Ýazuwyň ilat sanyny aýdyňlaşdyrmagyna garaşylýarka, resmiler BMG-niň netijeleri çap etmek 'tekliplerini' öwrenmegi wada berýär

2012-nji ýyldaky ilat ýazuwy üçin SMS duýduryşlary. 10 ýyldan soň ilat ýazuwynyň netijeleri henizem çap edilmedi. 2022-nji ýylyň 17-27-nji dekabrynda Türkmenistanda indiki ilat ýazuwy geçirilýär.

Ozalky ilat ýazuwynyň netijelerini çap etmän, ilatyny gaýtadan sanaýan Türkmenistan munuň netijelerini neşir etmekde BMG-niň bilermenleriniň "tekliplerini" öwrenmäge taýýardygyny mälim etdi. Türkmen resmileriniň bu beýanaty, ýurt ilatynyň sanyny anyklaşdyrar diýlip, garaşylan 10 günlük ilat ýazuwynyň arasynda edildi.

"Ilat ýazuwyny geçirýän 40-45 ýaşly bir aýal bize geldi. Hemme zat dostlukly geçdi, emma onuň ýadawdygy göze ildi. Ýaşaýan adamlary hasaba aldylar, jaý hasabynda duranlara däl-de, diňe jaýda ýaşaýanlara üns berildi, bilim, raýatlyk, ene dil we ş.m. hakda soraldy we onlaýn maglumatlar bazasyna girizildi we şol ýerde goýuldy"- diýip habarçymyz 21-nji dekabrda aýtdy.

Bu gezek hem uçdantutma ilat ýazuwy we ýaşaýyş jaý gorunyň doly ýazuwy, mundan 10 ýyl geçirilen ozalkysy ýaly dekabr aýynyň ortalarynda başlandy. 17-nji dekabrda hasaplaýjylar öýlere aýlanyp başladylar.

Degişli maglumat Ilat ýazuwynyň geçirilişinde bidüzgünçilikler ýüze çykýar 

19-njy dekabrda Azatlygyň Türkmenbaşydaky habarçylary ilat ýazuwy wagtynda ilkinji düzgün bozmalar barada habar berdiler. Habarçylaryň biriniň sözlerine görä, onuň özüni iki gezek, ýaşaýan ýerinde we myhmançylyga baran başga bir sebitde hasaba alypdyrlar.

Bu aralykda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysyna görä, hususan-da paýtagtda bu gezek hasaplaýjylar digital gurallary ulanýarlar we jogaplary ýaşaýyş jaýlara degişli ähli maglumatlar öňünden girizilen sistema salýarlar: "Häkimliklerde we öý dolandyryş edaralarda bu maglumatlaryň ählisi bar, ýyladyş, suw, kanalizasiýa, gaz elektrik, jaýyň möçberi, ýagny hemmesi öňünden umumy baza salnypdyr".

"Sorag-jogap çalt geçdi - planşetde hemme zat öňünden taýýardy. Bu düşnükli, ondan bir ýarym ýyl ozal maglumat ýygnamak üçin birnäçe gezek gelipdiler. Umuman aýdylanda, bu sapar ilat ýazuwyna gowy taýýarlyk görüpdirler. Indi bar zat hasap çykarýanlara bagly bolar"- diýip, habarçy belleýär.

Geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanda ilat ýazuwynyň öňünden synag çäresi geçirilipdi. Ýurduň häkimiýetleri 2021-nji ýylyň 17-27-nji dekabry aralygynda geçirilen barlaglaryň sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirilendigini habar berdiler, ýöne deslapky netijeleri agzamadylar.

2021-nji ýylyň iýulynda ilaty hasaba almak we netijelerini seljermek işlerine gatnaşýan döwlet edaralarynyň işgärleri bolan birnäçe çeşme, deslapky maglumatlaryň ýygnalandygyny habar berdiler. Olara görä, şol wagtky çaklamalar ilatyň “hakyky sanynyň” 2,7-2,8 million adamdan ybaratdygyny görkezipdir.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary resmi taýdan ne tassykladylar, ne-de ret etdiler.

Türkmen resmileri häzirki ilat ýazuwynda Türkmenistanda ilat we ýaşaýyş jaý gorlary barada iň täze maglumatlaryň ýygnalmagyna garaşylýandygyny aýtdylar.

Netijeleriň neşir edilmegi meselesi ýaňy-ýakynda daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew tarapyndan agzaldy. Ol BMG-niň bilermenleriniň "ilat ýazuwynyň netijelerini mundan beýläk neşir etmek" baradaky tekliplerini "öwrenmäge" taýýarlyk bildirdi.

"Ilat ýazuw meselesinde Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy we halkara kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda ilat ýazuwynyň netijelerini çap etmek boýunça hünärmenleriň tekliplerini öwrenmäge taýýarlyk görkezildi" - diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda 19-njy dekabrda çap edilen maglumatda aýdyldy.

Degişli maglumat Lebapda şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldy

Bu beýanat Wepa Hajyýewiň Türkmenistana sapar eden BMG statistika gullugynyň demografiki statistika bölüminiň başlygy jenap Srdjan Mrkiç bilen duşuşygynda edildi. Emma türkmen resmisi netijeleriň neşir edilmegine degişli planlary aýdyňlaşdyrmady we olaryň çap ediljekdigini hem anyk aýtmady.

Ýatlatsak, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri hiç haçan çap edilmändi. Türkmen resmileri şol gezek hem öz planlaryny BMG-niň guramalary bilen utgaşdyrýandyklaryny habar beripdiler, emma yzýany netijeleriň çap bolmandygynyň sebäpleri düşündirmediler. BMG gurluşlary hem bu meseläni kommentirlemedi.

Türkmenistanyň ilaty barada resmi statistika 2007-nji ýyldan bäri, ýagny Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentliginiň 15 ýyllyk döwründe çap edilmedi. Ondan öň 2006-njy ýylda türkmen häkimiýetleri ýurtda 6,7 milliondan gowrak adamyň ýaşaýandygyny öňe sürüpdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda mekdep uçurymlarynyň yzygiderli azalmagy ‘demografiki krizisden habar berýär’

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.