Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki netijesiz ýa-da özüni ödemeýän desgalaryň hususylaşdyrylmagy dowam etdirilýär.
“Biznes Türkmenistan” neşiriniň döwlet eýeçiligindäki metbugata salgylanyp ýazmagyna görä, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýyl başynda döwlet eýeçiligindäki 39 sany desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdalary yglan etdi.
Bu söwdanyň 25-nji ýanwarda sanly platformanyň, ýagny www.е.fineconomic.gov.tm saýtynyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriljekdigi aýdylýar.
Lebap welaýatynda meýdany 25 müň 500 inedördül metre deň bolan maldarçylyk we guşçulyk fermasy, “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi (8 müň 800 inedördül metr); Daşoguz welaýatyndaky turba zawody (6 müň 400 inedördül metr); Aşgabatdaky “Nur Zaman” hojalyk jemgyýetiniň edara binasy (4 müň 300 inedördül metr), dükanlar, kafeler, naharhanalar we saglyk merkezi, dolandyryş binalary, haly fabrigi we önümçilik desgalary satuwa çykarylar diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistanda döwlet eýeçilgindäki desgalary hususylaşdyrmak tagallalary onlarça ýyl bäri dowam etdirilýär we şol bir wagtda-da döwlet serişdesine gurulýan we döwlet eýeçiliginde saklanylýan desgalaryň, myhmanhanalaryň, maslahat, sport binalarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, metjitleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň sany köpelýär.
Emma ol desgalaryň näderejede netijeli ulanylýandygy barada soň ilata, salgyt töleýjilere açyk we doly maglumat berilmeýär.
Degişli maglumat Hususylaşdyrma nähili dowam edýär?