Türkmenistanyň prezidenti Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky konwensiýa goşulmak baradaky kanuna gol çekdi diýip, "Biznes Türkmenistan” neşiri 26-njy noýabrda resmi metbugata salgylanyp habar berdi.
1997-nji ýylda Lissabonda gol çekilen konwensiýa Ýewropa Geňeşiniň ÝUNESKO bilen bilelikde işläp düzen halkara şertnamasy bolup durýar.
Oňa, Gresiýa bilen Monakodan başga, Ýewropa geňeşine agza bolan 46 döwletiň ählisi gol çekdi diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de, bir ýurtda berlen ýokary bilim derejeleriniň başga bir ýurtda ykrar edilmegini aňsatlaşdyrmagy maksat edinýän şertnama Awstraliýa, Belarus, Kanada, Watikan, Ysraýyl, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täze Zelandiýa, Russiýa, Täjigistan hem goşuldy.