HAEA-nyň başlygy ýadro gorag zolagyny döretmek gepleşiklerini güýçlendirýär

Ukraina. Zaporižýa atom elektrik stansiýasynyň desgalary

Hepde ahyrynda Ukrainanyň Zaporižýadaky ýadro desgasyna atylan toplardan soň, sebitde uruş arasynda dörän ýadro howpy meselesi ýene-de bir gezek gün tertibine geldi. Şu aralykda prezident Wolodymyr Zelenski Günbatar harby bileleşiginiň agzalaryny Ukrainanyň ýadro desgalaryny goramaga çagyrdy. Ýadro howpy baradaky töwekgelçiligi rus resmisi hem tassyk etdi. “Rosatom” döwlet ýadro korporasiýasynyň başlygy Alekseý Lihaçýow 21-nji noýabrda Zaporižýa desgasynda ýadro heläkçiliginiň bolup biljekdigini duýdurdy we "bütin gijäni" HAEA bilen gepleşip geçirendigini aýtdy.

BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugynyň başlygy Ukrainadaky Zaporižýa atom elektrik stansiýasynyň töwereginde, ýagny topa tutulan ýerde gorag zolagyny döretmek baradaky geňeş-maslahatlaryny ýygjamlaşdyramdygyny aýtdy.

Halkara Atom Energiýasy agentliginiň (IAEA) baş müdiri Rafael Grossi bu zonany döretmek üçin birnäçe aý bäri alnyp barylýan işler barada jikme-jik maglumat bermedi.

Ol 21-nji noýabrda beren maglumatynda 19-njy noýabr agşamy we 20-nji noýabr güni irden amala aşyrylan topa tutmalaryň "soňky aýlarda bu desgada bolup geçen iň agyr hadysalaryň biri bolandygyny” aýtdy.

Topa tutmalaryň nähili agyr bolandygyna garamazdan, HAEA-nyň inspektorlary esasy enjamlaryň abat galandygyny, edil şu wagt abanyp duran ýadro howpsuzlygy ýa-da howpsuzlyk aladalarynyň ýokdugyny tassyklap bildiler diýip, Grossi aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, Zaporižýadaky alty reaktor bölümleriniň ýagdaýy durnukly, esasy enjamlar üýtgemän galypdyr we ýadro howpsuzlygy ýa-da howpsuzlyk meselesi ýok. Ýöne HAEA ekspertleri bu desganyň töwereginde uly zaýaçylygyň bolandygyny aýtdylar.

Häzir HAEA-nyň bu ýerde bolýan dört ýadro howpsuzlygy hünärmeni topa tutmalaryň ýetiren täsiri, zyýanyň derejesi barada ýolbaşçylara maglumat berdi diýip, ol aýtdy.

Grossi biraz öň ýurduň günorta-gündogarynda, Russiýanyň gözegçiliginde galýan ýadro elektrik stansiýasy nyşana alnanda, Ukrainanyň golaý gelen betbagtçylykdan halas bolandygyny aýtdy.

Ukrain we rus taraplary bu hüjümde bir-birini aýyplady.

“Rosatom” döwlet ýadro korporasiýasynyň başlygy Alekseý Lihaçýow 21-nji noýabrda zawodda ýadro heläkçiliginiň bolup biljekdigini duýduryp, "bütin gijäni" HAEA bilen gepleşip geçirendigini aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin oktýabr aýynda bu zawody ele geçirip, onuň ukrain işgärleriniň ählisini rus kärhanasyna geçirmegi buýraly bäri bu desga “Rosatom” gözegçilik edýär.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 21-nji noýabrda NATO-nyň Madridde geçirilen Parlament Assambleýasyna ýüzlenip eden wideo çykyşynda Günbatar harby bileleşiginiň agzalaryny Ukrainanyň ýadro desgalaryny goramaga çagyrdy.

"Biziň ýurtlarymyzyň ählisi biziň ýadro desgalarymyzda howply hadysalaryň bolmazlygy bilen gyzyklanýar” diýip, Zelenski aýtdy. "Biziň hemmämize Russiýanyň ýadro desgalaryndaky zyýankeşliginden kepillendirilen gorag gerek" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de Zelenski NATO ýurtlaryna we beýleki ýaranlara ýüzlenip, Russiýany terror döwleti diýip ykrar etmek barada ozal eden çagyryşyny gaýtalady, energiýa üpjünçiligi desgalarynyň topa tutulmagynyň “köpçülikleýin gyryş ýaragyny ulanmak bilen deňdigini” öňe sürdi.

Assambleýa tarapyndan kabul edilen karar NATO-nyň agzasy bolup durýan hökümetleriň ählisiniň “Russiýanyň häzirki režimindäki döwletiniň terrorçydygyny açyk aýtmagyna" çagyrýar.