Türkmenistanda täze şäher peýda boldy, oňa Arkadag dakyldy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gurlan täze dolandyryş merkezine öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag ady dakyldy. Gurluşygy henizem tamamlanmadyk bu şäheriň adynyň saýlanylmagy tötänleýin däl, Arkadag ady prezident Serdar Berdimuhamedowyň diňe bir kakasyna degişli bolman, eýsem onuň özüne-de käwagt "Arkadag" ýa-da "Arkadagly Serdar" diýilýär. Milliardlarça dollarlyk täze şähere Arkadag adynyň dakyljagyny şu ýylyň ýazynda Azatlygyň çeşmeleri habar beripdi.