Polisiýa žurnalistlere garşy bikanun hereketleri üçin 18 adamy tussag etdi diýip, “Polisia” telegram kanaly habar berýär.
2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan 20-nji fewrala çenli aralykda Almatyda we Astanada “alty žurnalist we blogçy babatynda, şeýle-de ýene bir adama garşy işi bilen baglanyşykly birnäçe bikanun hereket edildi” diýip, ýaýradylan habarda aýdylýar.
Žurnalistleriň we blogçylaryň atlary, şeýle-de olara edilen anyk hüjümler barada hiç zat aýdylmaýar.
“Pidalar bilen baglanyşykly gozgalmaýan emläklere bilkastlaýyn zeper ýetirilmegi, awtoulaglaryň ýakylmagy, dürli zatlary eltip haýbat atmak, pidalar bilen bagly terrorçylyk hereketi barada bilkastlaýyn ýalan habarlary we olaryň şahsy maglumatlaryny internetde ýaýratmak faktlary ýüze çykaryldy” diýip, IIM habar berdi.
Polisiýa bu jenaýatlaryň açylmagy we derňelmegi üçin pudagara derňew-operasiýa toparynyň döredilendigini habar berdi.
Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, häzir Gazagystanyň Jenaýat kodeksiniň “Haýbat”, “Şahsy durmuş baradaky maglumatlary ýaýratmak”, “Žurnalistlik işini amala aşyrmaga päsgel bermek”, “Başgalaryň emlägini bilkastdan ýok etmek”, “Bozgaklyk” maddalary esasynda 20-den gowrak iş boýunça derňew geçirilýär.