Türkiýede jesedi tapylan türkmen zenanyň öldürilendigi anyklandy

Samsun, Türkiýe (illýustrasiýa suraty)

Türkiyäniň Samsun welaýatynyň Janik etrabynda iş ýerinde jesedi tapylan 21 ýaşly Türkmenistanyň raýaty Nurşat Muhammedowanyň 42 ýaşly söýgülisi, Türkiýäniň raýaty Kenan Pala tarapyndan döşüne sapança bilen atylandygy mälim edildi. Polisiýa tarapyndan saklanan Pala garşy "bilkastlaýyndan adam öldürmek" boýunça aýyplama bildirildi we sud işi başladyldy. Bu barada Türkiýäniň "Milliýet" gazeti 18-nji ýanwarda habar berdi.

Muhammedowanyň heläk bolmagy bilen bagly hadysa geçen ýylyň 26-njy noýabrynda Gülsem senagat emläginde bolup geçdi. Awtoulag tehniki hyzmatyny berýän iş ýerinde okuň sesini eşidenler polisiýa habar berdiler.

Jenaýatyň bolan ýerine gelen polisiýa topary Samsun uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş ylymlary fakultetiniň Halkara söwda we dolandyryş bölüminiň 1-nji ýyl talyby Muhammedowanyň jesedini tapdy.

Degişli maglumat Samsunda we Stambulda türkmen raýatlarynyň ölümi derňelýär

Bedeninde ýeke okuň yzy bolan Muhammedowa ölümden soňky barlaglardan soň Ankaranyň gonamçylyklarynyň birinde jaýlandy.

Gözleg işine başlan polisiýa, Muhammedowanyň iş ýeriniň eýesi bolan Kenan Palany adam öldürmekde güman edip tussag etdi. Sud ony tussag astyna almak barada höküm çykardy.

Pala özüne bildirilýän aýyplamalary inkär edýär, şeýle-de Muhammedowanyň psihiki meseleleriniň bolandygyny we şol sebäpli özüni heläkländigini öňe sürýär.

Samsun Baş prokuraturasy tarapyndan geçirilen derňew tamamlandy. Kenan Pala "bilkastlaýyndan adam öldürmek" aýyplamasy boýunça ömürlik türme tussaglygynyň berilmegi soraldy.

Kazyýet tarapyndan kabul edilen aýyplamada bu waka bilen bagly täze deliller peýda boldy. Derňewiň netijeleri boýunça şübheli Palanyň lybasynda ýarag galyndylarynyň tapylandygy bellenilýär.

Toplumlaýyn ballistiki we jenaýatyň bolan ýerindäki derňewleri we hasabatlary öz içine alýan aýyplama ýazgysynda Muhammedowanyň iş ýeriniň 2-nji gatynda ofisde Pala tarapyndan ýakyn aralykdan sapança bilen döşüne atylandygy aýdylýar.

Degişli maglumat Antalýada bir türkmenistanly 15 ýerinden pyçaklanyp öldürildi. Stambulda kellesi çapylan bir türkmen aýalynyň jesedi tapyldy

Mundan başga-da Muhammedowanyň galdyrandygy aýdylýan "hoşlaşyk" ýazgysynyň onuň özüniň ýazyp-ýazmandygynyň hem doly anyk däldigi bellenilýär.

Galyberse-de, iş ýerinde Pala bilen Muhammedowanyň arasynda ozal-da dawa-jenjelleriň bolandygy, hatda birek-birege gap-çanak zyňmak ýaly hadysalaryň hem ýüze çykandygy nygtalýar. Emma şol pursat bu ýagdaýlar boýunça polisiýa şikaýat edilmändir.

Azatlyk bu ýagdaýlaryň özgerişini yzarlamagy dowam etdirer.

Türkiýe Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, türkmen raýatlary tarapyndan okuw we iş üçin iň köp ýykgyn edilýän ýurtlaryň biri hasaplanýar.

Türk häkimiýetleriniň 12-nji ýanwarda çap eden soňky maglumatyna görä, Türkiýede 115 müňden gowrak türkmenistanly kanuny rugsat bilen ýaşaýar. Ýöne garaşsyz çeşmeler Türkiýedäki türkmenleriň umumy sanynyň resmi sanlardan ençeme esse köpdügini çaklaýarlar.

Türkmen häkimiýetleri Türkiýede okaýan we ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany, şeýle-de olar barada türk metbugatynda ýygy-ýygydan çykýan habarlar barada maglumat bermeýärler. Bu barada resmi metbugat hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.