Dört ýyl mundan ozal Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çeken bäş döwlet deňzi parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaga hem-de ony parahatçylyk we dostluk zonasyna öwürmäge şertnama baglaşdylar. Häzirki wagtda Orsýetiň Ukrainadaky graždan nyşanlaryna raketalary goýbermek üçin ulanýan Hazar deňzini "parahatçylyk we dostluk deňzi" diýip atlandyrmak mümkinmi? Näme üçin Hazarýaka döwletleri dymýar?
RUSSIÝA TARAPYNDAN HAZAR DEŇZINIŇ ÇÄGINDEN GOÝBERILÝÄN RAKETALAR WE RAÝAT HELÄKÇILIGI
"Onuň [Putiniň] esgerleri parahat ilaty “Gradlar” bilen bombalaýar, olar ballistik we wodorod raketalary bilen Ukrainanyň ýaşaýyş jaýlaryny, çagalar öýlerini, çaga dogrulýan hassahanalary – biziň öýümizi ýumurýarlar!" Bu 28 ýaşly odessaly ýaşaýjysy Waleriýa Glodanyň sosial ulgamda galdyran iň soňky ýazgysy. 23-nji aprelde Hazar deňzinden atylan rus raketasy Waleriýa we onuň maşgalasynyň ýaşaýan 16 gatly binasynyň içinden geçdi. Dördünji we bäşinji gatlar ýykylyp, jaýa ot düşdi. 20 adam ýaralandy, 8 adam ýogaldy. Raketa dördünji gatda ýaşaýan maşgalanyň üç nesliniň janyna kast etdi: Waleriýa, onuň üç aýlyk gyzy Kira we Waleriýanyň ejesi Lyudmila Ýawkina wepat boldular.
Raketa hüjüminden biraz öň Waleriýanyň adamsy Ýuriý Glodan maşgalasyna azyk satyn almak üçin, dükana gidýär. Ýuriý raketa hüjüminiň bolanyny eşidip, öýüne gaýdypdyr we halas edijilerden özüniň ýanyp duran jaýa goýberilmegini talap edýär. Soňra halas edijiler onuň üç aýlyk gyzynyň jesedini daşary çykarýarlar.
Hazar deňzinden goýberilen raketanyň bir maşgalanyň üç nesliniň janyna kast etmegi Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň agşamky wideo ýüzlenmesinden soň, bütin dünýä mälim boldy. "Ölenleriň arasynda üç aýlyk çaga, bir gyz hem bar. Ol çaga Orsýete nähili howp salýar?! Çagalary öldürmek Russiýa Federasiýasynyň täze milli maksady ýaly görünýär" diýip, ol aýtdy.
Ol uruş zonasynyň daşyndaky ilkinji pidalaryň biridi. Emma Russiýa uruş zonasyndan uzakdaky graždan nyşanlaryny bombalamagyny dowam etdirdi.
3-nji maýda Tu-95 strategik bombalaýjy uçarlaryň üsti bilen Hazar deňziniň çäginden galyp, ýokary takyk raketalary Odessadan daşary-da Lwow, Dnipropetrowsk, Kirowograd, Winnytsiýa, Kiýew we Zakarpat sebitleriniň infrastrukturalaryna garşy atdy. Ukrainanyň Günbatarynda we merkezinde demir ýollarda partlamalar bolup geçdi, otly gatnawlary durdy. Birnäçe sebitlerde elektrik desgalary hatardan çykdy we ýaşaýjylar elektriksiz galdy.
26-njy iýunda Russiýa Hazar deňzinden, Kiýew ugry boýunça Tu-95 we Tu-160 raketa goýberijilerinden, ýokary takyklykly X-101 raketalarynyň altysyny atdy. Ukrainanyň howa goranyş ulgamy birnäçe raketany urup ýykdy, emma olaryň biri Kiýewdäki ýaşaýyş jaýyny ýumurdy, bir adam öldi, ýene-de bäş adam ýaralandy.
Russiýa iýul, awgust we sentýabr aýlarynda-da Hazar deňziniň çäginden raketalary goýbermegini dowam etdirdi. Oktýabr we noýabr aýlarynda, rus goşuny günorta we gündogar frontda şowsuzlyga uçrap, yza çekilensoň, raketa hüjümlerini has-da güýçlendirdi. Russiýa raketalary Hazar deňzinde, Gara deňizde we Rostow sebitinde raketa göteriji uçarlardan atýar. 10-njy oktýabrda bolan raketa hüjümlerinden soň, Russiýanyň Goranmak ministrligi harby desgalara we elektrik sistemalaryna edilen hüjümleriň "nyşanany urandygyny" aýtdy.
HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ DYMMAGY
Mundan dört ýyl ozal, 22 ýyllap dowam eden gepleşiklerden soň, Hazaryň ýakasyndaky bäş ýurdunyň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän konwensiýa gol çekdiler. Konwensiýa Hazar deňziniň peýdalanylyşy babatda taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny, şol sanda onuň suwlaryny, suw aşagyny, tebigy baýlyklaryny we deňziň ýokarsyndaky howa giňişligini düzgünleşdirýär. Dokumente laýyklykda, taraplar deňzi diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanmagy razylaşdylar. Bu esasan şol konwensiýanyň 3-nji maddasynda berkidilýär: taraplar "deňzi parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaga, ony parahatçylyk, hoşniýetli maksat, dostluk we hyzmatdaşlyk zonasyna öwürmäge" gol çekdiler.
Dokumente "ajaýyp waka" diýip baha bermek bilen, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şeýle diýdi: konwensiýa "Hazar deňziniň diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanyljakdygyna güwä geçýär". Putiniň şol sözünden dört ýyl geçenden soň, Orsýet Ukraina raketalary goýberip, Hazar deňzini uruş zolagyna öwürdi, emma Kaspi kenaryndaky döwletler muňa şu wagta çenli reaksiýa bildirmän gelýärler.
Moskwa iýun aýynyň ahyrynda, raketalary goýberenden soň, Ukrainanyň Daşary işler ministrligi arz-şikaýat etdi hem-de Azerbaýjany, Eýrany, Gazagystany we Türkmenistany "Orsýeti halkara hukuk borçnamalaryna eýermäge mejbur etmek üçin, ähli tagallalary görmäge, hususan-da, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa" eýermäge çagyrdy.
Şol beýannamanyň öň ýanynda Aşgabatda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda, VI Hazar sammiti geçirildi. Sammitiň ahyrynda kabul edilen karara laýyklykda, ýaka döwletleri Hazar deňzini parahatçylykly maksatlar üçin ulanmagyň ýörelgesini ýene-de tassykladylar. Emma bu duşuşyga gatnaşan ýolbaşçylaryň hiç biri Russiýanyň Hazary harby maksatlar üçin peýdalanmagy baradaky meseläni orta atmady.
GÜÝJE GIRMEDIK KONWENSIÝA, RUSSIÝADAN GARAŞLY BOLMAK WE AGRESSOR ÜÇIN ŞERTLERIŇ DÖREDILMEGI
Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy Gazagystanyň Daşary işler ministrligine ýüz tutup, näme üçin deňziň konwensiýasyny bozup, Russiýa tarapyndan, Ukraina raketa atylmagyna reaksiýa bildirilmeýändigini sorady. Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Azatlyga beren jogabynda, "Konwensiýanyň ähli maddalary, şol sanda 2-nji bendiň 3-nji maddasy (Hazar deňziniň parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagy, ony parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmek, Hazar deňzi bilen bagly ähli meseleleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek) diňe Hazarýaka döwletlerine degişli bolup, olaryň arasyndaky gatnaşyklara ugrukdyrylýar we üçünji ýurtlar bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmagy öz içine almaýar” diýilýär.
"Meniň pikirimçe, Hazar döwletleri üçin, diňe rus gämileriniň halkara ýa-da rus suwlarynda bolmagy möhüm. Olaryň ýekeje alada edýän zady – [şol giňişlige] üçünji ýurtlary goýbermezlik" diýip, ABŞ-nyň Jamestown gaznasynyň bilermeni Pol Gobl aýdýar.
Polşanyň Warmian-Masurian adyndaky uniwersitetiniň hukuk we dolandyryş fakultetiniň professory we hukukçy Mihal Petkewiç (Michał Petkiewicz) Hazar konwensiýasyny öwrenen bilermen hökmünde, munuň diňe sebitara dokumentidigine, kenarýaka ýurtlary üçin ýapyk sistemadygyna ünsi çekýär. Onuň aýtmagyna görä, şoňa laýyklykda, iş ýüzünde Orsýet Kaspi döwletleri bilen bagly konwensiýanyň maddalaryny bozmaýar.
— Konwensiýanyň giriş bölüminde, şertnama gatnaşyjy taraplar Hazar deňzine dahylly ähli meseleleriň diňe oňa degişli taraplaryň işidigini nygtadylar. Russiýanyň territoriýasyndan ol konwensiýa girmeýän döwlete garşy alnyp barylýan uruşlar "parahatçylykly maksatlaryň" bozulmagy hasaplanyp bilnermi? Bu ýerde ýene bir sorag döreýär; Orsýetiň güýçleri BMG-niň Düzgünnamasynda göz öňünde tutulan halkara hukuklarynyň garşysyna territorial bitewilige, syýasy garaşsyzlyga garşy howp salýarmy ýa-da güýç ulanýarmy; muňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň ýa-da Türkmenistanyň garaýşy nähili? Oňa jogap ýok – diýip Petkiewiç aýdýar.
Konwensiýa 2018-nji ýylda, Hazar kenaryndaky bäş döwlet tarapyndan, açyk ýagdaýda gol çekildi, soňra ol resminama Eýrandan başga ähli ýurtlar tarapyndan tassyklanyldy. Eýran konwensiýanyň tassyklanmagyndan saklandy, sebäbi bu dokument döwletiň strategik bähbitlerine laýyk gelmeýär, deňiz suwlaryndaky döwletiň hökmürowan çäklerini aýyrýan esaslary kesgitlemek meselesi çözülmedi diýdi.
Eýranyň ol konwensiýany tassyklamadygyna garamazdan, munuň Hazarýaka döwletleriniň raketalaryň goýberilmegi barada alada bildirmeýändigi bilen hiç hili baglanyşygy ýok diýip, Mihal Petkewiç hasap edýär. Sebäbi kenarýaka döwletleriň her biri garaşsyz bolup, özbaşdak hereket edip bilýär.
Petkewiç Hazarýaka döwletleriniň gyrgynçylygy, harby jenaýatlary we adamzada garşy jenaýatlary gadagan etmek baradaky halkara hukuklar esasynda, Russiýa garşy teoretik taýdan çäre görüp biljekdigini aýdýar. Sebäbi ähli deňizýaka ýurtlary BMG-niň agzalarydyr.
Ýöne ekspertleriň bellemegine görä, kenarýaka döwletleriň raketalaryň goýberilmegi barada dymmagynyň esasy sebäbi olaryň Orsýete bagly bolmagydyr. Gazagystan Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy guramasynyň we Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň agzasydyr. Bu ýurt Russiýanyň importyna bagly, Russiýanyň Gazagystanyň importynda paýy 38 göterime barabar. Gazagystanyň nebitiniň Ýewropa eksporty Russiýanyň territoriýasyndan geçýär. Ýylyň başyndan bäri, Russiýa öz territoriýasynyň üsti bilen gazak nebitini eksport edýän "Kaspiý" turba geçirijisiniň konsorsiumynyň işini dört sapar bölekleýin ýa-da doly togtatdy. Ekspertler muny Gazagystanyň Ukraina bilen bolan uruşda, Russiýany goldamaýandygy bilen baglanyşdyrdylar.
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ikisi-de Russiýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýöredýär. Russiýa Ukraina çozup gireninden soňra, Tähran we Moskwa harby enjamlar hyzmatdaşlygyny güýçlendirdiler. Günbatar neşirleri Eýranyň Russiýa harby dronlary berendigini habar berýär. Ukraina tarapynyň maglumatyna görä, olar Eýran tarapyndan öndürilen 300-den gowrak drony urup ýykypdyrlar. 16-njy oktýabrda Washington Post gazeti Eýranyň Orsýete diňe dronlary däl, eýsem ballistik raketalary hem berýändigini mälim etdi.
Ukraina Ýaragly Güýçleriniň Baş Ştabynyň başlygynyň orunbasary Wadim Skibitskiý Britaniýada çap edilýän The Economist neşirine beren interwýusynda, Eýran öz raketalaryny howa ýollary arkaly Orsýetiň gol astyndaky Kryma we deňiz üsti bilen Hazar deňzindäki rus portlaryna aşyrýan bolmaly diýdi. Neşiriň çaklamagyna görä, raketalar alandan soň, Orsýet howa hüjümlerini has-da güýçlendiren bolmaly.
"Şeýlelikde, beýleki döwletler badatda (hususan-da Ukraina üçin) jogapkärçiligiň we beýleki döwletlere (Ukraina) raýdaşlygyň ýokdugy görünýär. Şeýle hem käbir ýurtlar gaz we nebit üpjünçiligi mümkinçiliginden mahrum bolmakdan gaty gorkýarlar. Aýry-aýry döwletiň bähbitleri käte global şertlerden üstün çykýar. Aýratyn-da, halkara hukuklarynyň esasy düzgünleriniň bozulmalary barada dymsalar, bu agressoryň elini uzaldýar. Agressiýa hereketleri başga territoriýalara, şol sanda "dymýan döwletlere-de” ýaýramagy mümkin” diýip, Petkewiç aýdýar.
“Meniň pikirimçe, Orsýetiň Hazar deňzini şeýle peýdalanmagy onuň ruhuna, belki-de ylalaşygyň mazmunyna gabat gelmeýändigine galan beýleki döwletler hökman düşünmelidir. Muny olaryň hiç biri özbaşdak etmek islemez diýip gorkýaryn, şonuň üçinem mende kollektiwleýin garşy durmalaryň boljagyna ynam ýok” diýip, Pol Gobl aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.