Türkmenistanda howa ýene-de adaty bolmadyk derejede sowady. Howanyň temperaturasy ýene-de minus 20 gradusa ýakynlaşýar. Paýtagtda, käbir jaýlar, öňki ýyllardan tapawutlylykda ýylylyk bilen has kadaly üpjün edilýär, beýleki şäherlerde ýyladyş, gaz we elektrik togy kesilýär.
Aşgabatda pes temperaturada garyň hem ýagmagy köçeleri buz örtmegine sebäp boldy. Azatlygyň habarçysy bu gezek howanyň sowamagy barada döwlet metbugatynda öňünden habar berlen hem bolsa, paýtagtyň howa şertleriniň ýaramazlaşmagyna ýene-de taýyn däldigini belleýär.
"Diňe merkezi köçeler arassalanýar, gum sepilýär. Pyýadalar üçin ýodalar bolsa, asla arassalanmaýar we onuň üstünde typýan bir örtgi emele geldi. Köçe süpürijiler pyýadalar üçin ýodalaryň taýpançak ýerlerine gum sepmeýärler. Mermer basgançaklaryň ýylmanak üstleri-de, şol sanda ýerasty geçelgeler hem howply ýere öwrülýär" -diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 11-nji ýanwarda aýtdy.
Türkmen döwlet telewideniýesi howanyň sowajagyny 8-nji ýanwarda "Watan" programmasynda habar berdi. Soňra 9-njy ýanwarda, agşam Aşgabatda şu ýylyň ilkinji garynyň ýagandygy habar berildi.
Habarçynyň sözlerine görä, şu günler ýollardaky buz ýykylmak we ýaralanmak howpuny döredipdir: “Düýn we şu gün adamlaryň ýykylmagy we ýaralanmagy ýaly ýagdaýlar köp boldy. Adamlaryň ýykylyp, şikes almagy, ýaralanmagy we süňküniň döwülmegi ýaly ýagdaýlar köp bolýar, şeýle ýagdaýlar edaralaryň, hatda hassahanalaryň golaýynda-da bolýar. Hassalar we işärler hem ýykylýar”.
Habarçynyň sözlerine görä, onuň ýaşaýan kwartirasynda gaz, suw we elektrik togy bar, şeýle-de soňky ýyllarda ilkinji gezek hatda ýyladyş sistemasy hem işleýär. Ýöne şäheriň hemme ýerinde beýle däl.
"Mende gaz, suw we elektrik togy bar, hatda turbalaram (batareýalar ýok), soňky ýyllarda ilkinji gezek ýylap başlady. Ýöne köp öýlerde ýyladyş turbalarynda suw aýlanyşyň bozulmagy sebäpli ýylylyk ýok. Batareýalary ýyly bolan ýerlerde-de, adamlar goşmaça ýyladyş enjamlaryny ulanmaly bolýarlar. Şol sebäpli hemmämiz elektrik üpjünçiligine degişli kynçylygyň döremeginden gorkýarys " - diýip habarçy aýtdy.
11-nji ýanwarda irden paýtagtda howanyň temperaturasy -17 gradus, günortana golaý -9 gradus boldy. Howa maglumaty hasabatynda şol aralykda howanyň -21 gradusa deň duýulýandygy bellenipdi.
Aýazly howa Türkmenabatda hem saklanýar. Ýerli habarçy "soňky birnäçe ýylda beýle sowuk bolmandy" diýýär.
Degişli maglumat Ýurda sowuk howa aralaşýan mahaly, IIM gyş paslynda ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilmegine çagyrýar
Maryda uzak wagtlap dowam edýän aýazly howa suw üpjünçiliginde we ýyladyş ulgamynda näsazlyklaryň döremegine sebäp boldy. Temperaturanyň peselmegi täze problemalary ýüze çykardy.
"Sowuk bolanda şäheriň ýyladyş ulgamyndaky turmalar ýarylýar. Turbalardan akýan suw köçeleri basýar, ýollarda buz emele gelýär. 3-nji etrapçada, ýygy-ýygydan ýüze çykýan şeýle ýagdaýlar sebäpli, jemagat hyzmatlarynyň işgärleriniň irden sowukda işleýändigini görüp bolýar" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 11-nji ýanwarda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bir jaýda turba ýarylsa, ony abatlamak üçin birnäçe öýde ýyladyş öçürilýär we ýaşaýjylar güýçli aýazda ýylylyksyz galýarlar.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, merkezi ýyladyş ulgamynda döreýän kemçilikler könelen turbalar sebäpli ýüze çykýar. Ýaşaýjylara odun peçleri ulanmak gadagan. Ýaşaýjylar öýlerini elektrik enjamlary bilen gyzdyrmaga synanyşýarlar, aşhanalardaky gaz plitalarynyň gözeneklerini ýakýarlar. Elektrik ulgamyna hem agram düşýär. Şeýdip togy köp sarp edýän ýaşaýjylar elektrik togy üçin tölegleriň hem has köp bolmagyndan aladalanýarlar.
"Elektrik hasaplaýjylary gaty çalt aýlanýar, köpler sowuk howa sebäpli elektrik toguny adatdakysyndan has ýokary ulanylyp, tölegleriň indi ýokary bolmagyndan gorkýarlar" - diýip Marydaky habarçy aýtdy.
Ýyladyş problemalary diňe ýaşaýyş jaýlary bilen çäklenmeýär. Döwlet edaralary, mekdepler, çagalar baglary we keselhanalar hem ýylylyk üpjünçiligi bilen baglanyşykly kynçylyklary başdan geçirýärler.
"Mekdep okuwçylary häzir dynç alýarlar. Emma çagalar bagyna, esasanam işleýän ene-atalar, öz körpelerini äkitmeli bolýarlar. Otaglar sowuk, çagalar küti geýimini hem çykarmaýarlar. Krantda suw ýok. Müdirler jemagat gulluklaryna jaň edip, ulaglar bilen suw getirmegini soraýarlar. Bahasy 200 manatlyk suw üçin pul çagalar edarasynyň işgärlerinden ýygnalýar "- diýip habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Maryda ýaşaýjylaryň gaz, suw turbalary barlanyp, olara gaz peçlerini ulanmagyň gadagandygy duýdurylýarOnuň sözlerine görä, mugallymlar ene-atalardan çagalaryny öýlerinde galdyrmagy ýa-da ir alyp gitmegi haýyş edýärler.
Türkmenistanda howanyň temperaturasy çalt peselýär, ýakyn günlerde termometriň görkezijisi - 20-den hem aşak düşer diýlip garaşylýar.
"Meteožurnal" neşirine görä, 12-15-nji ýanwarda Türkmenistanyň günortasynda ýerleşýän Mary sebitiniň käbir ýerlerinde -25, -23-e çenli aýazly howanyň boljagy çak edilýär. Iň sowuk howa 12-14-nji ýanwarda bolup biler. Şeýlelikde, bu temperatura 2008-nji ýyldan bäri iň pes bolup biler.
"Meteožurnalyň" habaryna görä, 12-nji ýanwarda iň sowuk gün 1933 -nji ýylda hasaba alynyp, - 21.3 gradusa barabar bolupdyr; 1945-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda -19.5 gradus; 1930-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda -21,6 gradus hasaba alnypdyr. Türkmenistanyň çäginde iň sowuk howanyň rekordy 1905-nji ýylda hasaba alnyp, -33.8 gradus bolupdyr. Şeýle-de, neşiriň maglumatyna görä, Aşgabatda -26 gradusdan aşak sowuk howa entek hasaba alynmandyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.