Türkmen TW-si Türkmenabatda wideo düşürýär we 'gelşikli' gatnaşyjylary saýlaýar

Türkmenabat. Dekabr, 2022

Türkmenistanyň dürli şäherlerinde döwlet telewideniýesinde görkeziljek baýramçylyk dabaralary barada reportaž taýýarlamak boýunça çäreler dowam edýär. Guramaçylykly geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň mejbury gatnaşyjylary ýene-de okuwçylar hem-de öz iş borçlaryndan we dynç almak hakyndan mahrum edilýän býujet işgärleridir.

Şu günler döwlet telewideniýesi üçin Türkmenabatda düşürilýän wideolara hem býujet işgärleri çekilýär. Gatnaşyjylardan edilýän esasy talap olar ýaş we geýnüwli gelin-gyz bolmaly.

"Bu täze ýyl çäresine ýaş owadan geýnüwli gelin-gyzlar gatnaşmaly edildi. Olaryn eşikleri 'milliligimizi görkezmeli" diýlip, häkimlik tarapyndan buýruk berildi. Esasanam sýomka gatnaşýan bilim işgärleri. Olar günde iş ýerlerine gelip, ondan soň çäre geçirilýän ýerlere özleri gitmeli bolýar" diýip, habarçymyz 30-njy dekabrda aýtdy.

Türkmenabatda esasy çäreler welaýatyň baş arçasynyň daşynda geçirilýär. 27-nji dekabrda başlanan çäreler 1-nji ýanwara çenli dowam eder. Günde repetisiýa geçirilýär.

Degişli maglumat Döwlet TW-si üçin köpçülikleýin çäreleriň nobatdakysy surata düşürildi

Baş arça şäheriň daşynda ýerleşýän ak öýüň ýanynda guraldy. Şol ýere şäherden baryp, soň yzyna gaýtmak üçin hem wagt, hem-de esli maddy çykdajy bolýar. Habarçymyz jemgyýetçilik transportunyň kadaly ýola goýulmandygy sebäpli, taksili gatnamagyň ýeke-täk mümkinçilik bolýandygyny aýdýar. Taksi çykdajysy şu günler adam başyna 10-20 manat aralygynda bolýar.

Çykdajylaryň ählisi gatnaşyjylaryň üstüne ýüklenýär. Gatnaşyjylaryň geýjek toý lybaslary hem olaryň öz hasabyna alynýar.

"Çäre egin-eşikleri, gündelik ýol çykdajylary sýomka gutarýança gatnaşýanlaryň boýnuna ýüklenýär. Her mekdepden, çagalar bagyndan azyndan 4-5 işgär saýlanyp ugradylýar" diýip habarçymyz aýtdy.

Emma onuň sözlerine görä, iş ýeriniň ýolbaşçylary tarapyndan saýlanyp çärä ugradylan zenanlaryň gatnaşdyryljagyny öňünden bilip bolmaýar. Sebäbi olar çäräniň geçirilýän ýerine baransoň, ýene-de gözden geçirilýär, guramaçylar olary saýlaýar.

"Şol iberilen işgärler sýomka baranlarynda häkimligiň işgärleri olary "talaba laýyk" diýip hasap etmese, çärä salynmaýarlar.

Habarçynyň bellemegine görä, býujet edaralaryň zenan işgärleri bu kemsidiji ýagdaýdan we surnukdyryjy çärelerden nägile bolýarlar, emma ýolbaşçylarynyň işden kowmak haýbatlaryndan habarly bolup, öz nägileliklerini açyk görkezmekden saklanýarlar we çäreden ýüz öwürip bilmeýärler.

Ýerli häkimiýetleriň gurnaýan häzirki baýramçylyk dabaralary 31-nji dekabrda agşamdan Täze ýyl gijesine çenli dowam eder. Şeýlelikde, çäreçiler surata düşüriljek ýere agşam sagat 18:00-da baryp, Täze ýyly hem şol ýerde garşylamaly bolar.

Degişli maglumat Lebaply daýhan: Ýönekeý adamlara jan gaýgy, başlyklara - ýalan dabara!

"Maşgala bilen bellenilýän baýramçylykda mejbur çärä gatnaşmak diňe Türkmenistanda bolup biler. Edara başlyklary hem öz işgärleriniň ýagdaýlaryna düşünseler-de, ýokardan gelýän buýrugyň güýji adamlaryň hukugyndan has uly bolup galýar" diýip, habarçymyz bilen gürleşen türkmenabatlylaryň biri aýdýar.

Türkmenabadyň häkimiýetleri baş arçanyň daşyna saýlanan gatnaşyjylary mejbury toplaýarka, ýerli ýaşaýjylar, şol sanda çagalar baýramçylyk atmosferasyndan lezzet alyp bilmeýärler. Bu ýeriň daşyny gaban polisiýa olary bezelen arçanyň golaýyna goýbermeýär.

"Baş arçanyň ýanyna baryp bolmaýar. 100-e golaý polisiýa gözegçilik edýär. Ýerli ene-atalar çagalary bilen baryp, uzakdan görüp gaýdýarlar. Bu ýagdaý 1-nji ýanwara çenli dowam eder" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda telewideniýede görkezilýän şatlykly şagalaňlary emeli gurnamak we olara çagalary, orta ýaşly adamlary we ýaşy uly nesli çekmek tejribesi on ýyldan gowrak wagt bäri dowamly saklanýar. Adamlar baýramçylyk dabaralary, täze desgalaryň açylyşy, bag ekmek ýa-da pagta, bugdaý we beýleki oba hojalyk önümleriň ýygnalmagyna bagyşlanan üýşmeleňlere gatnaşmaga mejbur edilýär.

Döwlet telewideniýesi üçin öňünden surata düşürilýän çäreleriň gatnaşyjylary öz hasabyna satyn alnan birmeňzeş eginbaşlary geýip, emeli ýylgyrýan, talap edilen pursatlarda el çarpýan şowhunly märekäniň roluny ýerine ýetirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.