Hytaýa garaşlylyk barha güýçlenýän mahaly, Türkmenistanyň lideri Pekine sapar edýär

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý bilen energiýa gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we öz ýurdunyň ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmek umydy bilen, 5-nji ýanwarda iki günlük döwlet sapary bilen Pekine geldi.

Sapar barada kän bir jikme-jiklik mälim edilmedi, ýöne bu sapar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň martynda geçirilen gözegçilikli saýlawlarda kakasy Gurbangulynyň ornuna geçeli bäri, prezident hökmünde Hytaýa amala aşyrýan ilkinji resmi sapary bolup durýar.

Hytaýyň döwlet mediasy Berdimuhamedowyň hytaý lideri Szi Szinpin bilen duşuşjakdygyny we iki tarapyň wekiliýetleriniň Owganystan, şeýle-de Pekiniň “Guşak – ýol” infrastruktura taslamasy ýaly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny habar berdi.

Türkmen lideriniň saparynyň dowamynda energiýa gatnaşyklaryna, hususan-da Hytaýa tebigy gaz geçirijileri bilen bagly meselelere esasy üns gönükdiriljege meňzeýär.

Türkmenistan gaz gorlarynyň göwrümi boýunça dünýäde dördünji orunda gelýär we Hytaý bu merkezi aziýa ýurdunyň daşary syýasatynda, şeýle-de onuň ykdysady kuwwatyny ösdürmekde möhüm rol oýnaýar.

Hytaýa garaşlylygyň barha güýçlenýändigini Türkmenistanyň Pekin bilen söwda gatnaşyklarynda görmek bolýar. 10 milliard dollara barabar bolan ýyllyk ikitaraplaýyn söwdanyň agramly bölegini türkmen eksportlary, esasan tebigy gaz eksportlary emele getirýär.

Söwda gatnaşyklarynyň depgini mundan-da beýläk ýokarlanjaga meňzeýär: ýyllyk söwda dolanşygy 2022-nji ýylda 53 göterim töweregi ýokarlandy we Aşgabat türkmen gazyny Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýa daşajak goşmaça gaz geçiriji babatda hytaý goldawyny isleýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň çenden aşan inflýasiýa, garplygyň derejesiniň ýokarlanmagy we azyk howpsuzlygynyň ýitileşmegi ýaly agyr ykdysady krizise garşy göreşi dowam etdirmegi bilen, analitikler, Pekin bilen gepleşiklerde Berdimuhamedowyň göçümleriniň çäklidigini duýdurýarlar.

Iki ýurduň energiýa gatnaşyklarynyň töweregindäki detallaryň ençemesi bulanyk galýar, ýöne türkmen tarapynyň öz gümürtik maliýe ýagdaýlaryny durnuklylaşdyrmak maksady bilen Pekin bilen aradaky ylalaşyklaryň şertlerini güýçlendirmek isleýän bolmagy mümkin, diýip analitikler aýdýar.

“Biz Hytaý bilen gaz şertnamalarynyň şertlerini, möhletini, ýa-da bahasyny bilmeýäris” diýip, Glasgow uniwersitetiniň Ýewraziýany öwreniş boýunça professory Luka Ançeski Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Türkmenistan üçin umyt, Hytaý bilen dowamlylygy gazanmak we gazyň durnukly akyp durmagyny üpjün etmek”

Çäkli deňagramlylyk göçümi

Berdimuhamedow Szi bilen soňky sapar sentýabrda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Özbegistanda geçen sammitiniň çäklerinde duşuşdy. Bu sapar hytaý lideriniň 2020-nji ýylda COVID-19 pandemiýasy başlanaly bäri, amala aşyran ilkinji daşary ýurt sapary boldy. Bu sapar Pekiniň Merkezi Aziýa berýän ünsüniň simwoliki nyşany boldy.

Pekin bilen gatnaşyklary giňeltmek we pugtalandyrmak türkmen lideri üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip, analitikler aýdýarlar.

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini emele getiren Russiýa bilen energiýa gatnaşyklarynyň dartgynlaşyp, soňra 2000-nji ýyllaryň ortalarynda has-da ýaramazlaşmagy bilen, Aşgabat bazarlara çykmakda rus gaz geçirijilerine garaşlylygy deňagramlaşdyrmagy umyt edip, Pekine tarap öwrüldi.

Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gaz turbasyna gol çekýär. 2010 ý,

Bu 2009-njy ýylda Hytaý – Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň açylmagy bilen aýgytly pursata ýetdi. Gaz geçiriji iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürdi we Hytaý bir döwür Türkmenistanyň ýeke-täk gaz alyjysy boldy.

Ançeski munuň Aşgabadyň häzirki kynçylyklaryna şert döreden öwrüm nokady bolandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň girdejileriniň agramly bölegini tebigy gaz eksportlary emele getirýär. Ýurt ol bazar bahalarynyň üýtgäp durmagy we gaz geçirijini gurmak üçin Hytaýdan alan bergisini, gaz girdejileriniň öwezine, yzyna tölemek ýaly ýagdaýlar bilen başagaý boldy.

“Mesele – Türkmenistanyň köp halkara hyzmatdaşynyň bolmazlygydyr” diýip, Ançeski aýtdy. “Ýöne režimiň hasaplamalary başgaça bolup durýar. Milli bähbitler awtokratiki we kleptokratiki ulgama gözegçilik edýän dar halkadaky elita gatlak tarapyndan kesgitlenilýär we Hytaý ýaly ýeke hyzmatdaşa bil baglamaklyk, şonda-da, olaryň öz maksatlaryna eýermeklerine ýol berýär”

Muňa garamazdan, Türkmenistan hytaý bazaryna garaşlylygy azaltmak üçin synanyşyklar etdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwada Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşýar. 10-njy iýun, 2022 ý.

Hytaý ýurduň iň esasy energiýa müşderisi bolmagynda galýan mahaly, Russiýa soňky ýyllarda gaýtadan türkmen gazyny satyn almaga başlady. Berdimuhamedow kakasynyň ornuna geçeli bäri, Aşgabat Kreml bilen hem gatnaşyklary ýygjamlaşdyrdy: türkmen lideri özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Moskwa amala aşyryp, rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

“Serdar [Berdimuhamedowyň] häkimiýet başyna geçeli bäri, Russiýa bilen gatnaşyklary ileri tutýandygy aýdyň görünýär” diýip, Londonyň “Royal United Services” institutynyň hem-de Singapurdaky S. Rajaratnam adyndaky Halkara gatnaşyklary öwreniş mekdebiniň uly ylmy işgäri Raffaello Pantuççi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. “Bu olaryň täze ýollary açmak we öz hyzmatdaşlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda edýän synanyşyklaryny görkezýär” diýip, ol belledi.

Geçiriji arzuwlary

Ýöne, şonda-da, analitiklere görä, Hytaýa öz tebigy gazyny eksport edýän Russiýanyň Aşgabadyň Pekine garaşlylygyny deňagramlaşdyrmagy babatynda berip biljek ýardamlarynyň çäklidigini aýdýarlar. Bu dinamikanyň [deňagramlaşdyrma synanyşyklarynyň] Berdimuhamedowyň saparynyň dowamynda amala aşmagy mümkin.

Hytaý 2021-nji ýylda Türkmenistanyň “Galkynyş” gaz känindäki täze guýulara maýa goýdy. Şeýle-de, Aşgabat Pekiniň has köp türkmen gazynyň hytaý bazarlaryna iberilmegini üpjün edip biljek gaz geçiriji ulgamlaryny giňeltmek işlerini çaltlandyrmagyna umyt baglaýar.

Hytaýa çekilen häzirki gaz geçiriji ulgamy “A”, “B” we “Ç” liniýasy diýlip bilinýän üç parallel gaz geçirijiden düzülýär. Bu gaz geçirijiler Türkmenistandan, Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa barýar. Bu gaz geçirijiler arkaly daşalýan gazyň 80 göterim töweregi Türkmenistanyň gazy bolup durýar. Berdimuhamedow indi ulgamyň täze böleginiň, “D” şahasynyň durmuşa geçirilmegini isleýär.

Dördünji şaha başga ugur bilen çekiler. Ol Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçip, Hytaýa barar. Ýöne bu geçirijiniň gurluşygy tas on ýyl töweregi wagt bäri logistika, tehnologiýa we syýasy päsgelçilikler sebäpli yza tesdirilýär.

Ýöne, şonda-da, Aşgabat täze gaz geçirijiniň işe girizilmegine höwes bildirýär, sebäbi, täze geçiriji Merkezi Aziýa – Hytaý gaz ulgamynyň kuwwatyny goşmaça 30 milliard kub metr töweregi artdyrar. Şeýlelikde, ulgamyň umumy kuwwaty ýyllyk 85 millard kub metr tebigy gazy ibermäge ukyply bolar. Bu bolsa, nagt ýetmezçiliginden ejir çekýän Türkmenistan üçin goşmaça girdeji bolar.

Pekin bu taslama açyk goldaw bildirdi. Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň taslamanyň gurluşygyny maliýeleşdirjekdigi habar berilýär.

Ýöne Hytaý gaz geçirijiniň işe girizilmegine howlukmaýar. Häzirki bar bolan gaz geçirijilerde heniz-de türkmen gazynyň eksportyna ýer bar. Pekiniň dünýäde başga-da tebigy gaz üpjünçileri bar: Russiýa hem Hytaýa geçiriji arkaly gaz iberýär, Awstraliýa Hytaý üçin suwuklandyrylan gazyň iň esasy eksportçysy bolup durýar.

Hytaý lideri Szi Szinpin

Analitiklere görä, bu deňagramsyzlyk has amatly bahadan gaz satmaga ymtylýan we geljekki gaz geçirijileriň gurluşygynyň tiz tamamlanmagyny isleýän Türkmenistana ujypsyz täsir güýjüni berýär.

Hytaý, şonda-da, bar bolan kynçylyklara garamazdan, Aşgabat üçin özüne çekiji hyzmatdaş bolmagynda galýar diýip, Ançeski sözüniň üstüni ýetirýär.

“Garaşlylygyň şeýle derejesi daşardan seredýän synçylar üçin haýran galdyryjy bolup biler, ýöne bu Türkmenistanyň daşary syýasatynyň elitany häkimiýet başynda saklamakdan ybaratdygy baradaky pikire doly kybap gelýär. Olara halkara işlere gaty bir gatyşmazdan [gazanyp boljak] belli mukdarda energetika girdejileri zerur, bu ýagdaý bolsa, Hytaýy esasy ugur hökmünde saklap galýar” diýip, Ançeski aýtdy.

Azatlygyň goşmaça maglumaty:

  • TDH-nyň habaryna görä, türkmen prezidentiniň Hytaýa amala aşyrýan döwlet saparynyň dowamynda taraplar 15 töweregi özara düşünişmek ähtnamasyna, şol sanda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça düşünişmek ähtnamasyna gol çekdiler.
  • “Roýters” habar agentligi Hytaýyň döwlet telewideniýesine salgylanyp, Szi Szinpiniň Berdimuhamedow bilen duşuşykda Hytaýyň Türkmenistan bilen energiýa pudagynda has uly hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini aýdandygyny habar berdi.
  • Media maglumatlarynda türkmen-hytaý duşuşyklarynyň dowamynda Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň “D” şahasynyň gurluşygy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy ýa-da däldigi heniz aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.