Türkmenistanyň parlamenti ýeke palataly ulgama dolanýar, Halk Maslahaty gaýtadan esaslandyrylýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjy häkimiýetiň bir palatadan ybarat ulgama öwrülmegini we has giň ygtyýarlyklary bolan Halk Maslahatyny gaýtadan esaslandyrmagy teklip edýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.