Ýüzi örtülen manekenler. “Talybanyň” häkimiýeti astynda, ýurtda girizilen aýratyn düzgün

Talyplar yslam kanunlaryna berk eýerip, adam heýkellerini we suratyny gadagan edýärler. Şol kanunlaryň çäginde, şekiller sežde edilýän obýekte öwrülip biler diýip çaklaýarlar.

Yslamçy topar 2021-nji ýylda, häkimiýeti ele alandan soň, aýallary jemgyýetden çetleşdirmek maksady bilen repressiw kampaniýa başlatdy: aýal-gyzlara köpçüligiň öňünde açyk ýüz bilen görünmek gadagan edildi.

Ilki bilen "Talyban" Ýardam we sahawat ministrligi tarapyndan, ähli manekenleriň dükanlardan ýok edilmegine ýa-da olaryň kellesiz bolmagyna karar berdi.

Satyjylar egin-eşik harytlaryny ýeterlik derejede satuwa hödürläp bilmejekdiklerinden arz etdiler. Soňra taraplar ylalaşykly çözgüde geldiler.

Dükan eýeleri kyn ýagdaýa düşýärler: olar "Talybana" boýun bolmak hem müşderileri özüne çekmek işini deňeçer alyp barmaly boldular.

"Men manekenleriň kellesini plastik ýa-da erbet zatlar bilen örtüp bilemok, sebäbi olar meniň dükanymyň ýüzüni görkezýär we dükany erbet eder" diýip, Başir diýen söwdagär aýdýar. Beýleki dükan eýeleri ýaly, ol hem yzarlamalardan gorkup, adyny dogry aýtmakdan saklandy.

Telekeçiler üçin kyn döwürde, çäklendirmeler girizilýär. "Talybanyň" häkimiýete gelmegi hem-de halkara kömeginiň kesilmegi bilen Owganystanyň ykdysadyýeti ýumruldy.

Ajaýyp toý lybaslary Owganystanda hemişe meşhur bolupdyr. Toýlar "Talybanyň" ýolbaşçylygy döwründe, bezemen egin-eşik geýmek üçin galan az sanly mümkinçilikleriň biridir. Emma milletiň girdejisiniň çäklidigi sebäpli, bezemen lybaslardan gelýän girdeji özüni az ödeýär.

Başir söwdanyň iki esse azalandygyny aýdýar. «Toý lybaslaryny, agşam geýilýän we däp bolan egin-eşikleri satyn almagy adamlar indi ileri tutmaýarlar. Olar azyk satyn almak we güzeran aýlamak barada has köp alada edýärler» diýip, ol aýdýar.

Başga bir dükanyň eýesi Hakim manekenleriň ýüzüni alýumin folga bilen örtüpdir. «Men muny haýbat atmalar we gadaganlyklardan soň, manekenleriň öňküden-de özüne çekiji bolmagy üçin etdim" diýip, ol aýtýar.

Başga bir söwda dükanynyň eýesi Aziz manekenleriň kellesiniň ýokdugyna ýa-da örtülendigine gözegçilik üçin, Ýardam we sahawat ministrliginiň işgärleriniň dükanlara we söwda merkezlerine yzygiderli aýlanyp durýandygyny aýdýar. Ol "Talybanyň" düşündirişlerini ret edýär: "Manekenleriň but däldigini hemmeler bilýär ahyryn, olara hiç kim sežde etjek bolanok. Musulman ýurtlarynyň ählisinde, manekenler egin-eşigi görkezmek üçin ulanylýar".

Owal başda "Talyban" 1996-2001-nji ýyllarda häkimiýeti ilkinji gezek eýelän döwründe, güýje girizen ýowuz düzgünleri jemgyýete girizmejekdigini aýdypdy. Emma bu topar ýuwaş-ýuwaşdan, hususan-da, aýallara garşy çäklendirmeleri girizip başlady, olara köçede ýüzlerini örtüp ýöremegi girizdi.

"Olary görenimde, men manekenleriň hem duzaga düşendigini duýýaryn, mende ýüzugra gorky duýgusy döreýär. Göwnüme bolmasa, men özümi şu görkezilenleriň arkasynda, ähli hukuklardan mahrum bolan owgan aýallarynyň arasynda görýärin» diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran Rahima aýdýar.