Lebap welaýatyndaky çagalar hassahanasynda ähli saglyk bejergileri tölegli, diňe maýyplygy bolan çagalar üçin tölegsiz otag we saglyk hyzmatlary hödürlenýär, ýöne Aşgabatdaky çagalar hassahanasynda ähli çagalar üçin, şol sanda maýyplygy bolan çagalar üçin mugtuna otag berilýär diýip, saglyk pudagyndan habarly çeşmämiz 15-nji fewralda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Sebitlerdäki we paýtagtdaky saglyk edaralarynyň töleg tapawudy lebaply ýaşaýjylarda köp sanly soraglary döredýär.
Ene-atalar sebitleriň ýaşaýjylarynyň çagalar üçin hassahana tölegleri babatynda ala tutulýandyklaryny aýdýarlar. “Näme üçin beýle bolýar?” diýip, ene-atalar soraýar.
Ene-atalaryň saglyk tölegleri bilen bagly aladalaryny beýan etmegi ýokary derejeli saglyk resmisiniň bu pudakda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny öňe sürýän wagtyna gabat gelýär.
Degişli maglumat Lebabyň käbir hassahanalarynda saglyk hyzmatlarynyň tölegleri 10% gymmatladyÝurduň bilim, saglyk we sport pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna 100-e golaý çagada dürli operasiýalaryň geçirilendigini aýtdy.
Ýurduň sebitlerinde we paýtagt Aşgabatda Çagalar hassahanalary we “Ene mähri” saglyk merkezleri hereket edýär. Käbir lebaply ene-atalar welaýatdaky çagalar hassahanasynyň tölegleri sebäpli, özleriniň paýtagtyň hassahanalaryna gitmegi saýlap alýandyklaryny aýdýarlar. Ýöne ýol harajatlary we beýleki tölegler ene-atalaryň çykdajylaryny artdyrýar.
Lebap welaýat Çagalar hassahanasy Sowetler döwründe, 1988-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi diýip, saglyk pudagyndaky çeşmämiz aýdýar. Hassahana abatlaýyş işlerine mätäç galýar.
“500 orunlyk hassahanada abatlaýyş işleri geçirilmeli. Diwarlar gopup ýatyr. Bu saglyk edarasy Lebap welaýatynyň iň iri çagalar hassahanasy bolup durýar. Bu ýere etrap ýaşaýjylary hem gelip, bejergi alýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.
Lebap welaýat Çagalar hassahanasy soňlugy bilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi atlandyryldy.
Döwlet metbugat serişdeleri we saglyk resmileri ýurduň saglyk pudagynyň ösdürilýändigini aýdýarlar. Şol bir wagtda, Berdimuhamedowyň adyny göterýän çagalar haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna saglyk bejergisini kabul eden çagalar barada wagtal-wagtal metbugat habarlary peýda bolýar.
Degişli maglumat Mara Aşgabatdan barlag geldi, keselhanalarda diwarlar hassalaryň gapdalynda boýaldyAzatlyk Radiosynyň habarçylary bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolýan lukmançylyk işgärleri ýurduň beýleki welaýatlarynda-da diňe mümkinçiligi çäkli çagalaryň tölegsiz otag we saglyk hyzmatlaryndan peýdalanýandyklaryny aýdýarlar. Aşgabat hassahanalary bilen aradaky töleg tapawudy ýurduň beýleki welaýatlaryndaky saglyk edaralaryna-da degişli bolup durýar.
“Ähli welaýatlardaky çagalar hassahanalary tölegli, diňe Aşgabat şäherindäki çagalar hasshanalarynyň saglyk hyzmatlary tölegsiz” diýip, Azatlyk Radiosynyň saglyk pudagyndaky çeşmeleri aýdýarlar.
Ýurduň käbir sebitlerinde eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýyş merkezleri täze guruldy. Mary welaýatynyň Çagalar hassahanasy 2018-nji ýylyň tomsunda açylyp ulanylmaga berildi. Bu hassahana Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasynyň haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna bina edildi.
Bulardan başga-da, ýaňy-ýakynda Özbegistan iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30-njy ýyl dönümi mynasybetli Türkmenistana 20 sany tiz kömek ulagyny sowgat berdi. Döwlet metbugaty bu tiz kömek ulaglarynyň 14 sanysynyň Daşoguz welaýatynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine, alty sanysynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň çagalar bölümlerine bölünip berlendigi habar berdi.
Lebaply ene-atalar sebitiň Ýokan keselleri hassahanasynda hem çagalar üçin ýörite bölümleriň bardygyny, ýöne ol ýerde hem çaga orunlarynyň töleglidigini aýdýarlar.
“Köp sanly ene-atalar Aşgabat şäherindäki hassahanalar mugt diýip, näsag çagalaryny Aşgabat şäherine alyp gidýärler. Ýöne ýol çykdajysy we beýleki tölegler bilen harajat köpelýär” diýip, lebaply ýaşaýjylar aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.