Türkiýedäki türkmenler: Iş bazarynyň ýagdaýy, içerki syýasatyň migrantlara täsiri we türkmenleriň çykalgalary

Stambul. Türkiýe. Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň durmuş şertleri baradaky söhbetdeşlige gönükdirilýär.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 12-nji ýanwarda täzelän sanlaryna görä, häzirki wagtda Türkiýede 222 müň 90 türkmenistanly kanuny ýaşaýyş rugsady bilen Türkiýede ýaşaýar. Şolardan 90 müň töweregi türkmenistanly gysga möhletli ýaşaýyş rugsady bilen, 11 müň 800 töweregi türkmenistanly student ýaşaýyş rugsady bilen, 5 müň 254 adam bolsa maşgalalar üçin ýaşaýyş rugsady bilen Türkiýede ýaşaýar.

Türkmenistanlylar Türkiýedäki daşary ýurt raýatlarynyň umumy sany boýunça Russiýa we Yrak raýatlaryndan soň üçünji orunda durýar.

Türkiýe sentýabrda Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmen raýatlary üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Geçen dört ýarym aý töweregi wagtyň dowamynda türkmen migrantlarynyň durmuşynda nämeler özgerdi?

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýy we durmuş şertleri baradaky söhbetdeşlige gönükdirilýär. Gepleşigimize Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Ahmet Rahmanow gatnaşýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkiýedäki türkmenler: Iş bazarynyň ýagdaýy, syýasatyň migrantlara täsiri we türkmenleriň çykalgasy