Özbegistan Türkmenistandan alýan togunyň mukdaryny artdyrdy

Illýustrasiýa suraty

Özbegistan Türkmenistandan satyn alýan energiýa togunyň mukdaryny 17-18 mln kWt-s-dan 20-21 mln kWt-s-da çenli artdyrdy. Bu barada Özbegistanyň Energetika ministrligi mälim etdi.

Geçen hepde Özbegistana anomal sowuk howanyň aralaşmagy bilen, ýurduň energiýa we gaz üpjünçiliginde bökdençlikler döredi.

Bellesek, dekabrda Türkmenistana hem adaty bolmadyk sowuklar geldi. Munuň netijesinde, dürli sebitleriň tok, gaz we ýyladyş ulgamlarynda näsazlyklar ýüze çykdy.