“Talybanyň” aýal-gyzlaryň haklaryny çäklendirmegi barha köp tankytlanýar

"Talyban" häkimiýeti ele alandan soň, aýal-gyzlaryň haklaryny çäklendirip başlady.

Owganystanda “Talybanyň” aýal-gyzlaryň hem ýerli, hem-de halkara hökümete degişli däl guramalarda işlemegine gadagançylyk girizmek baradaky karary bilen bagly nägilelikler artýar.

“Talyban” ýurtdaky hökümete degişli däl guramalara zenan işgärlerini gadagan etmäge çagyrdy, ýogsa-da olaryň ygtyýarlyklarynyň ýatyryljakdygy bilen haýbat atdy.

Munuň netijesinde, daşary ýurtly azyndan dört topar Owganystandaky işlerini bes edýändigini yglan etdi.

Günbatar “Talybanyň” aýal-gyzlar babatyndaky nobatdaky çäklendiriji kararyny ýazgardy. BMG bu ädimiň “ýurdy yza tarap äkitjekdigini” belledi.