Türkmenistan dabaraly çäreleriň sermaýa çekmek maksadyndan ugur alýandygyny aýdýar

Türkmenistan sebitde we dünýäde gymmat bahaly heýklleri, dabaraly çäreleri bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň prezidenti geljek ýylda geçiriljek çäreleriň sanawyny tassyklaýan karara gol çekdi.

Bu karar esasynda 2023-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawy we bu çäreleri gurnajak guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy diýip, TDH habar berýär.

Ýöne habarda geçiriljek çäreleriň sany, olaryň geçen ýyldakydan köp ýa az boljakdygy aýdylmaýar. Şeýle-de, bu çäreler üçin çykaryljak harajatlar, olara näçe adamyň mejbury-meýletinlik esasynda çekiljekdigi agzalmaýar.

Adatça bolşy ýaly, bu gezegem ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Kararda düşündirilmegine görä, Türkmenistanda ençeme ýyldan bäri mümkin boldugyça köp adamyň gatnaşdyrylmagynda, uludan guralýan dabaly çäreler ýurtda “amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak” maksadyndan ugur alýar.

Şeýle-de, habarda nygtalmagyna görä, bu çäreler daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagy we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmegi maksat edinýär.

Türkmenistan soňky ýyllarda barha köp daşary ýurt maýasyny gözleýär we hökümet mejlislerinde geçirilýän çäreler, ýygnaklar, onlaýn duşuşyklary, iş saparlary, olaryň sany we guramaçylygy barada dowamly hasabat berilýär, emma bu tagallalaryň maýa çekmäge nähili kömek edendigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Degişli maglumat Soňsuz maýa gözlegi. Analitik Aşgabadyň has kän garaşly bolmak ähtimallygyny duýdurýar