Lebap welaýatynyň häkimiýetleri Türkmenabat şäherinde giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işlerini geçirýärler. Esasan býujet işgärleriniň we telekeçileriň hasabyna amal edilýän bu çäreleriň sebäpleri barada anyk bir zat aýdylmaýar. Ýöne şäher häkimligine degişli edaralaryň käbir işgärleri bu çäreleriň 21-nji martda belleniljek Nowruz baýramyna çenli dowam etjekdigini aýdýarlar.
"Türkmenabatdaky arassaçylyk we abatlaýyş işleri fewral aýynyň başynda geçirilip başlandy. Bu işlere welaýat häkiminiň (Şöhrat Amangeldiýew) hut özi gözegçilik edýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 22-nji fewralda aýtdy.
Şu günler Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky ähli edara-kärhanalaryň we beýleki desgalaryň daş-töweregindäki ýanýodalary tekizlemek üçin olaryň üstüne beton guýulýar.
Degişli maglumat Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna sapar etmegine garaşylýar"Her edara-kärhananyň paýyna 100 inedördül metr çemesi meýdan düşýär. Ähli edaralar öz hasabyna çagyl, çäge we sement satyn alýarlar. Bu barada häkimiň hut özi bu köçäniň ugrundaky edaralaryň her birine tabşyryk berdi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.
Agzalýan şaýolunyň ugrunda ýurduň Ýer serişdeleri gullugynyň, şäher ýylylyk edarasynyň, Maliýe müdirliginiň, Merkezi bankyň we başga-da ençeme edaranyň binalary, şeýle-de dermanhanalar we 50-ä golaý dükan ýerleşýär.
Bu aralykda, jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri Türkmenabatdaky zir-zibil dökülýän çelekleriň daşyndaky beton haýatlary suwamak we aklamak işlerini güýçli depginde alyp barýarlar.
Býujet işgärleri
Mundan başga-da, köp gatly ýaşaýyş jaýlary ýerleşýän etrapçalaryň öňündäki ýer meýdançalarynda hem arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu arassaçylyk işleri býujet işgärleriniň hasabyna amal edilýär.
"Her bir edara bir ýer meýdançasy paýlanyp berildi. Her býujet edarasyndan her gün 20 çemesi adam ýowara, arassaçylyk işlerine çykmaly edildi. Olar tutuş günüň dowamynda bu ýer meýdançalaryny arassalaýarlar" diýip, habarçy aýtdy.
Mugallymlar
Orta mekdepleriň mugallymlary her gün okuw sagady tamamlanandan soň, demir ýoluň töweregindäki ýerlerde arassaçylyk işlerine gatnaşýarlar. Bu ýerler demir ýoluň Azatlyk köçesinden geçýän böleginden başlap, tä Zerger şäherçesine çenli aralygy öz içine alýar.
"Mugallymlar bu ýerdäki haşal otlary çapyp aýyrýarlar" diýip, habarçy belledi.
Terbiýeçiler we enekeler
Terbiýeçiler we enekeler özlerine degişli bolan çagalar bagynyň daşyndaky beton haýatlary boýamak işlerine çekilýärler. Olar şol betonlara ak hek hem sepip çykýarlar.
"Býujet işgärleriniň her birinden 40 manat pul hem toplanýar. Bu pula her edaranyň öz ýer meýdançasyna arça satyn aljakdygy aýdylýar. Puly bermekden ýa-da arassaçylyk çärelerine gatnaşmakdan ýüz öwren işgärlere, adatça bolşy ýaly, işden kowulmak howpy abanýar" diýip, habarçy belledi.
Degişli maglumat Lebaply býujet işgärleri: Aýlyklar iş ýüzünde 10% däl-de, 7% ýokarlandyŞäher häkimiýetleri, şol sanda edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu çäreleriň sebäpleri we haçana çenli dowam etjekdigi barada hiç zat aýtmaýarlar. Azatlygyň bu barada welaýat we şäher häkimliklerinden kommentariýa almak synanyşyklary hem başa barmady.
Ýöne Öý dolandyryş müdirlikleriniň käbir işgärleriniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, bu çäreler 21-nji martda belleniljek Nowruz baýramyna çenli dowam eder.
Adatça şeýle arassaçylyk we abatlaýyş işleri prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýa-da onuň kakasy, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitlere etjek saparlarynyň öňüsyrasynda amal edilýär. Ýöne Azatlyga häzirki taýýarlyklaryň bu döwlet emeldarlarynyň sebite edäýmegi mümkin sapary bilen baglanyşyklymy ýa-da däldigini anyklamak başartmady.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri döwlet emeldarlarynyň sebitlere etjek saparlary we oňa görülýän taýýarlyklar barada öňünden habar bermeýärler. Şol sebäpli saparyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.
Ýöne bellesek, Türkmenabatdaky taýýarlyklar Mary welaýatynda häkimiýetleriň arassaçylyk işleriniň depginini güýçlendirip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite sapar etmegine garaşylýandygy barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.