Işsizleriň migrasiýa çykalgasy maşgalalary bozýar, çagalary ýetim goýýar

Stambul. Bezeg suraty

Gaza baý ýurduň ilatynyň migrasiýa çykalgasy maşgalalary bozmagyny dowam etdirýär, barha kän çagany ýetim goýýar diýip, synçylar aýdýar. Emma resmi Aşgabat soňky ýyllarda döredilen emeli pasport päsgelçilikleri, syýahat çäklendirmeleri netijesinde daşary ýurtlara işlemäge giden raýatlarynyň ýagdaýyny ýeňilleşdirjek, olaryň maşgala gatnaşyklaryny kadalaşdyrjak çäreleri görmäge howlukmaýar. Netijede, häkimiýetlere ynamlaryny ýitiren we daşary ýurtdaky çörek gazanyjylar yzyma geljek diýse, olaryň gaýdyp ýurtdan çykyp biljegine ynanmaýan ene-atalar, biz bilen açyk söhbetdeş bolan aktiwistiň sözlerine görä, "Gelme, bärde iş ýok, işle şol ýerde, başarsaň aňyrrak git, Ýewropa aşjak bol” diýip sargyt edýärler. Azatlygyň Türkiýedäki habarçysynyň beren maglumatlaryndan we türkmen migrantlary bilen bagly jenaýat habarlaryndan çen tutulsa, Türkmenistanyň migrantlar we maşgalalar meselesiniň çözülmegine bireýýäm wagt ýetdi.

Azatlyk bilen Pragada, Türkmen gullugynyň studiýasynda söhbetdeş bolan aktiwist Nurmuhammet Annaýewiň pikiriçe, Türkmenistanyň migrantlar we bozulýan maşgalalar meselesiniň çözgüdi ýurtdaky ykdysady meseleleriň çözgüdine, adamlaryň öý ýurdunda sekiz sagat işläp, ýeterlik gazanç edip bilmegine bagly. Ýöne ol häkimiýetlerde bu meseläni çözmäge ukyp görmeýändigini, ýagdaýy üýtgetmegiň halk köpçüliginiň öz hukuklaryny talap etmegi öwrenmegine baglydygyny öňe sürýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Hepdäniň jemi #2 (14.01.2023 ý.)

Degişli maglumat Ýylyň jemleri: Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň aýgytly ýyly

Zähmet migrasiýasyndaky agyr şertler, gazanç etmäge giden erkegiň ýa aýalyň kyn ýagdaýa düşmegi olaryň yzynda zordan güzeran aýlaýan, käbiri bireýýäm bozulan maşgalalara, şeýle maşgalalardaky çagalaryň ruhy saglygyna agyr zarba urýar diýip, anonimlik şertinde gürleşen aktiwist aýtdy. Emma türkmen häkimiýetleri, hökümet tankytçylarynyň pikiriçe, raýatlary zähmet migrasiýasyna iterýän ykdysady kynçylyklary, işsizligiň, inflýasiýanyň, jenaýatçylygyň hakyky derejelerini, döwlet edaralarynda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýany, bilim, saglyk ulgamynda emele gelen agyr ýagdaýlary resmi taýdan tassyklamagyň deregine, uly ösüş sanlaryny çap etmegi dowam etdirýär.

Şol bir wagtda, türkmen metbugaty daşary ýurtlardaky raýatlarynyň, studentleriniň düşýän kyn ýagdaýlary, jenaýatda tutulyşy barada çykýan habarlary görmezlige salýar.

Uzaga çeken we soňy görünmeýän ykdysady kynçylyklar, aýdylmagyna görä, adamlaryň her hili dertlere ulaşmagyna, biwagt ajalyna, jenaýata baş goşmagyna, öz janyna kast etmegine hem alyp gelýär, emma türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda ýogalanlaryň jaýlanmagyna-da, olaryň yzynda galan maşgalalaryna-da ýeterlik hemaýat etmeýär.

“Puluň bolmasa, ejeňe, kakaňa-da gerek däl ekeniň. Iberýän pulum ýetmänsoň, gelnimi aglap gider ýaly etdiler, ejemiň ýüzüne gelip bilmän, ýeke çagamy ataly ýetim goýdum” diýip, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen türkmen migranty Stambuldan telefonda beren gürrüňinde aýtdy.

Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, ejesi bilen aradaky yzgytsyzlyk zerarly, ol "öý bilen gürleşen güni ýüregi agyryp, näçe ýadaw hem bolsa, uzak gijäni ukusyz geçirýär”.

“Bu diňe meniň ýagdaýym däl, başga-da ene-atasyndan zeýrenýän kän. Bizi iş malydyr öýdýärler, ýöne iş malyna hem beýle çemeleşseň, uzak işe ýaramaz” diýip, 30 ýaşlaryndaky ýigit fiziki we ruhy argynlygyň ýaş adamlary alkogoldan, neşe maddalaryndan 'haraý gözlemäge' itekleýändigini hem sözüne goşdy.

Türkmenistandaky işsizlik diňe erkekleriň däl, aýallaryň hem köpçülikleýin zähmet migrasiýasyna gitmegine, olaryň bir toparynyň durmuşynyň, maşgalasynyň bozulmagyna, has agyr ýagdaýlara düşmegine alyp geldi. Emma türkmen häkimiýetleri ne migrant erkekleriň, ne-de migrant aýallaryň sanyny çap edýär.

Degişli maglumat Türkmen raýatlaryna türk wizasyny almak üçin goşmaça resminama gerek bolar

Türkiýedäki habarçymyzyň hasaplamalaryna görä, işsizlik türkmen aýallarynyň hem köpüsini ozal wizasyz, aňsat gelip bolan we iş tapyp bolan ýurtda, "Türkiýede işlemäge mejbur edýär”. “Türkmen aýallarynyň bu ýerde iş tapmak we degişlilikde köpräk gazanç etmek mümkinçiligi erkekleriňkä garanda artykmaç" diýip, ol aýdýar.

Şol bir wagtda habarçy Türkiýä işlemäge gelen erkekleriň hem az däldigini, ýöne olaryň durmuş we iş setleriniň aýallaryňka garanda agyrdygyny, gazançlarynyň bolsa umuman aýallaryňka garanda azdygyny belleýär.

Türkiýede aýallar esasan öý hyzmatçysy bolup işleýärler, garrylara we syrkawlara ideg edýärler ýa-da kiçi çagalara seredýärler. Ýöne bu işleriň hemmesi fiziki taýdan gaty agyr işler hasaplanýar diýip, habarçy Türkiýedäki iş berijileriň, aýlyk töleseler, “işçisine azar bermäge hem hukugynyň bardygyna ynanýandyklaryny” aýdýar.

“Bu hili işlerde işleýän aýallar günde 12-14 sagatlap işleýärler we köplenç gijelerine hüşgär bolmaly, ukudan oýanyp, işine ýetişmeli bolýar.” Habarçynyň maglumatyna görä, “beýle kynçylyklara uzak çydap bilmeýän" we her hili ýol gözleýän aýallar hem bar.

Şeýle aýallaryň soňra has çylşyrymly ýagdaýlara düşýän halatlary hem bar diýip, Türkiýedäki zähmet migrantlarynyň durmuşyny ýakyndan synlaýan habarçymyz gürrüň berýär.

Mysal üçin, Türkmenistanda resmi taýdan durmuşa çykan we iki çaganyň enesi bolan aýal Türkiýä işlemäge geldi. Emma ol Türkiýedäki durmuşyň kynçylyklaryna uzak çydap bilmedi we ýerli, maşgalaly bir erkegiň söýgülisi bolup, onuň bilen bile ýaşamaga başlady. Şu aralykda onuň Türkmenistandaky adamsy jaň edip, çagalarynyň garaşýandygyny aýtdy we onuň derrew yzyna, öýüne gaýdyp gelmegini talap etmäge başlady diýip, habarçy sözüni dowam etdirdi.

Şundan soň, türk erkegi bilen ýaşaýan türkmen zenany yzda galan adamsy bilen aýrylyşmak kararyna gelýär. Emma ol aýrylyşmaga razy bolmaýar.

Netijede, bu aýalyň söýgülisi onuň resmi äriniň razylygyny almazdan aýrylyşyp bilmegi üçin aklawçy tutýar. Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, ol aýal adamsyndan resmi ýagdaýda aýrylyşyp, Türkiýede bir erkek bilen resmi nikalaşmak we türk raýatlygyny almak hyýalyna münýär. Bu maksada ýetmek üçin oňa resmi taýdan öýlenmäge razy bolan garry adam hem tapylýar.

Ýöne ýerli erkekler bilen durmuş gurmak hemişe kynçylyklaryň gutarjakdygyny, migrant aýalyň öz göwün islegine görä ýaşap başlajakdygyny aňlatmaýar.

Mysal üçin, Türkmenistandan gelen aýallaryň biri ilki bir türk raýaty bilen durmuş gurup, soňra aýrylyşdy diýip, habarçymyz bu aýalyň soňra özünden on ýaş kiçi erkek bilen ýaşamaga başlandygyny, onuň öýlenmegi teklip etmegine garaşyp, geljekde resmi durmuş gurmak arzuwy bilen ýaşaýandygyny gürrüň berdi.

Degişli maglumat Stambul: Türkmen migrantlary ýene-de alkogol bilen zäherlendi

Emma ol adam bu aýaly ne ene-atasy, ne dostlary we kärdeşleri bilen tanyşdyrýar, hatda özüniň işleýän ýerini hem gizlin saklaýar; türkmenistanly aýal bolsa, “munuň maňa öýlenmek niýeti hem ýok” diýip, her gün diýen ýaly aglaýar. Habarçymyzyň gürrüň bermegine görä, gürrüňi edilýän aýal bir dükanda satyjy bolup işleýär we işe köplenç içgili halda gelýär.

Elbetde, bu faktlar Türkiýede işleýän türkmenistanly aýallaryň ählisiniň şeýle agyr ýagdaýlara düşýändigini asla aňlatmaýar. Ýöne zähmet migrasiýasyna gelen aýallaryň käbiriniň ýüz urýan işleri beýleki ildeşlerini “gaty gynandyrýar”, şol sanda käte “halal işläp ýören aýallara-da gyýa göz bilen garalmagyna sebäp bolýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen migrant aýtdy.

Habarçymyzyň ýene bir maglumatyna görä, Türkmenistandaky çagalaryny we adamsyny eklemek üçin Türkiýä gelen aýallaryň biri “başga bir ýol tapýar”.

“Ol öz etjek hyzmatlarynyň bahasyny aýdýar we eger erkek razy bolup, oňa diýen puluny berse, türkmenistanly erkek bilen birnäçe aý bile ýaşap, oňa aýaly hökmünde hyzmat edýär. Soň ol bu hili hyzmaty başga birnäçe türkmenistanla edýär. Eger bir erkek bilen ýaşap ýörkä, başga bir adam oňa jaň edip, diýen puluny tölemäge razy bolsa, ýaşaýan adamyny taşlap, başga bir erkegiň ýanyna gidýär” diýip, habarçymyz bu aýal bilen ýaşan erkekleriň käbiriniň onuň Türkmenistandaky resmi adamsyny hem tanaýandyklaryny gürrüň berdi.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy “Maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegini”, şeýle-de “maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegini” kepillendirýär.

Mundan başga, bu kanun “maşgalada ahlak ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyny”, “maşgalada ata-enäniň zähmet işini maşgala borçlary bilen utgaşdyrmagy üçin amatly şertleriň döredilmegini” esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.