Türkmenistan Hytaýa gaz eksport etmek boýunça birinji orunda durýar. Bu barada hökümetçi turkmenportal neşiri Hytaýyň Esasy gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Maglumata görä, 2022-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça Türkmenistan Hytaýa $9,28 milliard möçberinde gazy eksport edipdir. Emma iberilen gazyň mukdary aýdyňlaşdyrylmaýar.
Gürrüňi gidýän döwür içinde Russiýa Hytaýa iň köp gaz iberen ikinji döwlet bolup, ol $3,54 milliard möçberinde mawy ýangyç eksport edipdir. Üçünji orunda Mýanma ($1,29 mlrd) onuň yzy bilen hem Özbegistan ($1,03 mlrd) we Gazagystan ($1 mlrd) gelýär.
Merkezi Aziýadan Hytaýa gaz Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça üç geçiriji arkaly akdyrylýar.