Türkmen migrantlarynyň Türkiýede galmak üçin toplamaly resminamalarynyň sany artdy

Stambul

Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlary bu ýurtda galmak üçin zerur resminamalary taýýarlamakda täze kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ýaşaýyş rugsady üçin talap edilýän kagyzlaryň sanawyna olaryň resmi hasaba duran ýerlerinde ýaşaýandygyny subut edýän resminamalar goşuldy. Bu aralykda, puly bolman, dokumentlerini düzetmek üçin zerur resminamalary karz taýýarlatmak üçin mümkinçilik gözleýänleriň sany köpelýär.

Migrasiýa talaplaryna laýyklykda, Türkiýede wagtlaýyn ýaşaýyş rugsadyny sorap ýüz tutýan daşary ýurtlular beýleki resminamalaryň arasynda resmi hasaba alnan jaýlarynda kommunal tölegleri töleýändigi hakynda kwitansiýany görkezmeli. Bu elektrik togy, gaz ýa-da suw üçin hasap-fakturasy bolup biler.

Ýaşaýyş rugsady daşary ýurtlynyň Türkiýede kanuny esasda bolmagy üçin gerekdir. Ýaşamak üçin rugsat berlen möhlet, her bir aýratyn ýagdaýda migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenýär. Köplenç türkmenistanlylara berilýän rugsadyň möhleti 3 aýdan 6 aýa çenli bolýar.

Degişli maglumat Ýurist: Türkiýä wizasyz syýahatyň ýatyrylmagy türkmenleriň 'ýaşaýyş rugsadyny' kynlaşdyrar

Ýaşaýyş rugsadyny almak üçin migrasiýa gullugyna tabşyrmaly resminamalaryň bukjasyna pasport, öňki ýaşaýyş rugsadynyň göçürmesi, lukmançylyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasy we suratlar girýär. Indi bu sanawa kommunal tölegi barada kwitansiýa hem goşuldy.

Bu talabyň güýje giren takyk wagtyny anyklap bolmady, emma türkmenistanly migrantlaryň ençemesi bu talap barada ýylyň başynda, haçan-da Türkiýede galmak üçin rugsatnamanyň möhletini uzaltmak üçin täze dokumentleri toplap başlanda bilip galypdyr.

Bu talap, türkmenistanlylaryň ençemesiniň ýaşaýyş rugsadyny almak işini kynlaşdyrdy. Sebäbi olaryň köpüsi hasaba alnan jaýynda ýaşamaýar, olar propiska edinmek we zerur kagyzlary taýýarlamak üçin köplenç araçylaryň hyzmatlaryndan peýdalanýar.

Resminamalary ýygnamak hyzmatlaryny üpjün edýän araçy şirketleriň berýän kömeginiň bahasy hem gymmatlap bilýär. Bahalar agentlikleriň nyrhlary sebäpli tapawutlanýar. Ozal dürli agentliklerde dokument bukjasyny taýýarlamak üçin soraýan bahasy 2500 liradan 5000 lira çenlidi.

Saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň bahasy hem ýokarlandy. Şeýlelik bilen 2022-nji ýylyň başynda 1200 lira duran ätiýaçlandyryş şahadatnamasy indi 1650 lira çenli gymmatlady. Onuň bahasy hem tapawutlanýar we kompaniýalaryň öz nyrhlaryna we ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň sanawyna bagly bolýar. Adamyň ýaşy hem ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň bahasyna täsir edýär.

Täze düzgünler, ykdysady çökgünlik we Türkiýedäki görlüp-eşidilmedik inflýasiýanyň fonunda iş tapmak problemasy bilen ýüzbe-ýüz bolýan türkmen migrantlarynyň duçar bolýan agyr şertlerini has-da kynlaşdyrýar.

Soňky döwürde türkmenistanlylaryň Türkiýede galmak üçin zerur dokumentlerini düzetmek maksatly çykdajylaryny töläp bilmän, karzyna taýýarlamak haýyşy bilen araçy guramalara köp ýüz tutýarlar. Bu barada Azatlyga araçy hyzmatlaryny üpjün edýän şirketleriň işgärleri gürrüň berdiler. Şol bir wagtyň özünde, zerur kagyzlary ýygnamak üçin edilýän çykdajylar we tagallalar, ýaşaýyş rugsadynyň beriljegini kepillendirmeýär.

Degişli maglumat Türkmen raýatlary 10-njy noýabra çenli Türkiýeden çykmaga howlugýarlar

Migrasiýa gullugy, zerur resminamalaryň ählisiniň bardygyna garamazdan, türkmen raýatlaryna ýaşaýyş rugsadyny bermän bilýär. Ret edilen ýagdaýynda köplenç düşündiriş berilmeýär. Ýaşaýyş rugsady berilmedik halatynda resminamalary ýygnamak üçin sarp edilen puluň öwezi dolmaýar.

Araçy guramalaryň işgärleriniň bellemegine görä, soňky aýlarda Türkmenistanyň raýatlary üçin ýaşaýyş rugsatnamasynyň uzaldylmazlygy meselesi ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Şeýlelik bilen, ozal Türkiýede kanuny esasda ýaşan türkmen raýatlary hem bikanun ýagdaýa düşüp bilýär.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkiýe türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi. Ondan öň türkmen raýatlary Türkiýä wizasyz girip bilýärdi. Şol sebäpli Türkiýe 15 ýylyň dowamynda ýüzlerçe müň türkmenistanlylar üçin iň köp barylýan ýurda öwrüldi.

Koronawirus pandemiýasy türkmen raýatlarynyň Türkiýede kanun esasynda galmagyny kynlaşdyrdy. Köpüsi watanyna baryp gaýtmak, dokumentlerini sazlamak, pasportlarynyň möhletini uzaltmak mümkinçiliginden mahrum bolup, Türkiýede bikanun ýagdaýda galypdy.

Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda çap eden soňky sanlaryna görä, ýurtda Türkmenistanyň 222 090 raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Şeýlelikde, türkmen raýatlary Türkiýedäki daşary ýurtlularyň sany boýunça üçünji orny eýeleýärler. San taýdan birinji ýerde Orsýetiň raýatlary durýar.

Degişli maglumat Türkmen konsullyklarynda pasportlaryň möhletini uzaltmazlyk baradaky habar migrantlary alada goýýar

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.