TH: Ene-atalara çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy, okuwçylaryň telefonlary barlandy

Illýustrasiýa suraty

Içeri işler ministrliginiň (IIM) işgärleri Aşgabadyň käbir mekdeplerinde okuwçylaryň ene-atalary we mugallymlar bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda mekdep okuwçylarynyň terbiýesi, özüni alyp barşy barada gürrüň edildi. Mekdeplere baran polisiýa işgärleri duýdansyz käbir okuwçylaryň mobil telefonlaryny hem barladylar. Bu barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 16-njy noýabrda habar berdi.

"Duşuşyklar geçen hepde geçirilip başlandy. Şeýle duşuşyklar 14-nji noýabrda 52-nji we 56-njy mekdeplerde geçirildi. Polisiýa işgärleri köp okuwçynyň çilim çekmeginden nägile boldular. Olar mekdep okuwçylarynyň, şol sanda gyzlaryň kafelerde we restoranlarda kalýan çekýändigini aýtdylar. Okuwçylaryň köpüsiniň özlerini ahlaksyz alyp barýandygy, jynsy gatnaşykda bolýandygy, köp mekdeplerde göwreli okuwçy gyzlaryň bardygy hem aýdyldy" diýip, garaşsyz neşir belleýär.

Degişli maglumat Maryda okuwçylaryň ene-atalaryna öz çagalaryna gözegçiligi artdyrmak tabşyrylýar

Munuň bilen baglylykda, resmiler ene-atalardan çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmegi we olaryň terbiýesine has köp üns bermegi soradylar. Mugallymlardan bolsa, esasy ünsi okuwçylara bilim bermäge däl-de, olaryň tertip-düzgünine gönükdirmek talap edildi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň IIM-den, agzalan mekdeplerden kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda häkimiýetler okuwçylaryň "ahlak terbiýesine" gözegçiligi güýçlendirdiler. Munuň çäginde okuwçylaryň ahlak häsiýetine bagyşlanan ýygnaklar tutuş ýurt boýunça yzygiderli geçirilýär. Duşuşygy gurnaýjylar okuwçy gyzlaryň arasynda ten söwdasy bilen meşgullanýanlaryň we göwreli bolýanlaryň bardygyny aýdyp, okuwçylara "ahlakly bolmagy" berk tabşyrýarlar.

Şeýle ýygnaklaryň biri oktýabryň ortalarynda Mary welaýatynyň Mary şäheriniň mekdeplerinde geçirilipdi. Şonda Azatlygyň habarçysy okuwçylaryň ene-atalaryna öz çagalaryna gözegçiligi artdyrmagyň berk tabşyrylandygyny aýdypdy.

Garaşsyz neşir Aşgabadyň mekdeplerine baran IIM-niň işgärleriniň käbir okuwçylaryň mobil telefonlaryny duýdansyz barlandygyny hem habar berýär. Polisiýa işgärleri okuwçylaryň haýsy websaýtlara girýändigini hem barladylar.

Degişli maglumat Balkanda VPN-e garşy göreş güýçlendi

Türkmenistanda raýatlaryň Internet ulgamyny berk çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri okuwçylaryň telefonlaryna gözegçilik edip, olary yzygiderli barlaýarlar. Häkimiýetler bu barlaglary-da ahlak aladalary bilen düşündirmäge synanyşýarlar. Şeýle barlaglaryň biri sentýabrda Aşgabadyň, Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynyň mekdeplerinde geçirilipdi.

Nobatdaky barlaglar, Balkanda VPN ulgamlaryndan peýdalanýan raýatlara gözegçiligiň güýçlendirilen mahalyna gabat geldi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri gürrüňi edilýän ýygnaklar hem-de barlaglar barada aç-açan maglumat bermeýärler.

Degişli maglumat Häkimiýetler mekdep okuwçylarynyň telefonlaryny barlaýar, ene-atalara duýduryş berýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.