Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi diýip, “Orient” neşiri habar berýär.
Habarda aýdylmagyna görä, Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurlan ýokary amatlykly jaýlara müňlerçe maşgala göçüp geldi.
"Açylyş dabarasy ahalteke bedewlerine atlanyp, hatara düzülen ýigitleriň, artistleriň gatnaşmagynda, Beýik Ýüpek ýoluny ýatladýan, gadymy galalaryň, kerwensaraýlaryň, joşgunly Gündogar bazarlarynyň keşbi janlandyrýan çykyşlar bilen utgaşdy" diýip, "Türkmenportal" neşiri dabaradan düşürilen' bagtly' suratlary çap etdi.
Uludan tutulan dabara gatnaşyjylar "ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynda Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeline tagzym etdiler", onuň muzeýine baryp, “arhiw materiallary, dürli resminamalaryň we şahsyýetnamalaryň, şol sanda döwlet sylaglarynyň we harby derejeleriniň nusgalary, fotosuratlar bilen tanyşdylar”.
Şeýle-de, hökümetçi neşir täze jaýlara göçüp gelen maşgalalara prezidentiň adyndan sowgat gowşurylandygyny aýdýar.
Türkmenistanda gurulýan binalaryň açylyş dabaralaryny uludan tutmak we gadymy däp-dessurlar esasynda sahnalaşdyrmak praktikasy soňky onýyllyklarda adaty ýagdaýa öwrüldi we hökümet tankytçylary bu çäreleriň ýurtda dowam etdirilýän mejbury zähmetiň bir bölegi bolup durýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Azatlykdaky mellek eýeleri ol ýerden jaý satyn alyp bilmeýärler