Eýranyň polisiýa başlygy protestçileri berk basyp ýatyrjakdygy bilen haýbat atýar

Tähranda polisiýa protestçileri dargatmaga taýýarlanýar

Eýranyň kanun-goraýjy edaralarynyň kommadowaniýesiniň başlygy dört aý bäri protest geçirýän demonstrantlara garşy has berk çäreleri ulanmak bilen haýbat atdy.

Sentýabryň ortalarynda Eýranda bir ýaş zenan Mahsa Amininiň baş örtgüsini “nädogry” geýendigi üçin saklanyp, soňra-da tussaglykda ýogalmagyndan soň, ýurtda köpçülikleýin protestler başlandy.

Hossein Aştari Amin polisiýa akademiýasynda eden çykyşynda howpsuzlyk güýçleriniň protestçiler babatynda häzire çenli çydamlylyk görkezendiklerini öňe sürdi.

Bu aralykda, adam hukuklaryny goraýjy toparlar tolgunşyklarda 450 adamyň, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik onlarça ýaşaýjynyň öldürilendigini aýdýarlar.

Aştari polisiýanyň “gyzyl çyzyk” çekjekdigini we “yza tesmeýänler babatynda aýgytly hereket etjekdigini” aýtdy.

Eýranyň resmileri eýýäm birnäçe hepde bäri tolgunşyklary berk basyp ýatyrjakdygy bilen haýbat atýarlar.

8-nji dekabrda protestler bilen ilteşikli ilkinji adam jezalandyrylyp öldürildi. Eýranyň Ýokary sudy 24 ýaşly Mohsen Şekhariniň özüne çykarylan hökümi bilen bagly eden şikaýatyny ret etdi.