Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkezinde dini medresäniň gurulmagyny teklip etdi.
TDH onuň bu teklibi täze şäheriň gurluşyk işleri bilen tanşyp, bu ýerde bina ediljek baş metjidiň taslamalaryny synlan wagtynda edendigini habar berýär.
Şeýle-de, öňki prezident metjidiň gurluşygyna ýakyn wagtda başlamagyň we bu “ajaýyp waka” ähli halkyň “gatnaşmagynyň”, şu mynasybetli sadaka bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Habarda öňki prezident “Hajy Arkadag” hökmünde häsiýetlendirilýär we onuň ýolbaşçylygynda ýurduň dürli künjeklerinde döwrebap metjitleriň gurlandygy bellenilýär. Emma bu metjitleriň gurluşygyna harçlanan serişdeler barada maglumat berilmeýär.
Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, metjitleriň gurluşygy üçin ilatdan pul ýygnalýan halatlary hem bolýar.
Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň sakgal goýberýän, öz ynanjyna erkin uýmaga çalyşýan dindarlary yzarlaýandygy, onlarça dindaryň türmä basylandygy barada maglumat bar.
Degişli maglumat Türkmen prezidenti häkimleriň täze metjit gurmak tekliplerini tassyklady