Türkmenistanda adaty klimat kadalaryndan aşa sowuk howa dowam edýän mahaly, Lebap welaýatynda oba ýaşaýjylary gaz üpjünçiliginiň pesliginden şikaýat edip, etrap prokuraturasyna bardylar. Ýaşaýjylaryň arz-şikaýatyndan soňra, sebite akdyrylýan gazyň basyşy dessine artdyryldy. Gaz üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň arasynda, Türkmenistan goňşy döwletlere akdyrýan tebigy gazyny wagtlaýyn togtadýar ýa-da onuň möçberini azaldýar.
16-njy ýanwardan 17-ne geçilen gije welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde we onuň töweregindäki etraplarda howanyň temperaturasy -18 gradusa çenli aşaklady.
Aýazly howada Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşiginde hojalyklaryň ýyladyş ulgamy üçin niýetlenen suw turbalary doňup, soňra-da ýaryldy.
"Jaýlaryň ýyladyş turbalaryndaky suwy gyzdyrmak üçin akdyrylýan gazyň basyşy juda pes. Turbalardaky suwuň gyzmagy beýle-de dursun, ondaky suwlar doňdy. Bu bolsa turbalaryň ýarylmagyna sebäp boldy. 17-nji ýanwarda oba ýaşaýjylary ýarylan turbalaryny surata düşürip, etrap prokuraturasyna bardylar. Olar mobil telefonlaryna düşüren suratlaryny görkezdiler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.
Degişli maglumat Aýazly howa: Aşgabatda tok, suw kesildi. Lebapda gaz üpjünçiligi pes. Maryda birnäçe öýde ýangyn dörediProkuratura işgärleri ýaşaýjylaryň arz-şikaýatlaryny diňläp, dessine olaryň öýlerine baryp, ýarylan turbalary gördüler. Soňra-da olar ýerli gaz edaranyň işgärlerini şol ýere çagyryp, "dessine gaz basyşy ýokarlandyrylmasa, onda olaryň jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigini" duýdurdylar.
"Aradan 45 minut geçip-geçmänkä oba ýaşaýjylarynyň öýüne akdyrylýan gazyň basyşy artdy. Gaz kadaly ýanyp başlady" diýip, oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Şondan soňra ýaşaýjylar gaz edaranyň işgärine gahar-gazap bildirip, olary turbalaryň ýarylmagyna sebäpkär bolmakda aýypladylar. Şeýle-de, ýaşaýjylar olary kazyýete berjekdiklerini we öz çeken maddy zyýanlarynyň öwezini dolmaga mejbur etjekdiklerini hem aýtdylar.
"Biz ýolbaşçylaryň görkezmesini ýerine ýetirýäris. Häzir ilkinji nobatda Türkmenabat şäheriniň, hassahanalaryň merkezleşdirilen ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegini üpjün etmek talap edilýär. Etrapdyr obalara iberilýän gazy tygşytlap, welaýat merkezini gaz bilen doly üpjün etmek tabşyryldy" diýip, ýaşaýjy bir gaz hünärmeniniň aýdan sözlerini sitirledi.
"Käbir ýaşaýjy köşeşdi, käbiri-de köşeşmedi. Sebäbi häzirki ykdysady şertlerde turbalaryň ýarylmagy ýaşaýjylar üçin artykmaç maddy çykdajy boldy. Köp ýaşaýjy ýarylan turbalardaky doňan suwlaryň ýuwaş-ýuwaşdan ereýändigi we öýüň içine suw damýandygy sebäpli häzirlikçe olaryň aşagynda bedre goýup gün görýär" diýip, ýaşaýjy sözüne goşdy.
Türkmenabadyň aglaba böleginde hem gaz üpjünçiligi pes bolup, merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär.
"Gaz üpjünçiliginiň pesligi sebäpli ilat ýylynmakda kynçylyk çekýär. Gaz plitalarynyň gözenekleri zordan ýanýar" diýip, habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Marynyň obalarynda ilat odun ýakyp ýylynýar, Lebapda gaz, elektrik üpjünçiligi ýaramazlaşýarAýazly howa sebitiň orta mekdeplerindäki okuwa hem täsir ýetirýär. 16-njy ýanwarda Türkmenabadyň we etraplaryň mekdeplerinde sapak geçilmedi. Mekdebe baran sanlyja okuwçy hem öýlerine ugradyldy.
"Mekdeplerde ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigi sebäpli otaglar buz ýaly. Köp ene-ata çagalaryny mekdebe ibermeýär. Köp mugallym sapak geçmeýär" diýip, habarçy belledi.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde gyşky dynç alyş günlerinden soň, okuwlar 13-nji ýanwarda gaýtadan başlady. Ýöne şondan bäri ýurtda dowam edýän aşa sowuk howa sebäpli ene-atalaryň köpüsiniň çagalaryny mekdebe ibermekden saklanýandygy barada Azatlyk ençeme gezek maglumat taýýarlady.
Sebitde dowam edýän aşa sowuk howanyň arasynda, ýangyç-energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda ilatyň gaz, elektrik üpjünçiligi has-da ýaramazlaşdy. Bu problema ilatyň ýylynmak bilen bagly meselelerini hem ýitileşdirdi.
Adatça bolşy ýaly türkmen häkimiýetleri adaty klimat kadalaryndan aşa sowuk howanyň arasynda, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç zat aýtman gelýärler.
Ýöne bu habarlaryň arasynda, Türkmenistan goňşy döwletlere akdyrýan tebigy gazyny wagtlaýyn togtadýar ýa-da onuň möçberini azaldýar.
"Upstream" neşiriniň özbek Daşary işler ministrligine salgylanyp, 16-njy ýanwarda çap eden maglumatyna görä, Türkmenistan goňşy Özbegistana gaz eksportyny togtatdy we Hytaýa akdyrýan gazynyň möçberini azaltdy.
Degişli maglumat Bug gazanlarynyň gaz üpjünçiligi bilen bagly aladalar hususy önüm öndürijileriň gazynyň kesilmegine getirýär"Gazeta.uz" neşiriniň habaryna görä, Türkmenistan Özbegistana akdyrýan gazynyň möçberini 12-nji ýanwarda azaldyp başlapdy.
Türkmenistan 12-nji ýanwarda Eýrana eksport edýän tebigy gazyny akdyrmagy hem bes etdi. "Tasnim" habar gullugy muňa Türkmenistanyň içerki gaz üpjünçilik ulgamyndaky kynçylyklaryň sebäp bolandygyny aýtdy.
Bular barada türkmen metbugatynda maglumat göze ilmeýär. Ýöne maglumatlar Türkmenistanyň gaz üpjünçilik ulgamynda meseleleriň bardygyny gytaklaýyn bolsa-da tassyklaýar.
Galyberse-de, 13-nji ýanwarda prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli dört resmä, şol sanda gurluşyk, senagat we energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Purçekowa we ýurduň "Türkmengaz” hem-de "Türkmenhimiýa" döwlet konsernleriniň başlyklaryna berk käýinç yglan etdi.
Howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiriniň habaryna görä, 17-nji ýanwardan 18-ne geçilen gije Türkmenistanyň demirgazyk-günorta we günorta sebitlerinde howanyň temperaturasynyň -13 we -18 gradus aralygynda bolmagyna garaşylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.