26-njy martda Türkmenistanda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Milli geňeşiň Mejlisiniň 12-nji ýanwarda kabul eden karary “döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak”, “saýlaw kanunçylygynyň kadalaryny berjaý etmek” bilen düşündirlýär.
Bu habar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjy häkimiýetiň bir palatadan ybarat ulgama öwrülmegini we has giň ygtyýarlyklary bolan Halk Maslahatyny gaýtadan esaslandyrmagy teklip etdeninden soň çap edildi.
Türkmenistanda hiç wagt halkara guramalary tarapyndan adalatly we azat diýlip baha berlen saýlaw geçirilmedi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň parlamenti ýeke palataly ulgama dolanýar, Halk Maslahaty gaýtadan esaslandyrylýar