Türkmenistanyň demirgazyk we gündogar sebitlerinde aýazly howa dowam edýärkä, ilat ýylynmakda kynçylyk çekýär. Muňa Mary welaýatynyň demirgazykdaky we gündogardaky obalarynyň aglabasynda hojalyklara goýberilýän gazyň we elektrik energiýasynyň güýjüniň peselmegi sebäp bolýar.
"Welaýatyň daşky obalarynda hojalyklara akdyrylýan gazyň we toguň güýji gaz we elektrik peçlerini ulanmaga hem ýetmeýär. Ilat odun peçleri ulanyp, ýylynmaga çalyşýar. Zordan çaý gaýnadyp bolýar. Ýöne ýaşaýjylar iýjek naharlaryny daşarda odun ýakyp bişirmeli bolýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.
Mekdeplerde we çagalar baglarynda otaglaryň sowukdygy sebäpli mugallymlar we terbiýeçiler ene-atalara çagalaryny birnäçe gün öýlerinde alyp galmagy maslahat berýärler.
Degişli maglumat Darganatada aşa sowuk howa ilatyň gazynyň we suwunyň kesilmegine getirdi"Mekdepleriň we çagalar baglarynyň penjirelerine sowukdan goranmak üçin plastik paketler tutuldy. Muňa garamazdan, otaglar buz ýaly. Sebäbi olaryň ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär. Otaglardaky ýyladyş turbalary buz ýaly. Çagalar üşäp, dümewleýärler" diýip, maryly ene anonimlik şertinde aýtdy.
Käbir resmiler munuň sebäplerini akdyrylýan gazyň güýjüniň pesligi bilen düşündirýärler. Käbirleri bolsa, gaz turbalarynyň juda könedigini, olaryň köp ýyllardan bäri çalşylmaýandygyny aýdýarlar. Bu hem, sowuk howada turbalaryň ýarylmagyna we ýyladyş ulgamynyň hatardan çykmagyna getirýär.
Etrap hassahanalarynda hem näsaglar ýylynmakda kynçylyk çekýärler. Köp hassa öz ýany bilen kiçi elektrik peçleri alyp barýar.
Ýaşaýjylaryň ençemesi gazyň we elektrigiň güýjüniň pesligi barada gaz we prokuratura edaralaryna şikaýat bilen ýüzlendi, ýöne oňyn netije alyp bilmedi. Resmiler bökdençlikleriň sebäplerini hem aç-açan düşündirmeýärler.
Ýöne ýerli gaz edaralaryň käbir işgärleriniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, gazyň güýjüniň peselmegi ýyladyşhanalar bilen baglanyşykly.
"Sowuk howanyň gelmegi we suwlaryň doňmagy bilen, ýyladyşhana eýeleri özleriniň gaz peçlerini köpeldýärler. Olar täze gaz sorujy nasoslary hem oturdyp başladylar. Bu hem hojalyklara akdyrylýan gazyň güýjüniň peselmegine, netijede olaryň gazsyz galmagyna sebäp bolýar. Adatça ýyladyşhanalaryň eýeleri gurply hojalyklar bolup, olar gaz edarasynyň ýolbaşçylaryna para berýärler. Olar hem ýyladyşhanalara çekilýän goşmaça elektrik liniýalaryna, peçlere, nasoslara, turbalara göz ýumýarlar" diýip, gaz edaranyň hünärmeni aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenbaşyda '500-den gowrak' hojalygyň elektrigi kesildiOl çetki obalardaky elektrik geçiriji simleriň aglabasynyň ulanyş möhletiniň geçendigini hem belledi. Köp obada, şol sanda Türkmengala etrabynyň "Zähmet" daýhan birleşiginde günde azyndan 1 sagat tok kesilýär. Muňa simleriň ejizligi sebäp bolýar.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Marynyň gaz we elektrik edaralaryndan kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmen hökümeti her ýylyň güýz paslynda ilatyň ýyladyş meselesini birnäçe gezek maslahat edýär. Muňa garamazdan, ilatyň bu meseleler bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary ýyllarboýy dowam edýär.
"2019-njy ýylda gaz we tok tölegli edilenden soňra, ilatyň bu kynçylyklary çözüler öýtdük. Ýöne bu biziň pikir edenimiz ýaly bolmady. Adamlar hemişeki ýaly sowuk howa bilen özbaşdak göreşmeli bolýarlar. Ýöne gaz we tok töleglerini almaly bolanda, gaz we elektrik edaralarynyň işgärleri gapymyzdan aýrylmaýarlar" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.
Degişli maglumat Azyk paýlaryny almak üçin ilatdan gaz we tok tölegleriniň geçirilendigi barada kepilnama soralýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.