Güýçli ýer titremesi Türkiýede, Siriýada 1300-den gowrak adamy öldürdi

Türkiýe

6-njy fewral güni günorta-gündogar Türkiýede we Siriýada bolan 7,8 kuwwatlygyndaky ýer titremesi binalary ýumrup, gyşyň aňzakly gijesinde dowla düşen ýaşaýjylary daşaryk çykardy.

Iki ýurtda azyndan 1300-den gowrak adam öldi, ýüzlerçe adam ýaralandy we harabalyklaryň aşagynda ejir çekenleriň sanynyň artmagyna garaşylýar.

Halas ediş işgärleri we ýaşaýjylar serhediň iki tarapyndaky birnäçe şäherde ýykylan binalaryň harabalygynyň arasynda diri galanlary gözlediler.

Ýer sarsgyny Kair ýaly uzakda ýerleşýän şäherde hem duýuldy.

Ýer titremesiniň ojagy Türkiýäniň Gaziantep şäheriniň demirgazygynda, Siriýa serhedinden 90 km uzaklykda ýerleşýär.