Tatarystanyň prezidenti Berdimuhamedow bilen duşuşdy

Arhiw suraty. Rustam Minnihanow sapar wagtynda türkmen ýolbaşçylary bilen duşuşar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Aşgabada gelip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy diýip, hökümetçi neşirhabar berýär.

Minnihanow 19-njy ýanwarda Aşgabatda geçiriljek türkmen-rus Işewürler forumynyň umumy mejlisine, Arkadag şäherindäki metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşar diýip, Tatarystanyň prezidentiniň metbugat gullugy ýazýar.

Şeýle-de ol Aşgabatdaky «KamAZ» hyzmat ediş merkezine baryp görer, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar.

Degişli maglumat Prezidentleriň "KamAZ" söwdasy rus awtoulaglarynyň Türkmenistandaky monopoliýasyny dikeldýär