Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi žurnalistleriň borçlary we hukuklary boýunça okuw seminaryny geçirýär diýip, ýarym-resmi orient.tm neşiri habar berýär. Maglumata görä, oňa ýurduň "iň öňde baryjy" habar serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar.
Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolup, ol erkin metbugaty, azat sözi berk çäklendirmekde, garaşsyz žurnalistlere basyş etmekde tankytlanýar.
Hökümetçi neşiriň maglumatyndan çen tutulsa, onda seminaryň dowamynda žurnalistiki işiň esasy ugurlarynyň kanuny ýagdaýlary barada gürrüň ediler.
Degişli maglumat CPJ Berdimuhamedowy žurnalisti boşatmaga we metbugaty çäklendirmezlige çagyrdyÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon Makgregor Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal ÝHHG-niň düzümine girmek kararyny alyp, şol sanda habar serişdeleri babatyndaky standartlara ygrarly bolmak borçnamalaryny hem öz üstüne alandygyny belläpdir. Ol bu seminaryň bu borçnamalaryň berjaý edilişine ýardam berjekdigini aýdypdyr.
Türkmenistan halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda metbugat azatlygy boýunça iň yzdaky orunlarda durýar we ýurtda hakyky garaşsyzlyk şertlerinde işleýän ýeke neşiriň hem ýokdugy aýdylýar.
Mundan başga, türkmen häkimiýetleri döwlet eýeçiligindäki metbugatdan daşlaşyp, daşary ýurt neşirlerinden maglumat almaga synanýan raýatlar üçin hem dürli emeli kynçylyklary döredýärler.
Şeýle-de, Aşgabatdaky hökümet garaşsyz neşirler bilen aragatnaşyk saklaýan adamlary yzygiderli gorkuzmakda, yzarlamakda we gümürtik aýyplamalar bilen tussag etmekde tankyt edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.