Türkmenistanda ilatyň arasynda Türkiýä gitmäge islegler uly bolmagynda galýarka, wiza almak isleýänlerden edilýän talaplar hem artýar. Indi talap edilýän dokumentleriň birnäcesi Türkiýä gitmek isleýän adamyň yzyna gaýdyp geljegini kepil geçmeli.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary 3-nji ýanwardan güýje giren täze talabyň türk wizasyny almaga synanyşýan türkmenistanlylaryň onsuzam aňsat bolmadyk tagallalaryny artdyrandygyny aýdýarlar. "Razylyk deklarasiýasy" notarius tarapyndan tassyklanmaly resminamalaryň üstüne goşuldy.
Adalat bölüminde notarius tarapyndan tassyklanan kepilnama mundan öň Türkiýäniň wizasyny almak üçin ýüz tutýanlardan talap edilýän dokumentleriň biridi. Bu kepilnamany syýahat etmekçi bolýan adamyň garyndaşlaryndan biri berip, notarius tarapyndan tassyklatmalydy. Bu kagyzy almagyň özi-de kyn iş bolup, öz ýakynyna kepil geçýän adamdan edilýän talap hem uly.
Degişli maglumat Türkmen raýatlaryna türk wizasyny almak üçin goşmaça resminama gerek bolar"Kepil geçýän adam döwlet edarasynda işlemeli. Kepil geçýän adam wiza aljak bolýan adamyň yzyna Türkmenistana gaýdyp geljegine güwä geçmeli" diýip, habarçymyz aýdýar.
Häzirki wagtda türk wizasyny almak üçin dokumentlerini ýygnaýanlaryň ençemesi zerur resminamalaryň sanawyna ýene bir talabyň goşulmagynyň garaşylmadyk kynçylyk döredendigini Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdylar.
3-nji ýanwarda türk wizasyny almak üçin talap edilýän resminamalaryň sanawyna notarius tarapyndan tassyklanan “Razylyk deklarasiýasy” goşuldy. Bu barada habary çap eden Türk wiza merkeziniň websaýtynda täze talabyň girizilendigi barada maglumat berilýär, ýöne görkezilen salgyda jikme-jik düşündiriş we deklarasiýanyň teksti ýok.
Wiza merkeziniň resmi maglumatynda gysga wagtlyk syýahatçylyk wizasyny almak üçin türkmen raýatlaryndan talap edilýän resminamalaryň sanawy 17 punktdan ybarat. Olaryň arasynda adamyň şahsyýetini tassyklaýan dokumentler, sosial statusyny we maşgala ýagdaýyny görkezýän dokumentler, şeýle-de işleýän ýerinden kepilnama; aýlyk hakynda maglumat we bank hasabyndan soňky üç aýyň hasabaty ýaly resminamalardan daşary dürli hemaýatkärlik hatlary, ýakynlarynyň borçnamalary, kepillendiriş hatlary bar.
Habarçylaryň sözlerine görä, türk wizasyny almak üçin köpçülik syýahatçylyk agentliklerine ýüz tutýarlar. Emma wiza üçin dokumentleriň köpüsini toplamakda ýardam berýän agentlikler Adalat bölüm tarapyndan tassyklanýan resminamalary almakda kömek edip bilmeýär.
"Ähli welaýatda syýahatçylyk agentlikleri bar. Syýahatçy hökmünde Türkiýä gidýän raýatlaryň köpüsi şolary saýlap alýar. Ýöne şol agentlikleriň üsti bilen dokument toplajak bolsaň-da, ýakyn bir hossaryndan kepil geçjek adamy tapmaly. Ol hem hökman döwlet edarasynda işleýän we aýlyk alýan bolmaly we ol Türkiýä gitjek bolýan adamyň yzyna dolanyp geljegini güwä geçmeli" - diýip, habarçymyz aýdýar.
Degişli maglumat Ýylyň jemleri: Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň aýgytly ýylyTürkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda wiza düzgüni 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda girizildi.
3-nji sentýabrda Türkmenistanyň hökümeti öz raýatlary üçin wiza düzgünini girizmek haýyşy bilen türk tarapyna ýüz tutdy. 13-nji sentýabrda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 15 ýyldan gowrak wagtlap saklanan türkmen raýatlary üçin wizasyz režimi ýatyrmak barada karara gol çekdi. Ondan öň Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk maksady bilen Türkiýede 30 güne çenli galyp bilýärdi.
Resmi taýdan Türkiýede 250 000 çemesi türkmenistanly ýaşaýar, garaşsyz çeşmelere görä, bikanun galýanlaryň sany birnäçe esse köp. Türkmen hökümetiniň Türkiýä yzygiderli uçar gatnawyny dikeltmegi wiza režiminiň girizilmeginiň göni yzýanyna gabat geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.