Türkmenistanyň Balkan sebitinde 4,2 magnitýudly aram ýer yranmasy boldy diýip, volcanodiscovery.com neşiri habar berýär.
Ýer yranmasy Balkanabat şäheriniň demirgazyk-gündogarynda, sebit merkezinden 23 km uzaklykda, 28-nji dekabrda bolupdyr.
Ýer sarsgynynyň çuňlugy 2 km, onuň bolan ýeriniň golaýyndaky ýer titremeleri aram derejede boldy diýip, habarda aýdylýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurt çäginde bolýan tebigy hadysalar, ýer titremeleri, suw joşgunlary, sil gelmegi ýa ýel-tupan turmagy, olardan çekilen zyýan, adam ýitgileri barada maglumat bermeýär.