Türkmen telekeçisi ýüň önümlerini daşary ýurtlara satýar

Bezeg suraty

Telekeçi zenan Şasenem Garlyýewa düýe ýüňünden taýýarlanan önümleri Italiýa, Fransiýa, Niderlandlar patyşalygyna eksport edip başlady diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.

Telekeçiniň täze açylan art studiýasynda düýe ýüňünden dokalýan saçaklary, bilguşaklary, örtgüleri, ýorganlary, ýassyk daşlaryny görmek we satyn almak mümkin diýip, habarda aýdylýar.

Neşiriň maglumatyna görä, telekeçi bu önümçiligi 2018-nji ýylda ýola goýup, gyz-gelinleriň onlarçasyna iş ornuny döredipdir.

Mundan öňki ýyllarda habarçylarymyz ilatyň deri, ýüň önümleriniň köplenç zaýa bolýandygyny, 2015-nji ýylyň fewral aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ilatdan deri we ýüň önümlerini çig mal görnüşinde ýygnap almaga hem-de daşarky bazarlarda satmaga ygtyýar berlendigini habar berdiler.

Türkmen kanunçylygy telekeçilere bir topar hukuk berýär, emma olaryň köpüsiniň kagyz ýüzünde galýandygy aýdylýar.

Türkmenistanda telekeçileriň öz başlangyçlaryny durmuşa geçirmegine, ýerli önümleri daşary ýurt bazarlaryna özbaşdak çykarmagyna garşy goýlan emeli päsgelçilikler ýurtda iş orunlarynyň köpelmegine, telekeçiligiň ösmegine uly päsgelçilik döretdi diýip, synçylar aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenabat: malyň derileri harap bolýar