Geçen ýyl Özbegistanyň awtonom sebitinde jedelli konstitusion düzedişler sebäpli dörän köpçülikleýin protestler güýç bilen basylyp ýatyryldy. Bu wakalar boýunça sud diňlenişigine syn edenler gan döküşikde tutýan orny üçin, ne resmileriň, ne-de harby gullukçylaryň jogapkärçilige çekilmändigini belleýärler.
Özbegistanyň Buhara şäherinde 31-nji ýanwarda tamamlanan kazyýet işi öňküler ýaly, ýapyk gapylaryň aňrysynda geçdi.
Biziň günlerimizde häkimiýetler mundan şowhun döretmegi gowy görýäne meňzeýär.
Geçen ýylyň tomsunda Garagalpagystan awtonom respublikasynda, iki million ilatdan ybarat bolan sebitiň öz ygtyýarlyk statusyny ýok edýän konstitusion düzedişleriň taslamasy çap edilenden soň, görlüp-eşidilmedik protestler ýüze çykdy. Protestler basylyp ýatyrylanda, azyndan 21 adam öldi.
Hökümet düzedişli taslamany ýatyrmaga mejbur boldy, ýöne dörän zorluk üçin, adyny tutmazdan demonstrasiýa gatnaşyjy "daşarky güýçleri" aýyplady.
Häkimiýetler gozgalaňlar döwründe köpçülik mähellä ot açan howpsuzlyk güýçlerine ýa-da adamlary atmaga buýruk beren wezipeli resmilere garşy hiç hili aýyplama bildirmedi. Gozgalaňlar wagtynda Garagalpagystanyň jemgyýetçilik tertibini goramak gullugynyň başlygy soňra Žokargy Kenesiň (parlamentiň) başlygy bolup, Garagalpagystanda iň ýokary wezipäni eýeledi.
Prokuratura bu dildüwşügiň esasy guramaçysy hökmünde, etniki garagalpagysynly aklawçy we žurnalist Dauletmurat Tažimuratowyň adyny tutup, ony häkimiýeti ele geçirmek we konstitusion tertip-düzgüni ýykmak synanyşygynda aýyplady.
Kazyýet diňlenişigi dowamynda, Tažimuratow 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Kazyýet işi Buharada, iň güýçli demonstrasiýalaryň bolan ýerinden, Garagalpagystanyň paýtagty Nöküsden maşyn bilen gideniňde, bir günlük uzakdaky şäherde geçirildi. Şol kazyýet işinde beýleki aýyplanýan 16 adama sekiz ýarym ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berildi.
Emma özüniň asla günäsizdigini yglan eden ýeke-täk Tažimuratow munuň bilen ylalaşmady. Gaýtam ol prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň "Täze Özbegistan" diýip atlandyrýan ýurdunyň adalat sistemasyny berk tankytlady.
Ol özüne garşy bildirilen aýyplamalary birin-birin ret etdi, şol sanda ‘pul ýuwmak’ hem-de bergä batmak, polisiýanyň özüni gynandygy we wezipeli adamlary krizisiň çuňlaşmagyna ýol berendigi meselesinde ýazgardy.
"Ol soraglary beripdir, möhüm sistemalaýyn meseleleri, belki, garalawjynyň beren soraglaryndan köp soraglary berendir” diýip, russiýaly adam hukuklary boýunça aktiwist Witaliý Ponomarýow aýdýar. Iýul aýynda bolan wakalar barada hasabat çap etmegi meýilleşdirýän halkara “Memorial” guramasy ony synçy hökmünde kazyýet diňlenişigine iberipdir.
"Ol eýýäm [Garagalpagystanda] gowy tanalýar. Ol özüniň uzak möhlete höküm ediljekdigini bilýärdi. Onuň kazyýetde eden çykyşlary garagalpaklaryň köpüsi üçin gahrymançylykdy” diýip, hukuk goraýjy sözüne goşýar.
"Prokuroryň protestleriň dildüwşükdigini subut etmek synanyşygy başa barmady. Ol şaýatlyk edýänlere gapma-garşylyklary görkezme berdi" diýip, Ponomarýow belleýär.
Aýyplanýanlardan bäşisine, şol sanda bir zenan žurnalist Lolagül Kallyhanowa şertli ýagdaýda iş kesildi hem olar alty aý çemesi wagt tussaglykda oturandan soň, derrew tussaglykdan boşadyldy. Olaryň käbiri saklanyp bilmän aglady.
Günä bildirilenleriň köpüsi öz güwäliklerinde, Tažimuratowa salgylanýardylar.
Ýöne Gazeta.uz hususy habar saýty tarapyndan garagalpakçadan rus diline terjime edilen çykyşynda, Tažimuratow özüniň separatist däldigini öňe sürdi.
“Men özbaşdaklyk gazanjak bolup çalyşmadym. Sebäbi şu wagta çenli [Özbegistanda] gowy ýaşadyk. Garaşsyzlygy arzuw etmek jenaýat däl. Men mundan beýläk hem arzuw ederin, soňky demime çenli arzuw ederin. Emma bu jenaýat däl, hereketem däl. Maňa erkinlik beriň, erkinlikden bir ädim hem çykman, ýöne arzuwym sönmez” diýip, Tažimuratow aýdýar.
WAKALARYŇ JÜMMÜŞINDE
Özbegistanyň hökümeti üçin Garagalpagystanyň adaty bolmadyk statusy uzak wagtdan bäri kelleagry bolup gelýär.
Kommunistler döwürde bu awtonom respublika az wagtlyk Russiýa Federasiýasynyň düzüminde boldy, 1930-njy ýyllarda Özbegistan SSR-niň düzümine girizildi.
Ýöne Garagalpagystan öz durkuny saklady, Özbegistan garaşsyz bolanda, referendum geçirmek arkaly özbaşdak bolmaga konstitusiýa hukugyny aldy, öz baýdagy we özygtyýarlygyň beýleki nyşanlary bilen bilelikde, ony beýleki öňki sowet respublikalaryndaky awtonomiýalardan tapawutlanyp durdy.
Özbaşdaklyk hukugy kepillendirýän maddalar geçen ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Internete çap edilen Özbegistanyň Konstitusiýasyna girizilen düzedişleriň taslamasynda aýrylypdyr, bu bolsa awtonom respublikada nägileligiň döremegine sebäp boldy.
Sudda Tažimuratow Özbegistanyň Konstitusiýasynyň Garagalpagystan öz ygtyýarlyk statusyny düzgünleşdirýän maddalaryň aýrylmagy meseläniň jogapkärçiligi üçin, Garagalpagystanyň deputatlaryny aýyplady.
Onuň aýtmagyna görä, bu mesele respublikanyň ýokary organy bolan Garagalpagystanyň Žokargy Kenesiniň ýapyk mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan bolmady.
Soňra bu teklip Özbegistanyň täze Konstitusiýasyny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan komissiýa iberilipdir. Synçylaryň pikirine görä, düzedişleriň esasy maksady Mirziýoýewiň häkimiýetde bolmaly möhletini uzaltmakdy.
Gan döküşikli wakadan soň, Garagalpagystanyň statusyny üýtgetmek pikiri Daşkentdäki syýasy toparlar tarapyndan öňe sürüldi diýip çaklanmagy sebäpli Mirziýoýew öz administrasiýasynyň başlygyny işden boşatdy.
Ýöne Tažimuratow suduň dowamynda, özbek lideri barada gowy gürledi.
Garagalpagystandaky zorlukly günleriň öň ýanlarynda, Tažimuratow aktiw hereket edipdir.
Onuň aýtmagyna görä, şol döwürde duşuşyklary geçiripdir, wezipeli adamlara teklip edilýän düzedişlere gahar-gazabyň artmagy, ýetip gelýän betbagtçylykdan ägä bolmak barada, ýüzlenme – hat iberipdir.
Ol bu aladalar barada özüniň YouTube we Telegram kanallarynda diňleýjilerine habar beripdir. Ol bu ugurda ýurist - aklawçy biliminden daşary-da, «Ел xызметинде» («Il hyzmatynda») gazetiniň öňki baş redaktory bolany üçin, žurnalist hökmünde-de tejribesini gaýgyrmandyr.
Emma özüniň parahatçylygy saklamak üçin eden synanyşyklaryň hiç biriniň netije bermändigini aýdýar.
Tažimuratowyň Garagalpagystanyň paýtagtynda ýerleşen metjidiň basgançaklarynda durup, garagalpaklaryň toparyna ýüzlenip, häkimiýetlerden girizilen düzedişlere garşy 5-nji iýulda Nöküsde parahatçylykly demonstrasiýa rugsat bermegi haýyş edendigini ynandyrmagyny onuň garşysyna ulandylar.
Soňky gezek Tažimuratowy şol gün agşam polisiýa märekäni köşeşdirmek üçin boşadanda, köpçüligiň öňünde görüpdirler. Onuň ýitirim edilmegine protest bildirip, Nöküsiň köçelerine müňlerçe adam çykypdy.
Şol wakalardan düşürilen kadrlarda märekäniň ony şatlykly garşylaýandygyny görmek mümkin.
Kazyýet Tažimuratowyň birnäçe wagt tussaglykda saklanmagyny polisiýa işgärleriniň "profilaktiki söhbetdeşlik" üçin edendigini aýtdy.
"Täze Özbegistanda” profilaktiki söhbetdeşlik, bilmedim, bu seniň kelläňe maska geýdirip, eliňe-de gandal urup, awtozakda oturdyp, elektrik taýak bilen urmakmy, ýenjilip, gan tüýkürtmekmi, soňra boşatmak profilaktiki söhbetdeşlikmi?” diýip, Tažimuratow çykyşynda aýtdy.
Adam hukuklary boýunça Human Rights Watch (HRW) guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça uly barlagçysy we adam gynamalary barada şu güne çenli iň giňişleýin maglumat çap eden Mira Rittman "Tažimuratowyň türmede özüniň urlup-ýenjilendigini we adam hukuklarynyň beýleki bozulmalaryny beýan edýän güwälikleriniň häkimiýetleri barlag geçirmäge itermezligi örän biynjalyk edýär" diýdi.
“Gynama ýa-da başga ýowuz daraşma degişli ýaramazçylyk subutnamalarynyň sudda kabul edilip bilinmezligi agyr biynjalyk döredýär” diýip, ol sözüne goşdy.
HRW Özbegistanyň ýaragly güýçleriniň gandöküşikli gozgalaňlar döwründe güýç ulanmagynyň “dogry däldigini” aýtdy. Guramanyň noýabr aýyndaky hasabatynda, söweş ýaraglarynyň we aşa güýçli ses ýaýradyjy granatlaryň ulanylandygy aýdyldy.
«ROBIN GUDUŇ BIR GÖRNÜŞI»
Garagalpagystanda Tažimuratow garagalpak gymmatlyklarynyň güýçli goraýjysy hökmünde abraý gazandy.
Ol 2021-nji ýylda meşhur we garşylykly pikirleri döredýän özbek aýdymçy Ýulduz Usmanowanyň garagalpaklary «özbekleriň lybasynda ýaşaýan halk» diýeni üçin, kazyýete arz etdi.
Häzirki wagtda Gazagystanda ýaşaýan garagalpak aktiwisti Akylbek Muratbaý şeýle ýagdaýlaryň diňe iň bellisinden biridigini aýtdy.
"Eger Fergana sebitinde kimdir biri garagalpaklara garşy ýaramaz zat aýtsa, ol şol ýere gidip, kazyýete ýüz tutardy. Ýöne ol hemişe kanunyň çäginde hereket edýärdi” diýýär.
Muratbaýyň sözüne görä, Tažimuratow Garagalpagystanyň ýaşaýjylaryna öz ýuridiki hyzmatlaryny mugt bermek ýa-da olardan ujypsyz hak almak bilen gaz we suw üpjünçiliginiň kynçylyklaryna garşy göreşen sebitiň ýaşaýjylaryna özüni tanadypdyr. "Käbir adamlar üçin Robin Gudyň bir görnüşi".
Ol öz çägini bilip, hökümeti hem hemişe tankyt edýärdi.
"Ol hiç haçan Mirziýoýewi ýa-da Garagalpagystanyň Žokargy Kenesiň öňki başlygy [Murat] Kamalowy tankytlamandy. Adamlar ony Kamalowyň goragynda gezýär diýip hasaplaýardylar, sebäbi beýleki žurnalistlere şeýle berk tankyt aýtmaga rugsat berilmeýärdi” diýip, Muratbaý aýdýar.
Kazyýet diňlenişiginde Tažimuratow Kamalowy öwüp, "ol maňa söz berdi" diýdi.
Emma aýyplamada aýdylyşyna görä, Tažimuratow Kamalowy wezipesinden aýyrmaga synanyşypdyr. Şol pitnelerden bir aý geçenden soň ol wezipeden çekildi.
Özbegistanyň howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklaryň möwç urýandygy sebäpli boşadylandan, bary-ýogy birnäçe sagatdan, Tažimuratow gaýtadan tussag edildi. Şol wagtda tutuş sebitde internet öçürildi. Soňky gezekde ol tussaglykdan çykmady.
Sentýabr aýynda Özbegistanyň Ombudsmanynyň ýolbaşçylygyndaky Garagalpagystandaky wakalary barlamak boýunça komissiýa Tažimuratow bilen duşuşyp, onuň ýowuz daraşmakdan zeýrenmändigini habar berdi.
Şol bir wagtda, duşuşykdan alnan suratda Tažimuratow görünse-de, onuň ýüzüni saýgarmak mümkin däldi.
Komissiýa döwletiň protestlere beren jogaby barada heniz hiç hili karar çykarmady.
Mirziýoýewiň öňbaşçylygyndaky açyk kazyýet işi hem, komissiýa-da awtoritar diktator Yslam Kerimowyň ýolundan daşlaşylmandygyny alamatlandyrýar.
2005-nji ýylda hökümet güýçleri Fergana jülgesindäki Andijan şäherinde, ýüzlerçe demonstrantçylary atyp öldürende, bu wakalar barada ýöne bir barlag hem geçirilmedi.
"GYNAMA ÝOK"
Iýul aýynda käbirleri öňki we soňky iki ýowuz wakanyň (Andijandaky hem Garagalpagystandaky) arasyndaky tapawudy deňeşdirenlerinde, komissiýanyň agzasy hem deputat Bobur Bekmurodow Twitter’de şeýle analogiýalaryň "adalatsyzdygyny" ýazdy.
Iýul aýyndaky zorlukdan soň žurnalistleriň derrew Garagalpagystana baryp bilýändigini, eger Kerimowyň hökümeti bolsa, güýç ulanjakdygyny aýtdy.
Soňra Bekmurodow Tažimuratowyň saklanyşy baradaky gürrüňe salgylanyp, "ýowuz daraşmak" ýa-da gozgalaňlar döwründe tussag edilenleriň hiç biriniň gynamalar barada maglumat bermändigini öňe sürdi.
Şol bir wagtda, kazyýet zalyndan boşadylanlaryň aýtmagyna görä, Daşkendiň Tažimuratowyň ideýalaryny inkär etmek üçin, ozalky tussaglaryň görkezmelerini ulanyp biljekdigi bilen bagly aladalary orta atdylar.
1-nji iýulda Daşkentde tussag astyna alan, etniki garagalpaklaryň arasyndan çykan žurnalist Lolagül Kallyhanowa şertli ýagdaýda tussaglykdan boşadylandan soň, Gazeta.uz neşirine kazyýetiň işine "10 baldan 10 bal" baha berýändigini aýtdy.
Kallyhanowanyň sözüne görä, ony sorag eden sülçüler "sowatly hem düşünjeli" bolup, bütin işiň dowamynda, oňa gowy ýüzlenipdirler. Ol özüniň we öňki kärdeşi Tažimuratowyň bolan gozgalaň üçin, jeza mynasypdygyny nygtap, uzak möhletli hökümden gaça durandygyna örän begenýändigini sözüne goşdy.
"Konstitusiýa düzedişler girizlmezden öň bolan ähli gowy işler şondan soň hem dowam etdirildi. Döwletimiziň baştutanyna minnetdarlygymy bildirýärin” diýip, Kallyhanowa Mirziýoýewi göz öňüne tutup aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.