Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjy häkimiýetiň bir palatadan ybarat ulgama öwrülmegini we has giň ygtyýarlyklary bolan Halk Maslahatyny gaýtadan esaslandyrmagy teklip edýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň bilelikdäki ýygnagynda eden çykyşynda “döwrüň ösüp-özgerip barýandygyny nazara alyp, ýurduň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny” aýtdy.
Türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy öz çykyşynda iki ýyl ozal esaslandyrylan iki palataly kanun çykaryjy ulgamyň “öz wezipelerini üstünlikli amala aşyrýandygyny” aýtdy, ýöne şonda-da ony ýatyryp, halk häkimiýetine wekilçilik edýän Halk Maslahatyny gaýtadan esaslandyrmagy teklip etdi.
Degişli maglumat Türkmenistan Döwlet maslahatyna taýýarlanýarBu teklipleriň yz ýany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi “halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny – Halk Maslahatyny döretmek boýunça başlangyç bilen çykyş etmek we bu mesele boýunça prezidente ýüzlenmek” barada bilelikde Karar kabul etdi.
Bu karardan soň, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-nji ýanwarda Aşgabadyň Maslahatlar köşgünde Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny geçirmek hakynda permana gol çekdi.
Täze teklip edilýän üýtgetmelere laýyklykda, gaýtadan esaslandyryljak Halk Maslahatyna giň ygtyýarlyklaryň berilmegi göz öňünde tutulýar: täze Halk Maslahatyna Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny makullamaga, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmäge ygtyýar berilýär.
Şeýle-de, täze Halk Maslahatyna ýurduň içeri we daşary syýasatyny makullamaga ygtyýar berilýär.
Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň düzümine Halk Maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň prezidenti, Mejlisiň başlygy, Ýokary kazyýetiň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, Adalatçy, Baş prokuror, adalat ministri, welaýat, etrap we şäher häkimleri we beýlekiler girizilýär.
Şeýlelikde, täze Halk Maslahaty döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet ulgamlaryny özünde jemlär.
Türkmenistanyň parlamenti iki ýyl ozal, Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen iki palataly ulgama geçirildi. Munuň yz ýany, Berdimuhamedow kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň başlygy wezipesini eýeledi.
Bu aralykda, Türkmenistanda 2022-nji ýylyň martynda prezident çalyşdy: iň ýokary döwlet wezipesi Gurbanguly Berdimuhamedowdan onuň 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirildi.
Muňa garamazdan, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň syýasy we jemgyýetçilik sahnasynda öz täsirini saklap galdy. Daşary ýurt döwletleriniň liderleri bilen duşuşdy, döwlet baştutanlarynyň sammitlerinde Türkmenistana wekilçilik etdi, döwlet mediasynda Arkadag hökmünde yzygiderli wasp edildi.
Ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň edara ediş merkezine Arkadag adyny dakmak barada karar kabul edildi. Geçen döwrüň dowamynda Berdimuhamedowlar maşgalasynyň, ata we ogul Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty yzygiderli dabaralandyryldy.
Degişli maglumat 2022-nji ýyl Türkmenistanda prezidentligiň 'maşgala mirasdüşerligi' arkaly geçirilmegine şaýat boldyTürkmenistanyň Konstitusiýasyna görä, häzirki Milli Geňeşiň ýokarky palatasynyň başlygyna ýurtda prezidentden soň ikinji adam hökmünde garalýar.
Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ygtybarly çeşmesi Halk Maslahatyny parlamentden aýyrmak baradaky kararyň eýýäm geçen tomus kabul edilendigini aýdýar.
“Ilkibaşda, olar ‘Döwlet maslahaty’ diýilýäni döretmegi meýilleşdirdiler. Ýadyňyzda bolsa, olar hatda Garaşsyzlyk güni mynasybetli däp bolan Halk Maslahatyny geçirmäge derek, ‘Döwlet maslahatyny’ geçirmegi yglan etdiler. Döwlet maslahatynda Gurbanguly [Berdimuhamedowy] maslahatyň (Döwlet maslahatynyň) başlygy yglan etmek, Arkadag adyny döwletiň iň ýokary adamy hökmünde yglan etmek meýilleşdirildi” diýip, çeşme aýtdy, ýöne soňra, bu planlardan el çekilendigini sözüniň üstüne goşdy.
Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, 23-nji sentýabrda Aşgabatda Döwlet maslahaty geçirildi.
Çeşme döwlet häkimiýetinde özbaşdak Halk Maslahatynyň Berdimuhamedowlar häkimiýetiniň has-da berkidilmegine mümkinçilik berjekdigini aýdýar.
Aşgabatly syýasatşynas Kümüş Baýriýewa 12-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren ýazmaça synynda Türkmenistanda iki palataly parlamentiň terk edilip, onuň ýeke palatadan ybarat ulgama geçirilmegini we giň ygtyýarlyklary bolan Halk Maslahatynyň gaýtadan esaslandyrylmagyny Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz-özüni söýüjiligi, öz mertebesini götermek islegleri bilen ilteşdirdi.
Syýasatşynasyň ynanjyna görä, uly Berdimuhamedow häzirki parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy wezipesi bilen kanagatlanmaýar we teklip edilýän täze Halk Maslahatynyň üsti bilen döwlet häkimiýetiniň ähli ulgamlaryna gözegçilik etmek, şol bir wagtda "milletiň ruhy lideri" bolmak meýillerine ymtylýar.
Täze teklip edilýän üýtgetmeler gaýtadan esaslandyrylmagy göz öňünde tutulýan döwlet häkimiýet edarasyna has giň ygtyýarlyklary berýär. Ýöne, muňa garamazdan, Türkmenistanyň häzirki Konstitusiýasynyň 68-nji maddasy “Türkmenistanyň prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr” diýýär.
Gaýtadan dikeldiljek Halk Maslahatynyň gurluşy bilen bagly detallaryň 21-nji ýanwarda geçiriljek bilelikdäki parlament mejlisinde has-da aýdyňlaşmagyna garaşylýar.
Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçiliki edarasy gaýtadan dikeldilse, Türkmenistanda Halk Maslahaty atly häkimiýet edarasy ýurduň 30 ýyldan gowrak garaşsyzlyk taryhynda üç gezek ýatyrylyp, dördünji gezek gaýtadan esaslandyryldygy bolar.
Mundan ozal döredilen Halk Maslahatlary öz döwründe Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowy ömürlik prezident yglan etmek, Türkmenistanda ilatyň mugt elektrik energiýasy, gaz we suw bilen üpjün edilmegini ýatyrmak, 2002-nji ýylyň noýabr aýynda Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakada aýyplanýanlara günä bildirmek ýaly başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Türkmenistanda döwlet häkimiýetiniň gurluşyna girizilýän üýtgetmeler we ýokary döwlet wezipesinde rollaryň alyşylmagy ýurduň içeri we daşary syýasatynda iri özgerişleri netije bermeýär. Türkmenistanda 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän awtoritar syýasat dowam etdirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.