Lebapda daşary ýurda gitmek üçin kowid kepilnamalaryny almak isleýänler köpelýär

Illýustrasiýa suraty

Şu günler Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde test tabşyryp, kowid kepilnamasyny almak isleýän raýatlar köpeldi. Muňa welaýatyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň öňünde emele gelen uly nobatlar şaýatlyk edýär. Bu waka, Türkmenistandan gitmek üçin biometriki pasportlary almak isleýänleriň köpelen we prezidentiň howa gatnawlaryny pandemiýa çäklendirmelerinden öňki derejelerine ýetirmegi tabşyran mahalyna gabat geldi.

"Soňky günlerde Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň binasynyň öňünde ýüzlerçe adam üýşdi. Bular daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylar bolup, olar kowid testini (PCR) tabşyrmaga we kowid kepilnamasyny almaga çalyşýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 14-nji fewralda beren maglumatynda aýtdy.

Bellesek, öz çäginde koronawirusyň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tutanýerlilik bilen tekrarlaýan Türkmenistanda raýatlar daşary ýurda gitmek üçin koronawirus testini tabşyrmaga heniz hem mejbur edilýärler. Şeýle-de, daşary ýurtlardan gelen ýolagçylardan-da kowid testini tabşyrmak heniz hem talap edilýär.

Degişli maglumat Lebabyň migrasiýa edarasynda adamlaryň uly nobaty döredi. Raýatlara maý aýyna nobat berilýär

Lebaplylaryň ençemesi bu kepilnamany almagyň we wagtynda ulanmagyň durşuna bir görgüdigini aýdýar. Olaryň sözlerine görä, köp ýolagçy daşary ýurda uçup ýetişmänkä, olaryň kowid kepilnamasynyň ýaramlylyk möhleti gutarýar.

"Daşary ýurda diňe Aşgabatdan uçup bolýar. Ýöne lebaplylar kowid testini Türkmenabatda tabşyrmaly bolýarlar. Daşary ýurda gitjek bir lebaply ýolagçy Türkmenabada gelip, 120 manat bolan resmi tölegi töläp, test tabşyrmaly. 48 sagat möhleti bolan kepilnama test tabşyranyňdan bir gün soň taýýar bolýar, ýöne test tabşyran sagadyňdan güýje girýär. Meselem, bir adam 15-nji fewralda daşary ýurda uçýan bolsa, 13-nji fewralda test tabşyryp, onuň kepilnamasyny 14-nji fewralda eline alyp bilýär. Şondan soňra ol dessine uçar biledini alyp, Aşgabada uçmaly bolýar. Otluda barjak bolsaň, kepilnamanyň möhleti geçýär. Bu durşuna bir görgi" diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Prosesiň haýal bolmagy we durmuş, wagt reallyklaryna gabat gelmezligi, para-berime ýol açýar. Köp adam kepilnamanyň möhletini üýtgetmek üçin Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň käbir işgärlerine ýüzlerçe manat möçberinde para bermäge mejbur bolýar.

"Laboratoriýa işgärleri her ýolagçydan 500-600 manat para alýarlar. Olar 15-nji fewralda daşary ýurda uçjak ýolagçynyň eline 14-nji fewralda test tabşyrandygy baradaky kepilnamany eýýäm 13-nji fewralda gowuşýarlar. Netijede, ýolagçy arkaýyn Aşgabada baryp, daşary ýurda uçup ýetişýär" diýip, lebaply başga bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Mundan başga-da, habarçy daşary ýurda gitjek ýolagçylardan talap edilýän hökmany resminamalaryň arasynda raýatyň dört sapar kowid waksinasyny alandygy baradaky kepilnamanyň hem bardygyny aýtdy.

Degişli maglumat Maryda ýurtdan gitmek üçin biometriki pasport almaga synanyşýan raýatlar köpelýär

"Ýolagçy bu kepilnamany almak üçin hem özüniň hasaba duran saglyk öýündäki maşgala lukmanyna 200 manat para bermeli bolýar. Hökümet adamlary şunça çykdajy edip şu resminamalary almaga mejbur edýär. Ýöne daşary ýurda baranyňdan soň, ýagny Moskwa, Kazan, Stambul, Dubaý ýaly şäherlerde şu kepilnamalaryň birini hem soramaýarlar" diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk emele gelen nobatlar, şeýle-de kowid kepilnamalaryny almagyň töweregindäki para-berim barada agzalýan gullukdan we welaýatyň saglyk bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bellesek, bu waka Türkmenistandan gitmek üçin biometriki pasportlary almak isleýänleriň köpelen we prezidentiň howa gatnawlaryny pandemiýa çäklendirmelerinden öňki derejelerine ýetirmegi tabşyran mahalyna gabat geldi.

Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde täze, ykdysady taýdan has amatly bolan ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmak boýunça işleri dowam etdirmek möhümdir hem diýdi.

Soňky iki hepde bäri Döwlet Migrasiýa gullugynyň Lebapdaky we Marydaky edaralarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Şu aýyň başynda Lebapdaky habarçymyz sebitiň migrasiýa edarasynda biometriki pasport almak isleýän raýatlara maý aýyna nobat berilýändigini aýtdy.

Türkmenistanda daşary ýurtlara gitmek isleýänleriň köpelmegi, ýurtda işsizligiň ýaýraýan, azyk önümleriniň we hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlanýan, korrupsiýanyň ýaýbaňlanýan we hökümetiň raýatlaryň durmuşynyň ähli ugurlaryna gözegçilik etmäge synanyşýan mahalyna gabat gelýär.

Degişli maglumat Aşgabadyň aeroportunda zenan raýatlaryň ýurtdan çykmagyna ýardam berýän araçylar peýda bolýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.