Türkmenistanyň Mary welaýatynda geçen hepdäniň ahyrynda köçeler birkemsiz arassalandy, öçügsi binalar howul-hara reňklendi, ekerançylyk meýdanlary haşal otlardan arassalandy – resmiler awtoritar eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy dabaraly garşy aldy.
Garamtyl reňkli awtoulaglar göze ilmeli däl edildi, bu talaba boýun egmeýän adamlaryň ulaglary ýol gözegçiligi polisiýasy tarapyndan alnyp gidildi.
2007-nji ýyldan şu ýylyň martynda prezidentligi ogly Serdara geçirýänçä Türkmenistany demir penje bilen dolandyran herdemhyýal Berdimuhamedow ak reňkiň muşdagy bolup, arassaçylyga çenden aşa üns berýär.
65 ýaşly Berdimuhamedow 12-nji noýabrda ak reňkli we täp-täze awtoulagda Marynyň gowaça meýdanlaryna we bugdaý atyzlaryna baryp gördi. Ol parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy bolup, awtoritar ýurtda heniz hem ymgyr syýasy täsire eýe bolup durýar.
Şu hepde “Berdimuhamedowlaryň biriniň” möhüm saparynyň öň ýany, şuňa meňzeş arassaçylyk işleri müňlerçe adamyň gatnaşmagynda 14-nji noýabrda günbatar Balkan welaýatynda hem geçirildi diýip, ýerli çeşmeler aýtdy.
Sebitleriň liderleri ýurduň ýolbaşçylaryny haýran galdyrmaga hyjuwly bolsalar-da, köp sanly türkmen raýatlary muňa höwesek däl.
Marynyň käbir ýaşaýjylary Azatlyk Radiosyna şeýle saparlar üçin edilýän giň gerimli we çykdajyly taýýarlyklaryň garyplyga duçar bolan halka hoş ýakmaýandygyny gürrüň berdiler.
“Biz zordan gün görýäris, bu zatlar gereksiz ýük” diýip, bir ýerli erkek adam aýtdy. “[Elhenç ykdysady şertlere] garamazdan, biz heniz hem Berdimuhamedowlardan dynyp bilmedik”
Ol atlandyrylmazlyk şerti bilen gürrüňdeş boldy, sebäbi berk gözegçilikli döwlet häkimiýetleriň tankyt edilmegine çydamaýar.
Bu merkezi aziýa ýurdy tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar, muňa garamazdan, maliýe krizisinden we azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär.
Ýöne resmiler prezident ýa-da onuň kakasy sebitlere sapar edenlerinde ýa-da ýygnaklara gatnaşanlarynda hyýaly bolçulyk döretmek üçin diş-dyrnak bolup, tagalla edýärler.
Resmiler müňlerçe adamy mobilizläp, olary köçeleri süpürmek, köne binalary reňklemek, guran agaçlary aýryp, täze bag nahallaryny oturtmak işlerine çekýärler. Ýene ýüzlerçe adam, şol sanda çagalar we uly ýaşly adamlar dürli dabaralarda möhüm myhmanlary garşy almak üçin milli lybaslaryny geýmeli bolýarlar.
Şu hepde Balkan welaýatynda esasan býujet işgärlerinden ybarat 2500 töweregi adam Türkmenbaşy port şäherini öňümizdäki sapara taýýarlamak üçin öz işlerinden alyndy diýip, çeşmeler aýtdy.
Şeýle saparlaryň dowamynda kiçi bazarlar, gök-bakja we miwe tekjeleri hem-de beýleki söwda nokatlary howpsuzlyk sebäpli ýa-da göze ýakymlylyk döretmek üçin köplenç ýapylmaly edilýärler. Käbir türkmenler prezidentiň sapary wagtynda öz ýaşaýan şäherçelerinde durmuşyň wagtlaýyn “togtaýandygyny” aýdýarlar.
Uly Berdimuhamedowyň soňky saparynyň öňüsyrasynda Maryda hatda oba hojalyk ýerleri haşal otlardan arassalandy, ekerançylyk meýdanlarynyň arasyndaky geçelgeler zir-zibilden arassalandy we syryp-süpürildi.
Ýerli häkimlige ýakyn çeşmeler Azatlyk Radiosyna häkimiýetleriň Berdimuhamedow ekerançylyk ýerlerini dikuçardan göräýse, olaryň tämiz görünmegini üpjün etmek isländiklerini gürrüň berdiler.
Saparyň öň ýany, käbir ýaşaýyş jaýlarynyň köne üçekleri ýaşyl reňke boýaldy.
Welaýat ýaşaýjylaryna we kafeleriň eýelerine öňki lider şäherden gidýänçä ot ýakyp, tüsse çykarmazlyk berk tabşyryldy. Köp sanly oba ýaşaýjylary öýlerini ýylatmak üçin odun ýakmaly bolýar, ýöne adamlaryň buýruklara eýermeklerini üpjün etmek üçin howpsuzlyk gulluklary ýerleşdirildi.
Gizlin saklandy
Resmi çeşmeler iň soňky güne çenli Mary ýaşaýjylaryna, hatda resmileriň hem köpüsine, haýsy Berdimuhamedowyň, oglunyňmy ýa-da kakasynyň, sapara gelýändiginiň aýdylmandygyny gürrüň berdiler. Syrly döwlet adatça ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň saparlarynyň ugruny we senesini gizlin tutýar.
"Häzir anyk kimiň we haçan geljekdigi belli däl. Biziň bar bilýän zadymyz, Berdimuhamedowlaryň biriniň zawodyň düýbüni tutmana gelýändigini aýdylýar” diýip, saparyň öň ýany bir çeşme gürrüň berdi.
Ertesi güni, döwlet telewideniýesi daýhanlar bilen gürleşýän ýaşuly Berdimuhamedowy görkezdi. Ol geýnüwli daýhan bilen gürleşýär, ählisi bir gyldan garamtyl palto we gara beýzbol kepkalaryny geýnen birnäçe resmi gapdalda durup, bir reňkli ýaşyl depderçelerine bellik edýärler.
Döwlet mediasy Berdimuhamedowyň saparynyň iň üstünlikli daýhanlar bilen duşuşyp, olara Hasyl toýy mynasybetli prezident oglunyň adyndan sowgatlary gowşurmagy maksat edinýändigini aýtdy. Bu waka mynasybetli ýurt boýunça ýygnanyşyklar, azyk ýarmarkalary, segiler we konsertler geçirildi.
Öňki prezident ýurduň sebitlerine resmi saparlary amala aşyrmagy dowam etdirýär. Ol iýun aýynda Lebap welaýatyna sapar etdi we birmeňzeş dabara bilen garşy alyndy.
Berdimuhamedowyň Mary sebitine amala aşyran sapary onuň sentýabr aýyndan bäri bu sebite amala aşyrýan ikinji sapary bolup durýar. Bu sapar onuň Türki Döwletler Guramasynyň sammitine gatnaşmagyndan bir gün soň amala aşyryldy. Sammitde beýleki ýurtlaryň tas ählisine prezidentler tarapyndan wekilçilik edilendigine garamazdan, Serdar Berdimuhamedow, prezident Serdar Berdimuhamedow, ýygnaga gatnaşmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.