Türkmenistany elektrik eksporty geçen ýyl 2021-nji ýyl bilen deňeşdirende 30% ýokarlandy diýip, “Biznes Türkmenistan” Halkara energetika agentliginiň (IEA) “Elektrik energiýa bazary 2023” atly hasabatyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenistan elektrik önümçiligini geçen ýyl 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11% ýokarlandyrdy diýip, habarda bellenýär.
Aýdylmagyna görä, eksportyň ýokarlanmagy Mary sebitindäki iri elektrik stansiýasynda önümçiligiň artdyrylmagy bilen bagly.
2021-nji ýylyň awgust aýynda Gyrgyzystana elektrik eksportyny ýola goýan Türkmenistan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda onuň üpjünçiligini 1,7 terawat sagada çenli artdyrdy diýip, IEA-nyň hasabatynda aýdylýar.
Türkmenistan bilen Özbegistan 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda elektrik üpjünçiligini ýylda 4 terawat sagada çenli artdyrmak ylalaşygyna geldi.
Merkezi Parižde ýerleşýän Halkara energetika agentligi 1974-nji ýylda döredilip, energiýa howpsuzlygyny döretmegi maksat edinýär diýip, habarda bellenýär.
Degişli maglumat Türkmengalada 'täze' obalaryň ýaşaýjylary 10 ýyl bäri suw, elektrik we gaz bilen üpjünçiligini özleri berjaý edýärler