Geçen asyrda ýer titremeleri Merkezi Aziýanyň iň uly şäherlerini tanalmaz derejede üýtgedenem bolsa, soňky birnäçe onýyllykda bu sebitde güýçli ýertitreme bolmady. Nähili-de bolsa, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ýüz müňlerçe raýatynyň ýaşap hem işleýän ýeri Türkiýede güýçli ýer titremäniň ýüze çykmagy uly şäherlerde köpçülikleýin gurluşyk meseleleriniň çylşyrymlaşmagyny has-da artdyrdy.
Žanyl Tokoýewa Türkiýäniň Kahramanmaraş şäherindäki öz jaýynda ukuda ýatyrka, onuň tüýli ak pişigi birden çirkin mawlap başlapdyr.
6-njy fewralda wagt ir sagat 4-den biraz geçipdi, gyrgyz zenany ýer titremesiniň ilkinji sarsgynyny heniz duýmandy, basym Türkiýäniň we Siriýanyň sebitleriniň heläkçilige uçrap, on müňlerçe adamyň wepat boljagyndan habarsyzdy.
Ýöne ol aşa galagoply haýwanyň altynjy duýgusyna ynanmaly boldy.
Tokoýewa pişigini alyp, ylgap daşary çykdy, barşyna goňşularyň gapysyny kakyp. Ol jaýdan çykan badyna ýer yranyp başlady.
“Biz nirä gitjegimizi bilmeýärdik, günortana çenli köçede aýlandyk. Ýagyş ýagýardy. Biz bir ýere ugraýarys – ol ýerde jaý ýykylýar, beýläk gidýäris, ol ýerde-de jaýlar ýumrulýar” diýip, ol Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habarçysyna gürrüň berýär. 7,8 magnitudaky ýertitremeden diri galanlaryň pena gözläp, şäheriň etegindäki gidroelektrik stansiýasyna barandygyny öz gürrüňinde mälim etdi. Ýeterlik azyk-iýmit bolmasa-da, adamlar şol ýere ýygnanypdyr.
“Biz ol ýere barýarkak, ikinji ýer titreme ýüze çykdy. Ol [duýşuma görä] iň güýçlüsi boldy. Aýak üstünde durmak mümkin däldi. Ilkinji sarsgyndan abat galan jaýlar ýykyldy” diýip, Tokoýewa ýatlaýar.
Şeýle habarlardan, Tokoýewa ýaly başdan geçirenleriň gürrüňlerinden, çagalaryň ýürek sarsdyryjy suratlaryndan, harabalaryň aşagyndan çykarylýan ölüleriň hem dirileriň şekilinden soň, Merkezi Aziýada haýyr-ýardamlar ýygnalyp başlandy, aýratyn-da Türkiýe üçin. Sebitiň bäş döwletiniň ählisi ol ýere gözleg we halas ediş toparlaryny iberdiler.
Ol ýerden düşürilen suratlar seýsmiki taýdan aktiw zolaklarda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň şäherleri şeýle tebigy heläkçilikden aman galyp bilermi diýen jedelleriň döremegine sebäp boldy. Bu ýerde, meselem, Gazagystanyň iň iri şäheri Almaty, Özbegistanyň we Türkmenistanyň paýtagtlary Daşkent hem Aşgabat barada jedel gidýär. Ol şäherler geçen asyrda güýçli ýertitremelerden ejir çekipdi.
“Oşda we [paýtagt] Bişkekde [soňky ýyllarda] köp gatly jaýlar ýagyşdan soň kömelegiň döreýşi ýaly emele gelýär" diýip, gyrgyz deputaty Meder Aliýew ýurduň iň uly iki şäherini nazarda tutup aýtdy.
"Olar bolmaly ýerinde-de gurulýar, bolmaly däl ýerinde-de – diýip, sözüne goşdy. — Olaryň hili nähili? Olar howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýärmi? Eger ýer titreme bolsa, Rihteriň ölçeginde, näçe bala döz gelip bilerler? Bu zatlar barada, biz gyssagly barlag geçirmeli”.
TARYHYŇ DUÝDURYŞY
Aşgabatda 1948-nji ýylda 9,3 ballyk ýertitreme bolup geçýär, ol on müňlerçe adamyň janyna kast eden bolmaly. Ölenleriň arasynda Türkmenistanyň Sowet Soýuzyndan soňky ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ejesi hem bardy. SSSR-iň döreden berk senzurasy sebäpli, häzir ejir çekenleriň sanyny anyk bilmek mümkin däl.
1966-njy ýylda Daşkentde bolan ýertitremede has az adam heläk boldy, şeýle-de bolsa, şäheriň iň gür ilatly bölegi ýer bilen ýegsan boldy.
XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda Orta Aziýany sarsdyran iki sany güýçli ýertitreme halkyň hakydasynda. 1911-nji ýylda şol wagty Wernyý diýip atlandyrylan we häzirki Almaty şäheri we onuň ilatynyň köp bölegi güýçli ýertitremeler sebäpli doly ýok boldy. Ýer yranmanyň merkezi häzirki Gyrgyzystanyň territoriýasynda ýerleşipdir.
1991-nji ýylda garaşsyzlykdan bäri-de Merkezi Aziýa ýurtlary beýle agyr bolmadyk ýertitremeleri başdan geçirdiler. 2008-nji ýylda Hytaý, Gyrgyzystan we Täjigistan serhetlerindäki merkezde bolan 6,6 magnitudadaky ýertitreme Gyrgyzystanyň Nura obasyny weýran edip, onda 70-den gowrak adam ýogaldy.
Siriýadaky we Türkiýedäki ýertitremeden soňraky şu günlerde, metbugat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet seýsmologiýa institutlarynyň hünärmenlerini gaýta-gaýta sitirleýär.
Olar bolsa yzygiderli şol bir zady gaýtalaýarlar: gurulýan jaýlar 9 bala çenli ýer titremelerine garşy durmalydyr (Almatyda has ýokary talap bolup, 10 bala çydamaly) diýýärler.
Emma ol aýdylýan talaba köp wagtdan bäri eýerilmeýändigi hakda, alada bildirip gelýärler. Sowetler döwründe bellenilişi ýaly, ýer titremäniň bolaýmagy mümkin sebitlerinde, adatça, kabul edilen kadalaşdyryjy-hukuk nusgalaryna laýyklykda, ýagny kada giren ölçegdäki binalar guruldy.
Duşanbe şäherinden bolan arhitektor Rüstam Mukimowyň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, sowet döwründe täze ýaşaýyş jaý modelleri şäheriň daşynda, ýörite synag meýdançasynda synag edilýän eken.
“Olar ýörite esbaplar bilen binanyň haýadyny – sütünleri we üçegini barlap görýärdiler. Barlag geçirilýärdi. Indi şeýle barlaglar geçirilmeýär. Men munuň üçin pul ýok diýip pikir edýärin” diýdi.
Has-da biynjalyk edýän zat, uly şäherlerde gurluşygyň aşa köp ösdürilişi, mysal üçin, Gyrgyzystanda 2010-njy ýylda bolan rewolýusiýadan soň, gurluşyk köp ösdi, Özbegistanda bolsa 2016-njy ýyldan, Şawkat Mirziýoýewiň häkimiýete geçmeginden bäri ýokarlanyp başlady.
Türkiýede we Siriýada bolan ýertitremeden iki gün soň, Mirziýoýew Daşkentde gurluşygyň doňdurylmagyny buýurdy. Ol öz resmi beýanatynda, şäheriň täze baş planyna garaşmagyň zerurdygyny öňe sürdi, ýöne Ýakyn Gündogarda emele gelen kataklizmler barada bir sözem aýdylmady.
Mundan öňinçä Özbegistanyň gurluşyk ministriniň orunbasary jemgyýetde tankydyň obýektine öwrüldi, sebäbi ol ýaşaýyş jaýlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, hökümet doly jogapkärçilik çekmeýär diýdi.
“Desgalaryň gurluşygy üçin, onuň eýesi – şol jaýy gurýan jogap bermeli” diýip, Gurluşyk ministriň orunbasary Dawronjon Adilow aýtdy.
ÖÝÜŇDEN UZAKDAKY JAÝ
Eger-de ýertitreme Türkiýede däl-de, başga bir ýurtda dörän bolsa, onda özara dawalar şeýle ýiti häsiýete eýe bolmazdy.
Merkezi Aziýadan bolan ýüz müňlerçe adam Türkiýede ýaşaýar hem işleýär, ol ýer Russiýadan soň zähmet migrasiýasynyň ikinji iň köp gidýän ýurdy boldy.
Özbegistanyň azyndan bir raýatynyň we Gazagystanyň iki raýatynyň ýogalandygy bellidir, beýlekileriniň dereksiz ýitendigi habar berilýär.
Azatlygyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda, Merýemgül Baýmyradowa ýertitremäniň gaty güýçli bolan ýerleri Malatýadaky we Adanadaky migrantlaryň deportasiýa merkezinde ildeşleriniň bardygyny aýdyp, öz ýurdunyň hökümetini türkmenleriň ýagdaýy barada maglumat gözlemäge çagyrdy.
“Öz raýatlaryňyzyň aladasyny ediň” diýip, Baýmyradowa Türkmenistanyň häkimiýetlerine ýüzlenýär.
8-nji fewralda Halk Maslahatynyň başlygy öňki prezident we resmi ýagdaýda “halkyň lideri” bolan Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen telewideniýesinde eden çykyşynda, Türkiýedäki ýer titremede "betbagtçylyga duçar bolan adamlaryň arasynda öz raýatlarymyz hem bar" diýdi. Ýöne şondan başga hiç hili takyk maglumat bermedi.
Degişli maglumat Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren howandarlyk wadasy Türkiýedäki türkmen raýatlaryna nähili täsir etdi?Ýewropada ýerleşýän dissident Turkmen News neşiri dört türkmeniň ýogalandygy barada habar berdi, olaryň jesedi türkmen häkimiýeti tarapyndan watanyna iberilipdir.
Soňky günlerde Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden, Türkiýä onlarça halas edijiler we ençeme tonnalyk ynsanperwer kömegi geldi diýip, resmiler aýtdylar.
Döwlet derejesindäki kömeklerden başga, meýletin esasda kömek toplamak çäreleri-de köpçülikleýin derejede barýar.
Gazagystanda aýallar topary Türkiýä ugratmak üçin, iki müň ýorgan we iki müň düşekçe tikipdir, ýerli telekeçi gazak ýer yranmada jaýy ýumrulan adamlar üçin, 120 ýurt – ak öý ibermegi wada beripdir.
Nähili-de bolsa, bir ýurduň garym-gatym bulaşyklyga uçrap, azyndan 70 döwletiň ynsanperwer kömegine bil baglaýan wagtyndaky ýagdaýy, Merkezi Aziýanyň halkynda sazlaşyksyz şertleri emele getirdi. Bu aýratyn-da kim Türkiýäni güýçli söwda hyzmatdaşy ýa-da gurluşyk pudagynda işjeň çykyş edip gelýän möhüm daşary ýurt maýa goýujysy hasaplaýan bolsa, şolara degişlidir.
Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň Seýsmologiýa institutynyň direktorynyň orunbasary Nursarsen Özbekow Azatlygyň Gazak gullugyna Gündogar Anadoly ýer gatlagynyň bölegindäki aýratynlyklar sebäpli, Türkiýäniň günorta-gündogarynda "betbagtçylykly" ýer titremesiniň bolmak ähtimallygynyň Gazagystana garanyňda has artykdygyny aýtdy.
Şeýle-de, ol hünärmen Merkezi Aziýanyň iň baý şäheri Almatyda häzirki wagtda beýle hadysany irräk duýdurmak sistemalarynyň işlenip taýýarlanylýandygyna we gurluşyk kadalarynyň berk berjaý edilýändigine ynam bildirdi.
"Men Türkiýede gurluşyk düzgünleriniň nazarda tutulandygy barada, düşündiriş berip bilmen. Bu bize belli däl. Eger bu ýerde äpet güýçli ýer titreme dörän bolsa, geçen XIX asyryň ahyrynda bolan ýertitremä meňzeş, Hudaý görkezmesin, biz ilkinji nobatda öz serişdelerimize daýanardyk [bu meseleleri çözmek üçin]. Häzir Türkiýede bolşy ýaly, muny başarmasak, onda bize kömek edýän gowy hyzmatdaşlarymyz bar” diýip, Özbekow aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.