Hytaýyň "Huawei" kompaniýasy Türkmenistanda uly şertnama “gazandy”

Bezeg suraty

"Huawei” kompaniýasynyň Türkmenistanda ýurduň fiksirlenen telefon toruny gowulandyrmak boýunça uly şertnama gazanandygy habar berilýär diýip, huaweicentral.com neşiri anyklaşdyrmazdan habar berýär.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bäşinji gün sanly ulgam arkaly geçiren hökümet mejlisinde ýurduň “aragatnaşyk ulgamyndaky ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny” nygtady, emma hytaý kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama barada hiç zat aýtmady.

Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Berdimuhamedow hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurduň ulag we aragatnaşyk gullugynyň "Huawei” bilen baglaşmaly şertnamalary baradaky karara gol çekdi diýip, hytaý neşiriniň habarynda bellenilýär. Emma gürrüňi edilýän şertnamalaryň umumy bahasy anyklaşdyrylmaýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew hökümet mejlisinde “sanly ulgama geçmekde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek we elýeterliligi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada” hasabat berdi.

Onuň sözlerine görä, ýurduň “welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde sanly telefon beketleri gurnalyp, bir ulgamyň üsti bilen dolandyrylýan telefon, ýokary tizlikli internet we IP telewideniýe ulgamlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän fiksirlenen telefon toruny döwrebap GPON ulgamyna çenli kämilleşdirmek, olaryň göwrümlerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar”.