Türkmenistanyň raýatlary ýene-de türk metbugatynda kriminal habarlaryň arasynda peýda boldy. Samsunda kellesine ok degen student gyzyň jesedi, Stambulda bokurdagyndan pyçaklanan bir ýigidiň jesedi tapyldy. Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Ahmet Rahmanow bu ýagdaýlaryň jikme-jiklerini anyklady.
26-njy noýabrda Samsun şäheriniň Janik etrabynda Türkmenistandan gelen bir student 21 ýaşly Nurşat Muhammedowa öli tapyldy. Bu gyz Samsun şäheriniň Halkara söwda we dolandyryş uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň birinji ýyl studentidi.
Gyzy öldürmekde güman edilip, 39 ýaşly dosty Kenan Pala tussag edildi.
Degişli maglumat Antalýada bir türkmenistanly 15 ýerinden pyçaklanyp öldürildi. Stambulda kellesi çapylan bir türkmen aýalynyň jesedi tapyldyTürk metbugatynyň habaryna görä, waka 26-njy noýabrda Gulsan senagat zolagynda ýüze çykypdyr. Awtoulag bejerýän kärhananyň tehniki işgärleri ok sesini eşidip, polisiýa habar berdiler. Ýetip baran polisiýa Nurşat Muhammedowanyň jesedini tapdy.
Barlagyň netijesinde gyzyň kellesine degen okdan ölendigi anyklandy, onuň gapdalynda şol oky atan ýarag hem tapyldy. Muhammedowa Ankarada jaýlandy.
Derňewiň gidişinde adam öldürmekde güman edilen Kenan Pala tussag edildi. Ol özüne bildirilýän aýyplamalary ret etdi. Kärhananyň eýesi Pala, Muhammedowanyň psihologiki kynçylyklarynyň bolandygyny we onuň öz janyna kast eden bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Derňew işlerinden soň Pala suduň karary bilen tussag astyna alyndy.
SOSIAL MEDIADAKY ÝAZGYLAR BARLANÝAR
Bu hadysanyň bolan ýerinde saklanan Kenan Palanyň aklawçysy Huseýn Dereli Muhammedowanyň öz janyna kast etmek pikirlerini sosial media hasabynda ýerleşdirendigini aýtdy. “Sosial ulgamlardaky ýazgylarda bu ýaş gyzyň öz janyna kast etmek meýliniň bardygy mälim edildi. Bolan wakanyň özi hem, gyzyň öz janyna kast etmek meýillerini tassyklap biler" - diýip aklawçy aýtdy.
Derňewçiler Muhammedowanyň sosial media hasaplarynyň mazmunyny öwrendiler. Gyzyň paýlaşylan ýazgylaryň arasynda "düýşler ajaýyp, ýöne durmuş beýle däl", "içki ses 2023-nji ýyly görüp bilmejekdigimi aýdýar" we "näme üçindir men henizem diri" diýilýär. Görnüşi ýaly, gyz başdan geçiren psihologiki kynçylyklary sebäpli okuwyny taşlapdyr diýip türk neşiri ýazýar.
Derňewiň barşynda Nurşatyň aýal dogany Gülşat Muhammedowa hem soraga çagyryldy.
Gülşat agyr duýgulary başdan geçirýändigini aýtdy. “Biz bar bolan maglumatlary polisiýa bilen paýlaşdyk. Polisiýa bilýän zatlarymyzy aýtdyk. Bu örän agyryly. Gaty gynandym " - diýip, Gülşat Muhammedowa aýtdy.
STAMBULDA ÖLEN TÜRKMENISTANLY
27-nji noýabrda Izmir şäherinden Stambula baran türkmenistanly ýaş ýigit bokurdagyndan pyçak urlup jan berdi.
Türkiýäniň "Milliyet" neşirine görä, Döwran Aşyrow dosty Kemaljan Garaýewe karz beren pullaryny yzyna almak üçin Izmirden Stambula barypdyr.
Degişli maglumat Türkiýede işden çykarylan türkmen raýaty öňki başlygyny atyp öldürdiBu waka 27-nji noýabrda, Fatih Iskenderpaşa etrabynda sagat 17:30 töweregi boldy. Döwran Aşyrow Garaewiň karz alan pullaryny yzyna almak üçin onuň işleýän geýim arassalaýjy kärhanasyna girýär. Ikisi gürleşmek üçin binanyň aşhana gatyna gidýärler. Şol ýerdäki gürrüňdeşlik tiz wagtdan söweşe öwrülýär. Garaýew aşhanada tapan pyçagy bilen Aşyrowyň bokurdagyna urýar.
Kärhananyň işgärleriniň jaňyndan soň polisiýa we lukmançylyk toparlary wakanyň bolan ýerine barýar. Garaýew tussag edildi, tiz kömek agyr ýaralanan Aşyrowy keselhana äkitdi. Lukmanlaryň ähli tagallalaryna garamazdan Aşyrow keselhanada aradan çykdy.
“Biz hem köp zady bilemzok. Bu dawa karz sebäpli ýüze çykdy diýip pikir edýärin. Bu geýim arassalaýjy kärhanada boldy. Olar daşary ýurtlulardy. Olaryň arasynda uly dawa boldy. Gije polisiýa topary geldi we derňew geçirdi " - diýip, "Milliyet" neşiri wakanyň şaýady telekeçi Mustafa Erenery sitirledi.
Türkiýäniň kanun goraýjy edaralarynyň wekilleri bu wakalar barada entek düşündiriş bermediler.
Türkmenistanyň raýatlary baradaky maglumatlar türk metbugatyndaky jenaýat habarlarda ýygy-ýygydan peýda bolýar. Türk häkimiýetleriniň resmi sanlaryna görä, bu ýurtda Türkmenistanyň 230 müň çemesi raýaty kanun esada ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, ýurtda bikanun bolýan türkmen migrantlarynyň sany birnäçe esse köp.
Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýa barada maglumat çap etmeýär. Ýurduň döwlet metbugaty öz raýatlarynyň hem ýurt içindäki, hem-de daşyndaky problemalaryny beýan etmeýär.
Degişli maglumat Jynazasyz ýas çäresi. Daşary ýurtlarda ýogalanlaryň ýas çäreleri köpelýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.