Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden bäri ilkinji gezek Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrdy. HHR-niň lideri Si Jinping bilen gepleşikleriň dowamynda, "hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň özeni" gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boldy diýilýär.
Türkmenistan öz gazyny bu ýurda Merkezi Aziýadan gurlan turbageçiriji bilen eksport edýär. Mundan ozal Bişkek we Pekin türkmen gazyny Gyrgyzystanyň territoriýasyndan geçirip, Hytaýa akdyrmak barada ylalaşypdy.
Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa ilkinji döwlet sapary 5-6-njy ýanwarda bolup geçdi. Geçirilen gepleşiklerde Pekin bilen Aşgabadyň arasynda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns berlendigi habarlarda aýdylýar.
Resmi taýdan Türkmenistanyň prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň lideri Si Jinpingiň duşuşygynda energetika, söwda we oba hojalygy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.
Türkmenistan tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Soňky ýyllarda Aşgabat Hytaýa "mawy ýangyjy" has köp eksport edýär.
Serdar Berdimuhamedowyň Pekine saparynyň çäginde, energetika pudagynda nähili ylalaşyklaryň gazanylandygy häzirlikçe belli däl. Emma Azatlyk Radiosynyň Hytaý boýunça bilermeni Rid Stendiş gepleşikleriň dowamynda, gaz üpjünçiligi meselelerine aýratyn üns berlendigine şübhelenmeýär:
‒ Meniň pikirimçe, bu möhüm wizit, sebäbi Serdar [Berdimuhamedow] prezident bolandan soň, bu onuň Hytaýa ilkinji sapary. Elbetde, şuňa çenli ol dürli sammitlerde Si Jinping bilen ýüzbe-ýüz duşuşdy. Şeýle-de, ol prezident bolmazyndan öň hem Hytaýa sapar eden türkmen wekiliýetiniň düzüminde gidipdi. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini meýilleşdirmek nukdaýnazaryndan, bu sapar uly ähmiýete eýedir. Bilşiňiz ýaly, Hytaý bilen Türkmenistan gatnaşyklarynda esasy agdyklyk edýän ugur energetika, aýratyn-da, tebigy gaz bolup durýar – diýip, Rid Stendiş aýdýar.
Hytaýyň Lanzhou uniwersitetiniň mugallymy Wang Sihaý ýerli telewideniýäniň CGTN kanaly bilen eden interwýusynda, "Geljekde Pekiniň ‘mawy ýangyja’ bolan zerurlygy öser" diýip çaklady:
‒ Biziň Türkmenistan bilen energetika pudagynda, hususan-da, gaz pudagynda hyzmatdaşlygymyz örän giň. Bu uzak möhletleýin, köptaraply we çylşyrymly prosesdir. Başgaça aýdylanda, tutuş bir strategik desgalaryň bitewi toplumy barada gürrüň gidýär. Hytaýyň ykdysadyýeti örän çalt depginde barýar, şonuň üçin bize daşary ýurtdan tebigy gaz gerek. Indi Hytaý "mawy ýangyjy" uly möçberde import eder. Munuň üçin bize uzak möhletli hyzmatdaşlyk zerur – diýip, ol aýdýar.
Degişli maglumat Pekin Aşgabatdan 250 mlrd kub metr gaz alandygyny aýdyp, nyrh barada dymýarTürkmenistanyň döwlet neşirleriniň Hytaýyň Baş Gümrük dolandyryş edarasyna salgylanyp beren resmi maglumatyna görä, Hytaý soňky 11 aýyň
dowamynda, Türkmenistandan 9 milliard 28 million dollarlyk tebigy gazy satyn alypdy.
2013-nji ýylyň sentýabr aýynda, Bişkek we Pekin türkmen gazyny Gyrgyzystanyň üsti bilen Hytaýa akdyrmak barada ylalaşdylar. Habarlarda aýdylyşyna görä, turbageçirijiniň umumy uzynlygy müň kilometre golaý bolar diýildi, onuň 400 kilometri Täjigistanyň territoriýasyndan geçmelidi, 224 km. hem Oş oblastynyň Çon-Alaý etrabynyň territoriýasyndan Hytaýa barmalydy.
2022-nji ýylyň noýabrynda Gyrgyzystan Respublikasynyň ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew Türkmenistandan Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen Hytaýa geçmeli gaz geçirijiniň gurluşygynyň entek başlanmandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň esasy girdeji çeşmesi energiýa serişdeleriniň eksporty bolup durýar. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylda işe girizildi. Hytaý bilen energetika hyzmatdaşlygy Türkmenistana gazyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik döretdi. Emma Türkmenistandan esasy gaz alyjy bolan Russiýa 2016-njy ýylda, türkmen gazyny import etmegini bes etdi. Şeýle-de, Eýran hem Türkmenistandan gaz satyn almagyny wagtlaýyn togtatdy. Bu ýagdaýa birnäçe ýyl ozal Türkmenistanda ykdysady krizisiň döremeginiň sebäpleriniň biri hökmünde garalýar.
Russiýa 2019-njy ýylda Türkmenistan bilen gaz ylalaşygyny ýaňadan uzaltdy, emma ol öňki ýyllara garanyňda has az möçberde boldy. Türkmenistan energiýanyň ýeke-täk alyjysy hökmünde Hytaýa garaşly boldy.
Hytaýyň gaza mätäçligi we Türkmenistanyň ýangyç satyn alyjylary tapmak zerurlygy bu iki awtoritar ýurdy has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge iterýär.
Pekin bilen Aşgabat 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda, strategiki hyzmatdaşlyk baradaky deklarasiýa gol çekdiler. Türkmenistan Hytaý üçin strategik ähmiýete eýe bolan "Bir guşaklyk – bir ýol" maksatnamasyny işjeň goldaýar.
Degişli maglumat Türkmen, türk we azeri liderleri Awazada duşuşdySoňky statistik maglumatlar bu iki döwletiň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösýändigini görkezýär. 2022-nji ýylyň ýanwaryndan, noýabr aýy aralygyndaky döwür üçin, ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň
möçberi 10 milliard amerikan dollaryndan geçdi, munuň özi iki ýyl öňküsinden 53% artyk.
Türkmen gazy bilen gyzyklanýan ýeke-täk ýurt diňe Hytaý däl. 14-nji dekabrda türki dilli üç ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen sammitde, türkmen gazyny Azerbaýjanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa satmak meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berildi. Mälim bolşy ýaly, taraplar meýilnamany amala aşyrmak üçin, ýörite iş toparyny döretdiler. Türkiýäniň öňe sürmeli bu taslamasynyň takyk haçan durmuşa geçiriljegi häzirlikçe belli däl.
Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan geçen ýylda Azerbaýjan bilen Hazar deňziniň aşagyndaky nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça ylalaşyga geldiler. Şeýlelikde, bu iki döwletiň arasynda 30 ýyllap dowam eden dawanyň soňuna nokat goýuldy.
Makala Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.