Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki edara-kärhanalarda ýolbaşçy düzüm Täze ýyl baýramçylygynyň dowamynda howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi barada işgärleriň arasynda ýygnaklary geçirýär.
Şeýle-de, şäheriň bazarlarynda “bengal uçgunlary” atlandyrylýan baýramçylyk uçgunlarynyň we paňkyldawaçlaryň söwdasy gadagan edilýär.
Bu aralykda, sebit merkezindäki býujet işgärleriniň bir bölegi 31-nji dekabr gijesi Baş arçanyň ýanynda döwlet guramaçylygynda geçirilýän baýramçylyk çäresine gatnaşmak üçin, ak reňkli penjek satyn almaly edildi.
Türkmen häkimiýetleri baýramçylyk senelerinde ýurt boýunça howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär, köplenç güýçlendirme tertibini yglan edýär. Hususan-da, ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, häkimiýetler howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi baradaky düşündiriş ýygnaklaryny ýurt boýunça ýygjamlaşdyrdy.
Degişli maglumat Baýramçylygyň öňüsyrasynda, ýönekeý raýatlaryň şowhun-şagalaňy çäklendirilýär“Ýolbaşçylar [baýramçylyk günlerinde] edaralarda nobatçylyklary gurnamak barada, şeýle-de Täze ýyl gijesinde öýlerinde baýramçylyk bellejek işgärlere ot ýakmazlyk, ýasama partlaýjylary ýasamazlyk we ulanmazlyk barada ýygnaklary geçirdiler” diýip, lebaply bir býujet işgäri aýdýar.
Galyberse-de, raýatlara öýlerinde gurnan Täze ýyl arçalarynyň çyralaryny gijelerine öçürip ýatmak tabşyrylýar.
“Bular barada Altyn Asyr öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň abonentlerine SMS hem geldi” diýip, býujet işgäri aýdýar.
Bu ýyl ýurt boýunça baýramçylyk günlerinde howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi bilen bagly talaplar we düşündirişler has-da güýçlendi.
Ýatlasak, geçen Täze ýyl baýramynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda öý şertlerinde ýasalan ýasama partlaýjylaryň sebäp bolan heläkçiliginde adam pidalary we ýaralanmalar boldy.
Adam ýitgilerine getirýän betbagtçylykly heläkçilikleri adatça boýun almaýan döwlet ýolbaşçylary Täze ýyl baýramynyň yz ýany geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde bu heläkçiligi tassyklapdy.
“Lebap welaýatynda emeli usulda partlaýjy serişde ýasalyp, onuň ýarylmagy adam pidasyna we ýaralanmasyna getirdi. Bu bolsa, jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmekde işleriň henizem gowşak alnyp barylýandygyny subut edýär” diýip, şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň yz ýany geçiren howpsuzlyk mejlisinde aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistan polisiýa gözegçiligini güýçlendirip, Täze ýyla taýýarlanýarŞu günler häkimiýetler bir tarapdan ilat arasynda ýasama partlaýjylaryň ulanylmagyna garşy düşündiriş işlerini geçirseler, beýleki tarapdan baýramçylyk paňkyldawaçlarynyň bazarlarda satylmagyny gadagan edýärler.
“Türkmenabadyň bazarlarynda “bengal uçgunlary” atlandyrylýan baýramçylyk uçgunlary we partlaýjy paňkyldawaçlar satylmaýar. Partlaýjylary we baýramçylyk uçgunlaryny satýan adamlar ele salynsa, olaryň jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdikleri aýdylýar” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bu aralykda, gündogar sebitde häkimiýetler döwlet guramaçylygynda geçiriljek baýramçylyk çäresine taýýarlyk görýärler.
Şeýle taýýarlyklaryň çäklerinde Täze ýyl gijesi geçiriljek baýramçylyk dabarasyna gatnaşmaly edilen býujet işgärlerinden köpçülik çäresi üçin ak sport penjeklerini satyn almak talap edilýär.
“Býujet işgärleriniň bir böleginden ak sport penjeklerini satyn almak talap edilýär. Olar 31-nji dekabrda [döwlet telewideniýesinde] göni ýaýlymda görkeziljek Täze ýyl dabarasyna ak sport penjeginde gatnaşmaly. Bu penjegiň bahasy 600-700 manat. Galyberse-de, gatnaşyjylardan Täze ýyl zerlerini satyn alyp, boýunlaryna dakmak talap edilýär” diýip, türkmenabatly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Býujet işgärlerine kafelerde we restoranlarda Täze ýyl üýşmeleňlerini geçirmek gadagan edilýärEdara-kärhanalardaky býujet işgärleriniň diňe bir bölegi bu köpçülik dabarasyna gatnaşmaly edilýär, beýlekilere bolsa ak penjegiň tölegini tölemäge goşant goşmak talap edilýär.
Baş arça dabarasyna her edaradan 10 töweregi işgär çekilýär. Olaryň ählisi ak penjekli bolmaly diýip, býujet işgärleri aýdýarlar.
Bu aralykda, 28-nji dekabrda Türkmenabatdyň Ak öýünde baýramçylyk mynasybetli konsert geçirilýär. Bilim we saglyk pudagynyň işgärleri bu baýramçylyk konserti mynasybetli özlerinden 30 manatdan pul toplanýandygyny aýdýarlar.
“Diňe pul bermeli. Bu döwletiň çäresi hem gutarmaz!” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.