Çärelere diňe 40 ýaşa ýetmedik zenanlar çekilmeli edilýär, ýolbaşçylar äýneksiz, saýawansyz bolmaly

Türkmenistanda bir baýramçylyk çäresine gatnaşydyrylýan aýal-gyzlar. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenabat şäher häkimliginiň resmileri üstümizdäki ýylyň dowamynda geçiriljek köpçülik çärelerine býujet işgärleriniň gatnaşmagynyň tertibi bilen bagly käbir täze üýtgetmeleri yglan edýärler. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna köpçülik çärelerine äýnekli we saýawanly gatnaşmak gadagan edilýär. Şeýle-de, mundan beýläk, çärelere diňe 40 ýaşa ýetmedik zenanlaryň gatnaşmalydygy nygtalýar. Häkimiýetler beýleki käbir ugurlar bilen bir hatarda ýene bir gezek “aýal-gyzlara gözegçilik meselelerine” ünsi çekýärler.

Gündogar sebitiň administratiw merkeziniň häkimligi 12-nji ýanwarda üstümizdäki ýylyň köpçülik çärelerini ara alyp maslahatlaşdy. Ýygnakda ýylyň dowamynda geçiriljek köpçülik çäreleriniň tertibi bilen bir hatarda beýleki käbir meseleler, şol sanda häkimiýetleriň aýal-gyzlara degişli milli lybas talaplary ýene bir gezek nygtaldy.

“12-nji ýanwarda Türkmenabat şäher häkimliginde uly ýygnak geçirildi. Duşuşyga döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri we ýolbaşçy düzümleri gatnaşdy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Ýylyň dowamynda geçiriljek köpçülik çäreleriniň guramaçylyk işleri, şol bir wagtda, edara-kärhanalarda aýal-gyzlaryň özlerini alyp baryşlaryna gözegçilik meseleleri ýygnagyň gün tertibine girizilen esasy ugurlar boldy.

Degişli maglumat Döwlet TW-si üçin köpçülikleýin çäreleriň nobatdakysy surata düşürildi

“Köpçülik çärelerine gatnaşýan aýal-gyzlar ýakaly, uzyn köýnek geýmeli, milli öýme dakynmaly. Çärelere gatnaşýan ýolbaşçy düzüme dabaralaryň dowamynda äýnek dakynmaklyk we saýawan götermeklik gadagan edilýär. Şeýle-de, çärelere diňe 40 ýaşa ýetmedik zenanlaryň gatnaşmalydygy bellenip geçildi” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen resmileri her ýyl baş maksady döwlet syýasatyny mahabatlandyrmakdan we wagyz etmekden ybarat bolan köpçülik dabaralarynyň tertibini taýýarlaýar. Şeýle dabaralara býujet işgärleri köplenç mejbury gatnaşdyrylýar.

Türkmenabadyň şäher häkimliginde geçirilen ýygnaga gatnaşyjylar öňki ýyllardan tapawutlylykda bu ýyl has köp çäräniň meýilleşdirilýändigini aýdýarlar.

Duşuşygyň dowamynda dabaralaryň guramaçylyk işleri bilen bir hatarda edara-kärhanalarda “aýal-gyzlaryň iş ýerlerinde özlerini alyp baryşlaryna gözegçilik meselelerine hem seredildi” diýip, býujet işgärleri aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri hususan-da soňky bir ýyl töweregi wagt bäri zenan raýatlara, olaryň iş ýerlerinde özlerini nähili alyp barmalydyklaryna, nähili egin-eşik geýmelidiklerine, haýsy gözellik serişdelerinden peýdalanyp, özlerine nähili serenjam bermelidiklerine gözegçilik etmegi möhüm zerurlyk hasaplaýar.

Türkmenabatda geçirilen ýygnakda häkimiýetler zenanlaryň iş ýerlerinde özlerini alyp baryşlaryna gözegçilik etmegiň wajypdygyny ýene bir gezek nygtadylar.

Sebit ýolbaşçylaryna görä, aýal-gyzlar iş ýerlerinde milli lybaslarda bolmaly, öýme ýa-da ýaglyk dakynmaly, saçlaryny boýamaly däl, ýasama dyrnak goýdurmaly däl, dyrnaklaryny ösdürmeli däl, ýasama kirpik goýdurmaly däl. Şeýle-de, aýal-gyzlaryň saçlary öýmeleriň ýa-da ýaglyklaryň aşagyndan köp görünmeli däl, zenanlaryň saçlarynyň köp bölegi öýmeleriň ýa-da ýaglyklaryň aşagynda bolmaly.

Degişli maglumat “Ýene-de başlandy...”: Býujetçiler mejbury çäreleriň köpelmeginden nägile bolýar

Şäher häkimliginde geçirilen ýygnaga gatnaşyjy ýolbaşçy düzüme öz garamagyndaky işgärler bilen ýygnaklary geçirmek we bu meseleleri gozgamak tabşyryldy.

Ýygnakda türkmen zenanlarynyň ahlagyna has köp üns berildi diýip, býujet işgärleri aýdýarlar.

Köpçülik çärelerinde zenanlar gök we gyzyl köýnekleri geýmeli edilýärler. Şeýle-de, çärä gatnaşýan aýal-gyzlaryň milli öýme ýa-da ýaglyk dakynmaklary gaýta-gaýta nygtaldy.

Azatlyk Radiosy zenanlara degişli çäklendirmeler we köpçülik çäreleri bilen bagly täze talaplar boýunça Türkmenabadyň şäheri häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň ähli sebitlerinde yzygiderli geçirilýän köpçülik çäreleri we şeýle çärelere býujet işgärleriniň, okuwçy ýaşlaryň we talyplaryň mejbury çekilmegi baradaky maglumatlar boýunça beýanat bermeýär.

Döwlet syýasatyny mahabatlandyrýan we wagyz edýän mejbury çärelerde köplenç baýramçylyk tanslary, çykyşlar, sahna oýunlary ýerine ýetirilýär, oglan-gyzlar tans edýär, döwlet ýolbaşçylaryny öwýän aýdym-sazlar ýaňlanýar. Şeýle çärelerde býujet işgärleri we talyplar köplenç mejbury tomaşaçy, ýa-da janly diwar hökmünde ulanylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.