarapynyň teklibine aşa ynanmasa, akyllylyk etdigi bolar.
"Russiýa gaz bazarynyň konfigurasiýasyny düýpgöter üýtgetmäge çalyşýar, Günbatardan üzňe bolmagy ony Eýrana has garaşly etdi, munuň bolsa Türkmenistana-da täsiri ýetip biler" diýip, Annetta Bor aýdýar.
"Moskwa geljekde Gazagystan we Türkmenistan arkaly Eýrana, ondanam Pakistana we Hindistana aralaşmagy göz öňünde tutýar. Ýöne Pakistana bar bolan ýollaryň çäkli mukdarda mümkinçiligi bar, ol ýerde ullakan infrastruktura-da çäklendirmeler bar, logistika – ýük aşyrmak, tehniki problemalary – bular birleşip, örän bulaşyk ideýalar bilen bagly" diýip, ol aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.